Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türk diplomaty Aşgabadyň hassahanasynda pnewmoniýadan aradan çykdy. Türkmen paýtagtynda maska gytçylygy emele geldi


Türk diplomaty Kemal Uçkun

Iýulyň 7-sinden 8-ne geçilen gije Türkmenistandaky türk diplomaty, dini meseleler boýunça geňeşçi Kemal Uçkun Aşgabadyň Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasynda pnewmoniýadan aradan çykdy.

Bu waka ýurduň hassahanalarynda koronawirusa mahsus alamatlary bolan näsaglarda COVID-19 keseliniň tassyklanmagynyň dowam edýändigi, olaryň köpüsine pnewmoniýa diagnozynyň goýulýandygy barada habarlaryň gelip gowuşýan mahalyna gabat geldi.

Türk diplomatynyň ölendigi barada öz ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp, 8-nji iýulda habar beren "Türkmen.news" neşiri maglumaty Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynyň tassyklandygyny hem aýtdy.

"Jenap Kemal Uçkun 27-nji iýunda ýokary derejede gyzzyrma, dem gysma we üsgülewük bilen keselhana ýerleşdirildi. Oňa pnewmoniýa diagnozy goýuldy" diýip, neşir türk diplomatyna koronawirus testiniň edilendigini ýa-da onuň netijesiniň nähili bolandygyny anyklamagyň başartmandygyny hem belledi.

Habarda türk diplomatynyň jaýlanyş çäresiniň 8-nji iýulda sagat 12:00-da boljakdygy mälim edilýär, ýöne onuň nirede jaýlanjakdygy barada maglumat berilmeýär.

Azatlyk Radiosy bu barada kommentariý almak üçin Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasy bilen habarlaşanda, telefona jogap beren türkmen işgär "özleriniň bu hakda maglumat berip bilmeýändigini" aýdyp, telefony taşlamak bilen boldy.

Ýöne Türkiýäniň "TRTAVAZ" neşiri türk diplomatynyň ölendigi baradaky habary "Aşgabatdaky ilçihananyň agyr ýitgisi" diýen sözbaşy bilen çap eden maglumatynda mälim etdi.

"1963-nji ýylda doglan Uçkun Aşgabatda bejergi alýan keselhanasynda aradan çykdy. Pnewmoniýa diagnozy bilen keselhanada bejergi alan Uçkun, dem alyş ýollaryndaky ýetmezçilik sebäpli birnäçe wagtlap keselhananyň intensiw bejeriş bölüminde saklandy" diýlip, türk neşiriniň habarynda bellenilýär.

Şeýle-de, habarda 2018-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri Aşgabatdaky türk ilçihanasynda dini işler boýunça geňeşçi bolup işlän Uçkuny Türkiýä getirmek üçin prosesiň başladylandygy hem bellenilýär.

Türk diplomatynyň ölümi ýurduň hassahanalarynda koronawirusa mahsus alamatlary bolan näsaglarda COVID-19 keseliniň tassyklanmagynyň we olaryň köpüsine pnewmoniýa diagnozynyň goýulýandygy barada habar berilýän mahalyna gabat geldi.

Türkmenistanda koronawirusyň ýokdugyny aýdýan ýurt häkimiýetleri şu günler ýokanç keselleriň ýaýramagyndan goranmak boýunça öň görlüp-eşidilmedik çäreleri girizýärler.

8-nji iýulda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary jemgyýetçilik we şäher transportynda, bazarlarda maska geýmegiň talap edilýändigini, muny berjaý etmedik raýatlara jerime salynýandygyny habar berdiler.

Şeýle-de, olar şäherde maska gytçylygynyň emele gelendigini aýdyp, olaryň hiç ýerde tapdyrmaýandygyny hem bellediler.

"Maskalar we rezin ellikler 5-10 manatdan bahalanýar, ýöne häzir olar Aşgabatda defisit. Dermanhanalarda maska satylmaýar. Ýöne Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň ählisi maskaly işleýärler. Şäherde maskaly barýan türkmen aýallaryny görse bolýar" diýip, habarçymyz aýtdy.

Şol bir wagtda, habarçy arassalaýyş we beýleki dezinfeksiýa serişdeleriniň her bir bazarda, döwlet dükanlarynda we dermanhanalarda satylýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Paýtagtdaky beýleki bir habarçymyz bolsa, 7-nji iýuldan başlap Aşgabadyň birnäçe, şol sanda 8-nji we 9-njy Saglyk öýlerinde raýatlara "Rimantadin" dermanynyň nobatdaky tapgyrynyň paýlanandygyny aýtdy.

"Her bir maşgala agzasy üçin 10 tabletka berip başladylar" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 8-nji iýulda gürrüň berdi.

Ýatlatsak, Aşgabadyň saglyk işgärleriniň raýatlara koronawirusyň öňüni almak üçin bu dermanlary her gün içmegi maslahat berýändigi habar berlipdi. Ýöne 2007-nji ýylda Russiýanyň Lukmançylyk Ylymlar akademiýasy geçen asyryň 70-80-nji ýyllarynda Sowet Soýuzynda dümewiň öňüni almak üçin işjeň ulanylan “Rimantadini” könelişen derman diýip yglan etdi.

Beýleki bir habarçymyz "Arçman" şypahansynyň ýapylandygyny aýdyp, türkmen häkimiýetleriniň koronawirus ýokuşan näsaglary Änewiň keselhanasyna "gizländigini" habar berdi.

"Keselhanalar doly. Aşgabadyň Nyýazow keselhanasynyň koridorlarynda adamlar ýatyr. Bütindünýä saglyk guramasynyň missiýasynyň şu gün öz işine başlamagyna garaşylýar. Olar "Ýyldyz" myhmanhanasynda brifing geçirerler. Ýöne onuň wagty heniz belli däl" diýip, habarçy aýtdy.

Ýatlatsak, iki aýlap garaşylandan soň, BSG-niň COVID-19 missiýasy 6-njy iýulda Türkmenistana bardy. Azatlyk Radiosy Türkmenistana baran halkara wekilleriniň özlerinden häzirlikçe maglumat alyp bilmedi.

Azatlygyň habarçylary Aşgabatda we welaýatlarda COVID-19 keseli bilen kesellän we kesellän bolmagy güman edilýän adamlaryň diňe ýokanç keseller hassahanalaryna däl, eýsem taýýarlanan beýleki keselhanalara, käbir ofis jaýlaryna-da ýerleşdirilýändigini habar berip gelýärler.

Ýöne olar koronawirusly näsaglaryň saklanýan ýerleriniň BSG-niň COVID-19 boýunça resmi toparynyň agzalaryna görkezilmejekdigini, olar üçin agyr hassalardan boşadylan keselhanalaryň ýörite taýýarlanýandygyny aýtdylar. Habarçylarymyz we çeşmelerimiz şol hassahanalaryň arasynda Farap gümrük gullugynda gurlan täze karantin zolagynyň bardygyny hem bellediler.

Aşgabatda awtobus sürüjisi
Aşgabatda awtobus sürüjisi

Bu aralykda, Lebapdaky habarçylarymyzyň biri welaýat häkiminiň Farap gümrük gullugynda gurlan karantin zolagynda kemçilik tapyp, gysga wagtda düzetmegi tabşyrandygyny habar berdi.

"Bu karantin zolagynyň daş töweregi simden örülen haýat bilen aýlanan. Häkim sim haýaty aýryp, oňa derek kerpiçden haýat örmegi tabşyrdy. Häzirki wagtda işçiler gije-gündiz daş töweregi abatlaýarlar" diýip, lebaply habarçy 8-nji iýulda gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar barada ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden, Aşgabadyň Saglyk öýlerinden we Lebap welaýat häkimliginden kommentariý alyp bilmedi.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda koronawirus bilen kesellän adamlaryň ýekejesiniň hem hasaba alnandygy barada habar bermediler. Döwlet metbugatynda ýurtda COVID-19 garşy görülýän çäreler, käbir hassahanalaryň näsaglardan dolmagy we maska geýmek talaby barada ilat köpçüligine maglumat berilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG