Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BSG: Ýewropada koronawirusyň ýaýramak geriminiň gaýtadan artmak töwekgelçiligi 'hakykata öwrüldi'


Illýustrasiýa suraty

Bütindünýä saglyk guramasynyň (BSG) habaryna görä, Ýewropada soňky aýlaryň dowamynda ilkinji gezek koronawirus ýokuşan adamlaryň hepdelik sany köpeldi.

11 yurtda "çaltlaşdyrylan geçiş ep-esli uly göwrümde gaýtadan galkynyşa sebäp boldy, muňa gözegçilik edilmese, bu Ýewropada saglyk pudagyny ýene bir gezek howp astyna salar" diýip, BSG-niň Ýewropa boýunça sebit direktory Hans Kluge 25-nji iýunda aýtdy.

Ýewropa sebitinde jemi 2,6 million adam koronawirus bilen keselledi we bu wirusdan 195 müň adam öldi.

Bu san dünýäde koronawirus ýokuşan adamlaryň dörtden bir bölegini we bu wirusdan ölenleriň 40 göterimini emele getirýär. Häzire çenli dünýäde COVID-19 keselinden 485 müň adam öldi.

BSG-niň Ýewropa sebiti her gün 20 müň töweregi täze näsagy we 700-den gowrak täze ölümi hasaba almagy dowam etdirýär.

Kluge, ýurtlaryň çäklendirme çärelerini ýeňilleşdirýän mahaly, wirusyň ýaýramak geriminiň gaýtadan artmak töwekgelçiligi baradaky duýduryşlarynyň “indi hakykata öwrülendigini” aýtdy.

"Soňky iki hepdäniň içinde 30 ýurtda/sebitde täze kesellän adamlaryň sany köpeldi" diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.

Çalt ýaýrama bilen ýüzbe-ýüz bolýan 11 ýurduň hatarynda Ermenistan, Şwesiýa, Moldowa, Demirgazyk Makedoniýa, Azerbaýjan, Gazagystan, Albaniýa, Bosniýa-Gersegowina, Gyrgyzystan, Ukraina we Kosowa bar.

Kluge soňky birnäçe hepdäniň dowamynda Polşa, Germaniýa, Ispaniýa we Ysraýyl ýaly ýurtlaryň wirusyň howply ýaýramagyna tiz gaýtawul berendigini hem aýtdy.

Onuň sözüne görä, sebitdäki saglygy goraýyş ministrleri has köp adamyň fiziki aralygy saklamak we ýüz maskalaryny geýmek düzgünlerini berjaý etmek arkaly, özlerini alyp barşyny üýtgedýändigini hem habar berdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG