Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýrandaky protestleriň fonunda Lebapda Internetiň hili ep-esli peseldi


Internet kafede oturan ýaşlar (Illýustrasiýa suraty)
Internet kafede oturan ýaşlar (Illýustrasiýa suraty)

Lebap welaýatynda ilatyň Internet üpjünçiligi ýaramazlaşyp, onuň tizligi ep-esli peseldi. Ozal elýeterli bolan VPN serwerleri hem işlemegini bes etdi. Döwlet edaralaryndaky çeşmelerimiz Eýrandaky köpçülikleýin protestleriň fonunda, häzirki çäklendirmeleriň ýurduň Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM) görkezmesi bilen amal edilýändigini aýdýarlar. Häkimiýetler bu barada aç-açan resmi düşündiriş bermeýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 19-njy ýanwarda sebitden maglumat berdi.

“Programmalar öň hem kyn açylýardy, ýöne indi ýagdaý has-da agyrlaşdy. WhatsApp-da hat ibermek üçin birnäçe minut garaşmaly. VPN-i açsaň, Internet düýbünden ‘ölýär’” diýip, Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Ýaşaýjylaryň ençemesi daşary ýurtlar bilen wideo jaňlary amala aşyrmagyň hem asla mümkin däldigini aýdýar.

“Internet bar ýaly görünýär, ýöne hakykatda ýok. Ilat okuw platformalaryndan hem peýdalanyp bilmeýär” diýip, türkmenabatly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Şäherde ilata ozal elýeterli bolan VPN serwerleri we goşundylary hem bloklanýar. Käbir ýaşaýjylar VPN ulanandan soň mobil Internetiň doly ýitýändigini aýdýarlar.

"Tötänlik däl-de, bilkastlaýyn edilýär"

“VPN açylan badyna Internet ýok bolýar. Öçürseň, az-kem gaýdyp gelýär. Bu tötänlik däl-de, bilkastlaýyn edilýär. Sebäbi muny Internet ulanyjylarynyň tas ählisi başdan geçirýär” diýip, lebaply ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde belledi.

Ilatyň Internet elýeterliligini onýyllyklaryň dowamynda berk gözegçilikde saklaýan Türkmenistanda raýatlar Internet petiklemelerini böwsüp geçip, ýurtda petiklenen web sahypalara we sosial ulgamlara girmek üçin VPN ulgamlaryndan peýdalanýarlar.

Habarçymyz ýaşaýjylaryň ilaty Internet hyzmatlary bilen üpjün edýän “Lebaptelekomyň” ofisine we “TmCell” söwda nyşanly “Altyn Asyr” mobil aragatnaşyk kärhanasynyň ýerli edarasyna edýän şikaýatlarynyň, düşündiriş almak boýunça edýän ýüzlenmeleriniň oňyn netije bermeýändigini hem aýdýar.

Bu aralykda, Türkmenabadyň polisiýa bölümlerinde hem-de şäher häkimliginde işleýän çeşmelerimiz Internetiň çäklendirmeleriniň gös-göni ýurduň MHM-siniň görkezmesi bilen amala aşyrylandygyny aýdýarlar.

“Eýranda nämeler bolup geçýändigine ýokardan örän uly üns berilýär. Syýasy protestleriň täsiriniň bu ýere geçmeginden gorkýarlar. Şonuň üçin öňüni alyş çäreleri güýçlendirildi” diýip, kanun goraýjy edaralardaky çeşmämiz gürrüň berdi.

"Mümkin boldugyça çäklendirmek"

Çeşmelerimiz türkmen häkimiýetleriniň Internet üpjünçiligini petiklemek arkaly ilatyň daşary ýurt maglumatlaryna, wideo ýazgylaryna we sosial torlardaky protest şekillerine elýeterliligini mümkin boldugyça çäklendirmäge synanyşýandygyny belleýärler.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda aragatnaşyk edaralaryndan we Polisiýa müdirliginden resmi teswir alyp bilmedi.

Ýöne bu waka, goňşy Eýranda dowam edýän uly göwrümli protestleriň arasynda, Türkmenistanyň bu ýurt bilen serhedine golaý ilatly nokatlarynda Internet üpjünçiliginiň doly diýen ýaly kesilen mahalyna gabat geldi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Eýran bilen serhetýaka sebitlerindäki ilatdan “Starlink” aragatnaşyk ulgamyny ulanmazlyk talap edilýär. Balkan welaýatynda howpsuzlyk güýçleriniň ýaşaýjylaryň öýlerine reýd geçirip, onlarça “Starlink” sputnik Internet enjamlaryny hususy taraplaryň ellerinden alandygy barada habarçylarymyz 16-njy ýanwarda sebitden maglumat berdiler.

Halkara barlaglarda dünýäde iň haýal we gymmat Internetli ýurtlaryň hatarynda agzalýan Türkmenistanda häkimiýetler ilatyň Internet elýeterliligini çäklendirmekde, Internet azatlygyny gysmakda ýyllarboýy tankyt edilýär.

Bellesek, Türkmenistan bilen umumy serhediniň uzynlygy 1148 kilometre barabar bolan Eýranda 2025-nji ýylyň aýagynda başlan köpçülikleýin protestlerde, 19-njy ýanwardaky maglumatlara görä, azyndan 3 müň adam öldi we başga-da 20 müňden gowrak adam tussag edildi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG