Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň senatorlary Merkezi Aziýa döwletleriniň prezidentlerine hat iberip, adalatsyz tussag edilen bendileri boşatmaga çagyrdy


Ömruzak Omarkulyýew
Ömruzak Omarkulyýew

Birleşen Ştatlaryň senatorlarynyň iki partiýaly topary Merkezi Aziýa döwletleriniň prezidentlerine ýörite hat ýollap, COVID-19 keseliniň ýokary töwekgelçilikli döwründe adalatsyz tussag edilen bendileri boşatmaga çagyryş etdi.

Birleşen Ştatlaryň Senatynyň Daşary gatnaşyklar komitetiniň websaýtynda 30-njy iýunda çap edilen habarda hatlaryň 29-njy iýunda türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa, gazak prezidenti Kassym-Jomart Tokaýewe, täjik prezidenti Emomali Rahmona we özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýewe iberilendigi aýdylyar.

"Hormatly Prezident Berdimuhamedow, biz öz pikirlerini parahatçylykly beýan edendikleri üçin häzirki wagtda tussaglykda saklanýan bendileri, şol sanda talyp toparlarynyň agzalaryny, aktiwistleri we adam hukuklaryny gorap çykyş edýänleri boşatmagyňyzy soraýarys" diýlip, prezident Berdimuhamedowa ýollanan hatda aýdylýar.

Şeýle-de, onda adamlar ýygnanyşmak, birleşmek we söz azatlygy hukuklaryny ulanandyklary üçin hiç haçan türmä basylmaly däldir diýlip, amerikan senatorlary Berdimuhamedowy "bu kanuny hereketler üçin häzir tussaglykda saklanýan türkmen raýatlaryny deslapky şertsiz boşatmaga çagyrýarlar".

12 amerikan senatory tarapyndan gol goýlan hatda parahatçylykly hereketler üçin tussag edilenleriň hemmesiniň ykbalyna üns çekilse-de, onda üç tussagyň atlary aýratyn bellenilip geçilýär.

Olar Ömruzak Omarkulyýew, Gulgeldi Annanyýazow we Mansur Mingelow dagy bolup, olaryň türkmen häkimiýetleri tarapyndan degişlilikde 2018, 2008 we 2012-nji ýyllarda tussag edilendigi habar berlipdi.

"Türkiýede okaýarka türkmen talyplar toparyny döreden Türkmenistanyň raýaty Ömruzak Omarkulyýewiň 2018-nji ýylda tussag edilendigine we, tassyklanmadyk habarlara görä, näbelli aýyplamalar bilen 20 ýyl azatlykdan mahrum edilendigine düşünýäris. 2019-njy ýylyň sentýabrynda jenap Omarkulyýewiň hökmany iki ýyllyk harby gullugyny ýerine ýetirýändigini öňe sürýän wideony gözden geçirdik, ýöne munuň hakykatdanam şeýledigini ýa-da däldigini tassykladyp bilmedik" diýlip, hatda bellenilýär.

Şeýle-de, hatda 2008-nji ýylda Norwegiýadan gaýdyp geleninden soň tussag edilip, 11 ýyl azatlykdan mahrum edilen Gulgeldi Annanyýazowyň tussaglyk möhleti tamamlanandan soň, ýene bäş ýyl möhlet bilen çet künjege içerki sürgüne iberilendigine üns çekilýär.

Hatda ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň Omarkulyýewiň we Annanyýazowyň işlerini Türkmenistan baradaky Adam hukuklary hasabatynyň syýasy bendiler we tussaglar bilen baglanyşykly bölümine goşandygy hem ýatladylyp, olaryň dessine azatlyga goýberilmegine çagyryş edilýär.

Amerikan senatorlary 2012-nji ýylda tussag edilen Mansur Mingelowyň hem 22 ýyl türme tussaglyk möhletini berjaý edýändigini aýdýarlar. Olar "Amnesty International" guramasyna salgylanyp, Mingelowayň ýaňy-ýakynda inçekeselden ejir çekendigine we bu ýagdaýyň ony COVID-19 garşy has ejiz edip biljekdigine ünsi çekip, onuň dessine boşadylmagyna çagyrýarlar.

"Bu adamlary işleriniň mazmuny boýunça boşatmaga çagyrýarys, emma şu günki gün saglyk we ynsanperwer ýagdaýlar sebäpli aýratyn tiz hereket etmäge hem çagyrýarys. Ahli ýurtlar we raýatlar COVID-19 global pandemiýanyň täsirine düşen mahaly, ýapyk ýaşaýyş şertleri göz öňünde tutulanda, tussaglara abanýan howpuň gerimi has-da uludyr" diýlip, hatda Berdimuhamedowa bu ýagdaýlar boýunça tiz çäre görmäge çagyryş edilýär.

Amerikan senatorlarynyň Merkezi Aziýanyň dört döwlet baştutanyna ýollan hatlarynda başga-da ýedi tussagyň, şol sanda iki gazak, bir gyrgyz, iki täjik we iki özbek bendisiniň boşadylmagyna çagyryş edilýär.

Hata senatorlar Bob Mendez, Mitt Romney, Dick Durbin, Thom Tillis, Richard Blumenthal, Roger Wicker, Bob Casey Jr., Kirsten Gillibrand, Sherrod Brown, Patrick Leahy, Ben Cardin we Chris Van Hollen dagy gol goýdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG