Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň ÝOJ-lary dalaşgärleri okuwa kabul edip başlady


Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti

Bu ýyl Türkmenistanyň ýokary we orta hünär mekdeplerine dalaşgärleri okuwa kabul etmek işleri 6-njy iýul – 15-nji awgust aralygynda geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi (TDH) habar berýär.

Türkmen hökümetiniň 3-nji iýulda geçiren giňeldilen mejlisinde 2020-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärleri okuwa kabul etmegiň meýilnamasy tassyklandy.

Oňa laýyklykda öňümizdäki okuw ýylynda ýurduň ýokary okuw mekdeplerine 14 müň 337 student kabul ediler. Geçen ýyl türkmen ÝOJ-lary 12 müň 242 raýaty okuwa kabul edipdi. Bu ýyl orta hünär okuw mekdepleri 9 müň 490 okuwçy kabul eder.

Döwlet metbugatynyň habarlaryna görä, geçen okuw ýylynda Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdeplerinden ýurt boýunça 80 müň töweregi okuwçy uçurym boldy.

26-njy iýunda Azatlyk Radiosynyň habarçysy ençeme lebaply ene-atalar bilen geçiren gürrüňdeşliklerine salgylanyp, anonim şertlerde beren maglumatynda bu ýyl ýerli ÝOJ-lara okuwa girmäge synanyşýan dalaşgärleriň sanynyň görnetin artandygyny habar berdi. Habarçynyň söhbetdeşleri bu ýagdaýy global pandemiýa sebäpli, ýurtlaryň arasyndaky hereket çäklendirmeleri we munuň netijesinde ýaşlaryň ýokary okuw üçin daşary ýurtlara sapar etmeginiň öňünde dörän päsgelçilikler bilen düşündirýärler.

Türkmenistanly ýaşlar esasan Türkiýe, Russiýa, Belarus, Ukraina ýaly ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda bilim almaga meýil edýärler.

Beýleki tarapdan, Türkmenistan geçen ýylyň martynda ýurtda diplomy ykrar edilýän daşary ýurt uniwersitetleriniň sanawyny çäklendirdi.

Türkmenistan dalaşgärleri ýokary okuw mekdeplerine kabul etmek işlerine badalga berýän wagty, daşary ýurt ýokary okuw jaýlarynyň birnäçesi global koronawirus pandemiýasy sebäpli, öňümizdäki okuw ýylynda sapaklary onlaýn tertibe geçirýär.

Koronawirus epidemiýasynyň fonunda ABŞ-nyň Harward uniwersiteti, Prinston uniwersiteti, Kaliforniýa uniwersiteti ýaly birnäçe ýokary okuw jaýlary, Britaniýanyň Kembrij, Mançester we Belfast ýaly abraýly ýokary okuw jaýlary öňümizdäki okuw ýylynyň dowamynda sapaklary belli bir derejede onlaýn usulda ýola goýmagy meýilleşdirýändiklerini mälim etdiler. Ýewropanyň ýokary okuw mekdepleri boýunça birleşigi (EUA) maý aýynda çap eden resmi beýanatynda, öňümizdäki okuw ýylynda global pandemiýanyň sebitiň ýokary okuw jaýlarynyň işine täsir etmegine garaşylýandygyny habar berdi.

Media maglumatlaryndan mälim bolşuna görä, mümkinçiligi bolan türkmenistanly ýaşlar Günbataryň ýokary okuw jaýlarynda-da bilim almaga isleg bildirýärler.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan ençeme türkmenistanly ýurduň ýokary mekdeplerine okuwa kabul etmek işlerinde korrupsiýanyň, hususan-da paranyň giň ýaýrandygyny aýdýarlar.

TDH-nyň habaryndan mälim bolşuna görä, Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlaryna dalaşgärleriň resminamalaryny kabul etmek işleri 6-njy iýulda başlanyp, giriş synaglary 22-nji iýul – 11-nji awgust aralygynda ýokary okuw mekdepleriniň özünde geçiriler.

Mugallymçylyk, lukmançylyk we medeniýet ugurly orta hünär okuw mekdeplerine resminamalary kabul etmek 6 — 19-njy iýul aýralygynda, giriş synaglary bolsa 22 — 29-njy iýul aralygynda guralar.

Häzirki wagtda Türkmenistanda harby bilim berýän okuw jaýlaryndan daşgary 21 sany ýokary okuw jaýy hem-de 41 sany orta hünär derejesinde bilim berýän jemi 62 ýokary we orta hünär mekdebi bar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG