Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen, azeri we owgan liderleri "Lapis Lazuli" taslamasyny maslahatlaşdy


" Lapis Lazuli" taslamsyna gatnaşýan ýurtlaryň baýdaklary
" Lapis Lazuli" taslamsyna gatnaşýan ýurtlaryň baýdaklary

2-nji iýulda Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň prezidentleriniň arasynda wideomaslahat görnüşinde üç taraplaýyn duşuşyk geçirildi diýip, TDH habar berýär.

"Lapis Lazuli" halkara üstaşyr-ulag geçelgesiniň bilelikdäki taslamasyny amala aşyrmak baradaky mesele ýokary derejedäki iş maslahatynyň gün tertibine çykaryldy.

Neşir Owganystan, Türkmenistan, Azerbaýjan, Gürjüstan, Türkiýe («Lapis Lazuli») ugry boýunça täze ulag geçelgesini döretmek taslamasynyň strategik taýdan möhüm taslamalaryň biridigini belleýär.

Wideomaslahatyň barşynda Owganystanyň prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň ösüşe hyzmat etjekdigini belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow bu taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda täze telekommunikasion üstaşyr geçiriş ýoluny döretmäge mümkinçilik berjekdigini belläp, hyzmatdaşlygyň çeýe üç taraplaýyn görnüşini emele getirmek arkaly goňşy döwletleriň tagallalaryny birleşdirmegi teklip etdi.

XS
SM
MD
LG