Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan pnewmoniýanyň möwç alýan döwründe täze karantin zolaklaryny döredýär, ilat lukmanlara ýüz tutmakdan howatyr edýär


Türkmenistanyň döwlet telewideniýesiniň gepleşiginden pursat, 20-nji iýun  
Türkmenistanyň döwlet telewideniýesiniň gepleşiginden pursat, 20-nji iýun  

Türkmenistan COVID-19 keseliniň bolmagy güman edilýän hassalar üçin täze karantin zolaklaryny döredýär. Häkimiýetler alyp barýan bu işleri barada halka habar bermeýär, ýurtda keseliň ýokdugyny yglan edýär we BSG bilen gepleşik geçirýär, şol wagtda-da ilat medisina kömegini sorap keselhanalara ýüz tutmakdan gorkýar.

Koronawirusyň ýokaşan bolmagy güman edilýän hassalar üçin ýene bir karantin zolagy, ýurduň günortasynda, Mary welaýatynda döredildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary aýdýarlar.

"Maryda Sakarçag etrabyndaky ýokanç keseller keselhanasynda karantin zolagyny döretdiler. Keselhana hiç kim goýberilmeýär. Lukmanlar aladalanýarlar. Sebäbi taýýrlyk gowşak" - diýip, Azatlyk Radiosynyň Baýramalydaky habarçysy 26-njy iýunda habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary mundan ozal Aşgabat, Daşoguz we Lebap karantin zolaklaryndaky ýagdaý barada habar berdiler.

Lebap welaýatyndaky habarçylarymyz, 24-nji iýunda Moskwada geçirilen harby parada gatnaşyp, gaýdyp gelen onlarça türkmen harbysynyň häzirki wagtda Türkmenabadyň keselhanalarynda karantinde saklanýandygyny habar beripdi.

26-njy iýunda Azatlygyň çeşmeleri Moskwada bolup gaýdan 25 ofiseriň Türkmenabadyň ýokanç keseller hassahanasyna we ýene birnäçe esgeriň Türkmenabat şäher hassahanasyna ýerleşdirilendigini anyklady.

Azatlygyň çeşmeleri goranmak ministri Begenç Gundogdýewiň hem Türkmenabatda karantindedigini aýdýarlar, ýöne onuň ýerleşýän ýerini anyklap bolmady.

Türkmenistanda COVID-19 simptomly ýiti pnewmoniýa möwç alýar. Hususan-da, paýtagtyň hassahanalarynda hassalar köp bolup, olaryň arasynda saglyk işgärleri-de bar. Paýtagtyň keselhanalaryndaky bölümler, döwlet edaralary we gurluşyk ýerleri karantine ýapylýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna we çeşmelerine görä, bu ýagdaý COVID-19 bilen kesellänleriň anyklanmagy bilen baglanyşykly.

Soňky günlerde paýtagtyň we welaýatlaryň saglygy saklaýyş edaralarynda dezinfeksiýa çäreleri güýçlendirilip, işgärler üçin maska, ellik we gorag geýimlerini geýmek talaby girizildi.

Aşgabadyň keselhanasy
Aşgabadyň keselhanasy

"Iş jaýynda lukmanlar we şepagat uýalary maska geýip bilýärler, emma daşarda ýok. Poliklinikalaryň girelgesinde barýanlaryň gyzgynyny barlaýarlar, ellerine dezinfeksiýa sepýarler, meselem №1, 8, 9, 15-nji poliklinikalarda, Änewde ýok" - diýip. Aşgabatdaky habarçymyz 26-njy iýunda aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, onuň sözlerine görä, keselhanalaryň we mekdepleriň administrasiýasyna öz tanyşlaryny "koronawirus ýok bizde, diňe pnewmoniýa bar" diýip, ynandyrmak üçin buýruk berilpdir.

Şeýle-de, häzirki wagtda ilatyň arasynda medisina kömegini sorap, keselhanalara ýüz tutmakdan ätiýaç etmek duýgulary artýar.

Aşgabadyň keselhanalarynda ýerleşdirilen bildiriş
Aşgabadyň keselhanalarynda ýerleşdirilen bildiriş

Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylaryndan biri: "Adamlar barlag üçin hassahana gitmekden gorkýarlar. Bir adamda ýönekeý sowuklama bar bolsa-da, hassahana salýarlar" diýdi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda COVID-19 keseliniň ýüze çykan hadysalarynyň ýokdugyny öňe sürýärler, ýöne bu keseli anyklamak boýunça geçirilýän işler barada anyk maglumat bermeýärler, şeýle-de ilatyň saglyk ýagdaýy boýunça umumy statistikany çap etmeýärler. Döwlet habar beriş serişdeleri koronawirus we global pandemiýa temasyny düýpden gozgamaýar.

Bu ýagdaýda BSG-niň halkara bilermenleriniň garaşylýan sapary Türkmenistanda COVID-19 keseliniň hakyky ýagdaýyny belki aýdyňlaşdyrar diýlip garaşylýar.

25-nji iýunda Azatlyk Radiosyna Bütindünýä saglyk guramasynyň hünärmenleriniň Türkmenistana saparynyň makullanandygy mälim boldy. Bu barada Azatlyga BSG-niň Ýewropadaky regional býurosynyň metbugat gullugynda habar berildi.

“Bu missiýa tassyklandy we BSG bilen türkmen hökümeti soňky hepdelerde ýurda barylmagy üçin maddy-tehniki kynçylyklary ýeňip geçmek meseleleriniň üstünde işledi” diýip, Saglyk guramasynyň wekili aýtdy.

BSG-niň COVID-19 boýunça bilermenler missiýasynyň Türkmenistana saparyna aprel aýynyň ahyrynda garaşylýardy. Bütindünýä saglyk guramasynyň Ýewropa býurosynyň başlygy missiýanyň sapar etmek planyny 23-nji aprelde yglan edipdi, şondan bäri bu gurama ýurda baryp görmek üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylary bilen yzygiderli gepleşik geçirdi. Iki aýyň içinde taraplar "saparyň logistikasy" bilen baglanyşykly meseleleri maslahat etdiler.

BSG-niň Ýewropadaky býurosynynda Türkmenistana planlaşdyrylýan saparyň senesi barada kesgitli maglumat berip bilmediler.

19-njy iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow BSG-niň Türkmenistana gelmeginiň iýul aýynyň başynda garaşylýandygyny mälim etdi we ýurduň häkimiýetleriniň "BSG-niň bilermenler toparynyň ýakyn wagtda boljak saparyna taýýarlyga aýratyn üns berýändigini" aýtdy.

Bu aralykda TDH gullugynyň 26 iýunda bap eden maglumatyna görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow COVID-19 keseliniň ýurduň ykdysadyýetine ýaramaz täsirini azaltmak barada Ylym we bilim, saglyk we sport ministrleriniň orunbasary Purli Agamyradow we Ykdysadyýet hem maliýe ministriniň orunbasary Gadyrgeldy Muşşikow bilen duşuşyk geçiripdir.

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, ilatyň lukmanlara ýüz tutmak islegsizligi medisina hyzmatlarynyň pes derejesi bilen hem baglanyşykly.

"Analizleri hem geçirip bilmeýärler. Mysal üçin, ýaňy-ýakynda bir dostum iki hassahanada gan synagyndan geçdi, ýöne netijeleri dürli bolup çykdy. Olar hatda onuň ganynyň gruppasyny anyklap bilmediler" - diýip, habarçymyz aýtdy.

Azatlygyň habarçysynyň bellemegine görä, ýurduň hassahanalarynda näsaglaryň ýagdaýyna däl-de, kagylary doldurmak işlerine aşa köp ähmiýet berilýär: "Keselhanada barlag geçirilende diňe resminamalar barlanýar. Hatda bir adam hassahana gelende-de ilki bilen maglumatlary ýazga alýarlar, soňra bolsa elini dezinfeksiýa edýärler, gyzgynyny barlaýarlar. Agşam altydan soň hassahana ýüz tutan adamlaryň sanyny hasaplaýarlar, şeýle hem kassada näçe adamyň töleg edendigini deňeşdirýärler".

Bellemeli ýeri, Türkmenistanda kesel derejesini görkezýän statistika köpçüligiň dykgatyna ýetirilmeýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG