Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Din wekilleri: Bu ýyl köpçülikleýin gurbanlyk çäreleri ýatyrylar


Illýustrasiýa suraty. Gurban baýramynda adamlar hiňňildikde uçýar
Illýustrasiýa suraty. Gurban baýramynda adamlar hiňňildikde uçýar

Türkmenistanyň gündogar sebitlerinde din wekilleri bu ýyl Gurban baýramynda köpçülikleýin baýramçylyk çäreleriniň ýatyrylmagyna garaşylýandygyny aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 14-nji iýulda anonim şertde habar berdi.

Darganata we Farap etrabynda birnäçe din wekiliniň Azatlyk Radiosynyň habarçysyna atlandyrylmazlyk şertinde beren gürrüňlerine görä, olar şu ýyl Gurban baýramyny her kimiň öz öýünde bellemegini maslahat berýärler we köpçülikleýin gurbanlyk çäreleriniň ýatyrylmagyna garaşýarlar.

Türkmenistanda Gurban baýramy däp-dessurlara esaslanýan köpçülikleýin çäreler bilen bellenip geçilýär.

Bu ýyl Gurban baýramy iýul aýynyň ahyrlarynda bellenilýär.

Türkmenistanda bu baýramçylygyň anyk senesi her ýyl prezidentiň permany bilen kesgitlenilýär.

Ýurtda gurbanlyk mynasybetli geçirilýän köpçülik baýramçylyk çäreleriniň ýatyrylmagyna garaşylmagy tutuş dünýäde koronawirus pandemiýasynyň dowam edýän wagtyna gabat gelýär.

Ýöne habarçymyzyň söhbetdeş bolan din wekilleri köpçülikleýin çäreleriň ýatyrylmak ähtimallygynyň sebäplerini halkyň ýaramazlaşan ykdysady ýagdaýy bilen düşündirmäge synanyşýarlar.

“Pandemiýa ýa-da karantin çäreleri bolmanynda-da, Farap ilatynyň köp böleginde gurbanlyk öldürmek, sadaka bermek mümkinçiligi, gynansak-da, ýok” diýip, bir din wekili habarçy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

“Sebite aprelde gelen tebigy heläkçilik ençeme raýaty garyp goýdy” diýip, habarçy maglumatynyň üstüni ýetirdi.

Türkmen häkimiýetleri ýurduň gündogar sebitlerinde 27-nji aprelde turan weýrançylykly tupanyň netijelerini äşgär etmeýärler. Bu harasatyň netijesinde Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, onlarça adam wepat boldy, ýaşaýyş jaýlara uly zyýan ýetdi we onlarça müň gektar oba hojalyk ekinleri zaýa boldy.

Üstesine, Türkmenistan üç ýyldan gowrak wagt bäri, synçylara görä, garaşsyzlyk ýyllarynyň iň agyr ykdysady krizislerinden birini başdan geçirýär.

Gurban baýramy mynasybetli hiňňildikler uçuldy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:34 0:00

“Häzir azyk önümleri we etiň bahasy her hepde gymmatlap barýar. Geçen hepde süňkli etiň 1 kilogramy 48-55 manat aralygyndady, şu gün 60 manatdan bahalanýar” diýip, habarçy Farapdan habar berdi.

Türkmen halkynyň arasynda däp bolan urp-adatlara görä, Gurban baýramynda türkmenistanlylar esasan et önümlerinden bişirilýän nahar taýýarlap, olary dogan-garyndaşlaryna, tanyş-bilişlerine we goňşy-golama hödür-kerem edýär, köpçüligi çagyryp söwüş edýär.

“Gara mallaryň, şol sanda goýunyň we geçiniň bahasy gymmatlaýar” diýip, habarçy maglumatynyň üstüni ýetirdi.

Türkmenistanda häkimiýetler şu wagta çenli koronawirus pandemiýasyna we onuň fonunda girizýän çärelerine ätiýaçly çemeleşip geldi. Golaýda, Türkmenistanyň saglyk ministrligi ilata maska geýmegi maslahat berdi, ýöne muny “tozandan goranmak üçin” diýip, düşündirdi. Din wekilleri Gurban baýramynda köpçülik çäreleriniň ýatyrylmak ähtimallygy barada duýdurýar, ýöne olar muny koronawirus pandemiýasy bilen gönüden-göni ilteşdirmän, ilatyň ykdysady ýagdaýy bilen düşündirmäge synanyşýarlar. Beýleki tarapdan Azatlyk Radiosynyň habarçysy Farap we Darganata etraplarynda ykdysady kynçylyklaryň 3-5 ýyl bäri dowam edýändigini tassyklaýar, ýöne köpçülikleýin baýramçylyk çärelerini ýatyrmak düzgüni ilkinji gezek şu ýyl, koronawirus pandemiýasynyň fonunda, ara alnyp maslahatlaşylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG