Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda eýesiz itleri tutmak çäreleri güýçlendi. Ýaşaýjylardan öý haýwanlaryny ýok etmek talap edilýär


Aşgabadyň köçeleriniň birindäki öýsüz-öwzarsyz itler.

Aşgabat şäheriniň köçelerinde öýsüz-öwzarsyz itleri we pişikleri tutmak çäreleri gaýtadan güýçlendi. Azatlyk Radiosynyň habarçysy bu çäreleriň Türkmenistanyň gurluşyk pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer Şamuhammet Durdylyýewiň Aşgabadyň 9-njy etrapçasyndan geçmeginiň yzýany başlandygyny aýdýar.

"Şu gün irden Durdylyýew öz ulagynda 9-njy etrapçadan geçende, birnäçe öýsüz iti görüpdir. Şondan soň ol öýsüz itleri we pişikleri doly ýok etmek barada tabşyryk beripdir. Soňra günüň birinji ýarymynda häkimligiň arassaçylyk, Öý dolandyryş müdirlikleriniň we beýleki degişli edaralaryň işgärleri haýwanlary öldürdiler, bu ýerde galan itleri we pişikleri hem ýok etdiler" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçymyz 15-nji iýulda gürrüň berdi.

Mundanam başga, ýokarda ady agzalan edaralaryň işgärleri we polisiýa wekilleri jaýlara aýlanýarlar. Olar öýlerinde ikiden köp it ýa-da pişik saklaýan ýaşaýjylardan haýwanlary kwartiradan aýryp, ýok etmegi talap edýärler.

"Köp adam ençeme haýwany köçelerde ýok edilmekden halas edip, olary öz öýlerine aldy. Öýlere aýlanýan işgärler haýwanlar kwartiradan aýrylmasa, onda özleriniň öýlere zor bilen girjekdiklerini we öýde jaý eýesi bolmasa-da, haýwanlary alyp gitjekdiklerini duýdurýarlar" diýip, habarçy öýlerinde itleri we pişikleri saklaýan ýaşaýjylaryň ençemesine salgylanyp aýtdy.

Onuň sözüne görä, ýaşaýjylar olara öz haýwanlarynyň saglyk barlagyndan geçirilip, sanjym edilendigi baradaky resminamalary görkezýärler. Ýöne olar ýaşaýjylary diňlemän, ikiden köp öý haýwanyny saklap bolmaýandygy baradaky "buýrugy" ýatladýarlar.

"Etrap polisiýanyň işgärleri öýünde ikiden köp haýwan saklaýan ýaşaýjylaryň itlerine we pişiklerine sanjym eden weterinarlara jaň edip, olara-da haýbat atýarlar. Olar weterinarlara özleriniň wezipelerinden hyýanatçylykly peýdalanandyklaryny we 2013-nji ýyldaky buýrugy bozandyklaryny aýdýarlar" diýip, habarçy belledi.

Habarçy gürrüňi edilýän buýrugyň nusgasynyň ýaşaýjylaryň eline berilmeýändigini we onuň hiç bir ýerde çap edilmändigini hem sözüniň üstüne goşdy.

"Häzirki wagtda haýwanlary goraýjylar Aşgabadyň häkimiýetleriniň haýwanlary ýok etmek boýunça 2016-njy ýyldan bäri alyp barýan çäreleriniň hiç bes edilmejeginden alada edýärler. Indi birnäçe aý bäri Çoganlydaky angara, öňki haýwanlar ýok edilenden soň, öýlerden ogurlanan öý haýwanlaryny eltýärler" diýip, habarçy belledi.

Şeýle-de, habarçy mundan bir ýarym aý çemesi ozal jemagat hojalygyna degişli edaralaryň ulaglaryny ak reňke boýamak barada görkezme berlendigini hem aýtdy.

"Bu görkezmäni köçelerde zäherlenip ýa-da ýenjilip tutulan haýwanlary alyp gidýän ulaglar ilkinjileriň biri bolup amala aşyrdy. Indi şol ulaglaryň reňki mämişe däl-de, ak reňk boldy" diýip, habarçy sözüni jemledi.

Bu aralykda, 15-nji iýulda Azatlygyň Marydaky habarçysy hem şäheriň kö​p gatly jaýlarynyň ýerzeminlerini dermanlamak iş​leriniň geç​irilýändigini aýdyp, ş​u gü​nler pişikleriň atylyp ö​ldü​rilýändigini habar berdi.

Azatlyk Radiosyna bu aýdylanlar barada Aşgabat we Mary şäher häkimliklerinden hem-de paýtagtyň polisiýa bölüminden kommentariý almak başartmady.

Türkmenistanda, hususan-da paýtagt Aşgabatda öýsüz itleri we pişikleri awlamak çäreleri indi ençeme ýyl bäri dowam edip, bu işler 2017-nji ýyldan bäri has-da güýçlendirildi.

Soňky aýlarda Azatlygyň habarçylary we haýwanlary gorap çykyş edýän aktiwistler türkmen häkimiýetleriniň ýaşaýjylaryň öýlerinde we howlularynda saklaýan itlerini hem pişiklerini-de ýok etmek çärelerini güýçlendirendigini habar berýärler.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri bu mesele barada kelam agyz söz aýtman gelýärler. Muňa derek, Türkmenistanyň häkimiýetleri alabaý itlerini we öý haýwanlaryny goramak hem-de saklamak üçin täze merkezleriň açylandygyny aýdyp, olara berilýän ünsüň artdyrylýandygyny habar berýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG