Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Täjigistan: Tussag edilen esgeriň ejesi SIZO ýolunda ýogaldy


Sabagül Hololbaýewa mundan birnäçe gün öň Azatlyk Radiosyna interwýu beripdi.

Sabagül Hololbaýewa tussag edilen esger Şarifhon Nazarowyň ejesi bolmaly. 30-njy iýunda ogluna iş kesilenden birnäçe gün soň, ol Kulýabdaky SIZO-nyň golaýynda ýogaldy.

Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň harby sudy 18-nji iýunda gulluk borjuny ýerine ýetirip ýören Şarifhon Nazarowy mal ogurlygynda aýyplap, ony 5 ýyl azatlykdan mahrum etdi.

Hatlon welaýatynyň Balçuwan raýonynyň ýaşaýjysy, 44 ýaşly Sabagül Hololbaýewanyň tarpa-taýyn ölüminiň sebäbi belli däl. Kulýabyň güýç ulanyjy gulluklarynyň aýtmagyna görä, merhumyň çagalary ejesiniň jesediniň kesilmegini islemändirler hem şonuň üçin ony derrew jaýlapdyrlar.

Enäniň ogly Fahruddin Nazarowyň aýtmagyna görä, «ene tussaglykda saklanýan ogly Şarifhony görmäge gidipdir, şol ýerdenem onuň jesedini getiripdirler». «Öýden gideninde, ol sagatdy, hiç bir näsazlykdan arz etmändi» diýip, ogul ýatlaýar.

Onuň sözüne görä, ene ogluna geçirmek üçin, iki paketde azyk önümlerini alypdyr. «Oňa näme bolanyny biz bilemzok»diýip,Fahruddinsözüne goşýar.

Kulýabyň kanun goraýjy organyndan anonim şerti bilen bir çeşmäniň aýtmagyna görä, Sabagül Hololbaýewa deslapky tussaghananyň (SIZO) ýüz metr golaýynda jan beripdir. Onuň sözüne görä, geçip barýanlar muny milisiýa habar beripdirler hem tiz kömegi çagyrypdyrlar. «Jesedi morga äkitdiler. Ony açyp görmek isläpdirler, ýöne merhumyň çagalary muňa garşy çykypdyr» diýip, gürrüňdeşimiz aýtdy.

Ol aýaly Balçuwan raýonynyň Zarnigor obasynda jaýlaýarlar. Mundan öňinçä, ol Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy bilen baglanyşyp, öz ogluna garşy geçirilen sud diňlenişiginiň adalatly bolmandygyny aýdyp, «esasy günäkär jezasyz galdyryldy» diýdi.

2020-nji ýylyň 18-nji iýunynda Hatlon welaýatynyň harby sudy serhet goşunynda gulluk borjuny ýerine ýetirýän iki esgeri ýerli ilatyň malyny ogurlamakda aýyplap, üstünden iş kesdi.

18-nji iýunda suduň mälim etmegine görä, Şarifhon Nazarowa 5 ýyl türme tussaglygy berlipdir, onuň ýoldaşy Mehorç Saidow bolsa 6 aý möhlet bilen azatlykdan mahrum edilipdir.

Aklawçylar hem Şarifhon Nazarowyň hossarlary suduň çykaran kararyndan razy däl. Olaryň sözüne görä, Şarifhon serhet goşunynyň komandiriniň buýrugy bilen beýle hereket edipdir.

Balçuwan raýonynyň ýaşaýjysy Şarifhon Nazarow geçen ýylyň aprelinde gulluk borjuny ýerine ýetirmäge çagyrylypdy. Başda ony Pençdäki bölüme iberdiler, soňra Hemedany raýonynda ýerleşýän 0307 belgili harby bölüme geçirdiler.

Material AÝ/AR-nyň Täjik gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG