Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda ýüzlerçe adam Gurban baýramy dabarasyna meýletin-mejbury gatnaşdyryldy


Türkmenistanda geçirilen köpçülikleýin çäreleriň birinde tans edýän ýaşlar. Arhiwden alnan surat

Türkmenistanyň Mary welaýatynyň administratiw merkezi Mary şäherinde ýüzlerçe adam ýurduň döwlet telekanallaryna surata almak üçin geçirilen Gurban baýramy dabarasyna mejbury gatnaşdyryldy. Bu waka türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gurban baýramyna taýýarlygyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada görkezme beren mahalyna gabat geldi.

“Mary welaýatynda Gurban baýramy mynasybetli köpçülikleýin telewideniýä düşürmek çäresi geçirildi. Muňa edara-kärhanalaryň işgärleriniň, studentleriň, okuwçylaryň ýüzlerçesi bilen bir hatarda, çagalar baglaryndaky okuwa taýýarlanyş toparlaryndan uzyn saçly gyzjagazlar we saçy gowy oňarylan oglanjyklar mejbury gatnaşdyryldy. Bu çärä her çagalar bagyndan 12 sany çaga alnypdyr” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde maglumat beren habarçy 6-njy awgustda gürrüň berdi.

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň websaýtynda berlen maglumata görä, şu ýyl ýurtda Gurban baýramy 11-12-13-nji awgustda bellenilýär.

Habarçynyň sözlerine görä, 5-nji awgustda wideo düşürilen köpçülikleýin çäre döwlet telekanallarynda Gurban baýramynyň bellenilýän günlerinde, hamala, şol günlerde geçirilen ýaly edilip görkezilmek üçin öňünden surata alyndy.

“Bu çäre Mary şäheriniň Mollanepes köçesiniň ugrunda ýerleşýän “Ylham” köşgüniň daşynda geçirildi. Döwlet telekanallary üçin 17:30-da wideo düşürilip başlanan çäre agşam 21:00-da gutardy. Oňa gatnaşan adamlar we çagalar türkmen milli egin-eşiklerinde çykyş etdiler” diýip, habarçy belledi.

Aýdylmagyna görä, howanyň gyzgynlygy 42-43 gradusa çenli ýetýän şu günlerde käbir ene-atalar öz çagalaryny çärä ugratmak islemeýär. Ýöne resmiler olara “çagalaryňyzy çagalar bagyna ýa-da mekdebe ugratjak bolsaňyz, çärä gatnaşdyrmaly bolarsyňyz” diýýärler.

“Çagalar sagatlap günüň aşagynda, yssyda durmaly bolýarlar. Çagalar baglarynyň terbiýeçileri, mugallymlar çagalara ýanlary bilen çörek, suw alýarlar. Käbir ene-atalar çagalary öýe gijä galýandygy üçin mugallymlara we terbiýeçilere yzygiderli jaň etdiler. Olar-da ‘gaýrat ediň, häzir gutarýar’ diýip ene-atalary köşeşdirdiler” diýip, habarçy ene-atalaryň, mugallymlaryň we terbiýeçileriň ençemesine salgylanyp gürrüň berdi.

Şeýle-de, habarçynyň sözlerine görä, çäräniň guramaçylary bu dabarany täzeden surata almaly bolanda, onda býujet işgärleriniň, okuwçylaryň, studentleriň we çagalaryň gaýtadan çagyryljakdygyny hem duýdurdylar.

Azatlyk Radiosynyň bu barada Mary welaýat häkimliginden kommentariý almak boýunça edýän yzygiderli synanyşyklary häzirlikçe netije bermeýär.

Ýöne Mary welaýatyndan gelip gowşan bu habar, prezident Berdimuhamedowyň Gurban baýramyna taýýarlygyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada çykyş eden mahalyna gabat geldi.

5-nji awgustda türkmen lideri sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirip, Mejlisiň Başlygyna, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimlerine Gurban baýramyna, täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli çärelere we beýleki möhüm wakalara taýýarlyk görmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. Ýöne resmi metbugat bu “anyk tabşyryklaryň” jikme-jiklerini mälim etmedi.

Türkmenistanda bellenilýän baýramçylyklaryň ýa-da dabaralaryň öňýanynda, döwlet telekanallaryna wideo reportažlary öňünden taýýarlap goýmak üçin ýurt raýatlarynyň köpçülikleýin çärelere çekilmegi bilen bagly Azatlyk Radiosy mundan öň hem habar beripdi.

6-njy maýda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde býujet işgärleri, ýokary okuw jaýynyň studentleri, mekdep okuwçylary we ýaşulular ýurduň döwlet telekanallaryna surata almak üçin geçirilen Ýeňiş güni dabarasyna mejbury gatnaşdyryldy.

Şuňa meňzeş ýagdaý şu ýylyň mart aýynda Daşoguz welaýatynda hem bolupdy. Şonda býujet işgärleri, studentler, okuwçylar we ýaşulular ýurduň döwlet telekanallary üçin surata alnan “gowaça ekişine girişmek” dabarasyna taýýarlyk çärelerine bir hepdeläp mejbury gatnaşdyryldy.

Bu wakadan soňra, has takygy 27-nji martda “Altyn Asyr” döwlet telekanaly ýurduň demirgazyk welaýatynda geçirilen bu çäre barada jemi 14 minuda golaý wideo reportažy ilata ýetirdi. Onda ortaça müňden gowrak adamyň gatnaşmagynda welaýatyň azyndan 10-a golaý böleginde dürli çäreleriň geçirilendigi görkezildi.

Resmi metbugatda bu dabaralara ýurt raýatlarynyň “uly joşgun we höwes bilen gatnaşýandygy” aýdylýar. Ýöne bu çäreleri geçirmek üçin näçe adamyň iş, okuw ýa-da dynç alyş wagtynyň sarp edilendigi, olara adamlaryň mejbury gatnaşdyrylmagy barada hiç zat aýdylmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG