Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranly çeşme Halkara Arbitraž sudunda açylan işde Eýranyň Türkmenistandan öňde barýandygyny aýdýar


Illýustrasiýa suraty.

Eýranyň metbugaty Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda dowam edýän gaz söwdasy bilen bagly halkara kazyýet işiniň birinji tapgyrynyň Eýranyň peýdasyna netijelenendigini habar berýär.

“Habarly çeşme Eýranyň 2007-nji ýylda Türkmenistandan alan gazynyň hili we bahasy boýunça Halkara arbitraž sudunda dowam edýän sud işiniň birinji tapgyrynda ýeňiş gazanandygyny aýdýar” diýip, Eýranyň “Fars” habar agentligi 30-njy iýulda habar berdi.

“Kazyýetiň çykaran kararyna laýyklykda, Türkmenistan Eýrana iberýän gazyny gyşda duýdansyz keseni üçin kompensasiýa tölemeli” diýip, Eýranyň Nebit ministrligindäki habarly çeşme duşenbe güni eýran metbugatyna gürrüň beripdir.

Azatlyk Radiosy bu mesele boýunça Türkmenistanyň energiýa resmilerinden kommentariýa alyp bilmedi.

Nämeler bolupdy?

Ýatlasak, 2018-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanyň “Türkmengaz” kompaniýasy degişli meseläni çözmek boýunça iki ýurduň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesiz bolandygyny aýdyp, Eýranyň milli gaz kompaniýasyny Halkara arbitraž suduna berdi.

Munuň yzýany, şol ýylyň oktýabr aýynda Eýranyň milli gaz kompaniýasy hem Halkara arbitraž suduna “Türkmengazyň” üstünden şikaýat bilen arz etdi.

Iki ýurduň nebit-gaz pudagynyň resmileri taraplaryň arasynda 2007-2008-nji ýyllaryň gyşynda edilen gaz söwdasy bilen bagly meseläni gepleşik arkaly çözmäge synanyşsa-da bu netijesiz boldy. 2017-nji ýylyň 1-ji ýanwarynda Türkmenistan Eýrana gaz ibermegi bes etdi. Bu iki ýurduň energiýa resmileriniň yzly-yzyna geçiren duşuşyklarynyň yzýanyna gabat gelipdi.

Arz edilen meseleler

Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hamid Reza Araki 2017-nji ýylyň maý aýynda eden çykyşynda Eýranyň esasy 3 mesele boýunça Türkmenistany Halkara arbitraž suduna berjekdigini aýdypdy. Olar şulardy:

  • Gazyň bahasy
  • Gazyň gyşda birden kesilmegi bilen onuň Eýrana ýetiren täsiri
  • Türkmen gazynyň hili

Eýran resmileri Türkmenistanyň 2007-2008-nji ýylyň gyşynda ozal 1000 kub metriniň 40 dollarlyk bahasynyň birden dokuz esse artdyrylyp 360 dollara çykarylandygyny aýtdy.

Öz gezeginde türkmen resmileri Eýranyň Türkmenistandan alan gazy üçin, dürli maglumatlara görä 1.5-2 milliard aralygynda bergisiniň bardygyny aýtdy.

“Fars” habar agentliginiň maglumatyna görä, metbugatda çykyş eden “ýagdaýdan habarly eýranly çeşme” Eýranyň Türkmenistanyň 2007-nji ýylyň gyşynda gazy kesmäge doly hakly bolmandygyny görkezýän agramly delil hödürländigini aýdypdyr.

“Indi, Türkmenistan Eýrana kompensasiýa tölemeli” diýip, çeşmäniň sözi eýran metbugatynda sitirlendi.

Gaza baýa Türkmenistan häzirki wagtda diňe Hytaýa we Russiýa gaz eksport edip bilýär. 2016-njy ýyldan bäri 3 ýyla çeken arakesmeden soň Russiýa Türkmenistan bilen aradaky gaz söwdasyny aprel aýynda täzeden dikeldipdi.

Beýleki tarapdan, türkmen hökümetiniň mahabatlandyrýan iri transmilli taslamalarynyň biri bolan, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçiriji taslamasy bilen bagly hem täzelikler bolup geçýär. Pakistanyň “The News” neşiri 27-nji iýulda çap eden habarynda, 8 milliardlyk TOPH taslamasynyň durnuksyz Owganystanyň çäginden geçýändigine indi Yslamabadyň töwekgelçilikli çemeleşýändigini habar berdi.

Energiýa resurslaryna baý Türkmenistan Russiýa, eýran ýaly iri energiýa müşderilerini ýitirenden soň soňky üç ýyla golaý wagt bäri ykdysady kynçylyklary başdan geçirip geldi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG