Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Eýran bilen aradaky gaz dawasy boýunça Halkara Arbitraž sudunda ‘ýeňiş gazandy’


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýranyň öňki prezidenti Mahmut Ahmedinejat (sagda) iki ýurduň arasyndaky soňky gaz geçirijini işe girizmek dabarasyna gatnaşýar. 6-njy ýanwar, 2010-njy ýyl. Arhiwden alnan surat.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýranyň öňki prezidenti Mahmut Ahmedinejat (sagda) iki ýurduň arasyndaky soňky gaz geçirijini işe girizmek dabarasyna gatnaşýar. 6-njy ýanwar, 2010-njy ýyl. Arhiwden alnan surat.

Türkmen-eýran gaz dawasynda Halkara Arbitraž sudy Türkmenistanyň peýdasyna karar çykardy.

Halkara Arbitraž sudunyň çykaran kararyna görä, Eýran 2007-2013-nji ýyllar aralygynda Türkmenistandan satyn alan gazy üçin Aşgabada 2 milliard dollar möçberinde pul tölemäge höküm edildi. Bu barada “Financial Tribune” neşiri habar berýär.

Ýöne eýran metbugatynda suduň çykaran hökümi bilen bagly gapma-garşy habarlar bar.

29-njy iýunda Eýranyň Nebit ministrligi beýanat çap edip, düýbi Şweýsariýada ýerleşýän Halkara Arbitraž sudunyň türkmen-eýran gaz dawasy boýunça 24-nji iýunda höküm çykarandygyny mälim etdi.

Şeýle-de, beýanatda suduň kararynyň taraplaryň razyçylygy bolmazdan birtaraplaýyn äşgär edilmegine rugsat berilmeýändigi aýdylýar.

29-njy iýunda Eýranyň döwlet eýeçiligindäki “Press TV” neşiri Halkara Arbitražyň Tährany “Türkmengaza” jerime tölemäge höküm edendigi barada çykan habarlary eýran häkimiýetleriniň ret edýändigini habar berdi.

Eýranyň Nebit ministrligi duşenbe güni çap eden beýanatynda bu iş boýunça taraplaryň hiç haýsynyň ýeňiş gazanmandygyny öňe sürdi.

Türkmenistanyň energiýa resmileri Halkara Arbitraž sudunyň Türkmenistanyň peýdasyna çykaran kararyny teswirlemeýär.

30-njy iýunda Azatlyk Radiosy türkmen-eýran gaz dawasynyň netijeleri boýunça, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Eýran gullugynyň, Radio Fardanyň direktory Nýuşa bilen söhbetdeş boldy:

“Bu barada bizde o diýen jikme-jik maglumat ýok. Sebäbi, Eýranyň media serişdeleriniň ýaýradýan maglumatlary biraz gapma-garşy. Eýran hökümetiniň eýeçiligindäki resmi IRNA habar agentligi Halkara Arbitraž sudunyň Eýrany Türkmenistana 2 milliard dollar möçberinde töleg tölemäge höküm edendigini aýdýar. Bu töleg Eýranyň 2007-2013-nji ýyllar aralygynda Türkmenistandan satyn alan gazynyň tölegini öz içine alýar” diýip, ol aýtdy.

Ýöne Eýranyň Türkmenistana tölemeli töleginiň jerimedigi ýa-da däldigi, şeýle-de onuň mukdary boýunça biri-birine çapraz gelýän maglumatlar bar:

“IRNA-nyň habaryndan bir gün soň, [duşenbe] güni Eýranyň ýarym resmi “Jawon” neşiri bu mukdaryň 2013-nji ýyla çenli iberilen gaz üçin 500-600 million dollar möçberindedigini habar berýär” diýip, Radio Fardanyň direktory aýtdy.

“Ýöne bu mesele boýunça eýranly çeşmeleriň berýän bir maglumaty bar, ýagny Halkara arbitraž sudy bu iş boýunça höküm çykardy we Eýran bu dawada utuldy” diýip, Nýuşa sözüne goşdy.

Eýranyň Nebit ministrliginiň soňky beýanatynda Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň taraplaryň arasyndaky gaz dawasyny gepleşik arkaly çözmek boýunça tagalla edendigi, ýöne bu tagallalara garamazdan, “Türkmengazyň” halkara arbitraža ýüz tutmak kararyna gelendigi mälim edilýär.

Türkmenistan 1997-2017-nji ýyllar aralygynda Eýrana gaz iberdi. Ýöne taraplaryň arasyndaky oňşuksyzlygyň netijesinde Türkmenistan 2017-nji ýylyň ýanwarynda Eýrana iberýän gazyny kesdi.

2017-nji ýylyň dekabrynda “Türkmengaz” “gaz dawasy boýunça Eýranyň halkara arbitraža ýüz tutmagy teklip edýändigini” aýtdy.

2019-njy ýylyň iýulynda Eýranyň metbugaty Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky gaz söwdasy bilen bagly halkara kazyýet işiniň birinji tapgyrynyň Eýranyň peýdasyna netijelenendigini habar beripdi.

Ýöne kazyýetiň ahyrky karary, görnüşinden, Türkmenistanyň bähbidine tamamlandy.

Indi agzalýan tölegi Eýranyň haçan we nähili şertlerde Türkmenistana tölejekdigi, türkmen häkimiýetleriniň Eýrandan geljek 2 milliard dollary halkyň haýsy bähbidine sarp etjekdigi nämälim galýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG