Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň eteginde itleriň awlanmagynyň yzýany, ilata syrtlanlar hüjüm edýär


Syrtlan. Illýustrasiýa suraty

Aşgabadyň etegindäki şäherdir obalarda itleriň köpçülikleýin awlanmagynyň yzýany, ýerli ýaşaýjylara syrtlanlaryň we möjekleriň hüjüm etmegi bilen bagly wakalar ýüze çykdy​. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary we haýwanlary gorap çykyş edýän aktiwistler habar berýärler.

"Fewral aýynda Gökdepe şäherinde itler köpçülikleýin ýok edilenden soň, bir syrtlan bu ýerdäki öýleriň birine girip, polda uklap ýatan bir aýala hüjüm edip, ony dişledi. Oňa guduz sanjymy edildi. Ýöne muňa garamazdan, şol aýal aprel aýynda aradan çykdy" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 13-nji maýda gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynda bu wakanyň nirede bolandygy we gürrüňi edilýän aýalyň ady hem-de familiýasy barada maglumat bolsa-da, ony köpçülige mälim etmekden saklanýar.

Azatlygyň habarçysy we haýwanlary gorap çykyş edýän aktiwistler ýabany haýwanlaryň, şol sanda syrtlanlaryň we möjekleriň adamlara hüjüm etmegi bilen bagly başga-da mysallaryň bardygyny aýdýarlar. Olar şeýle wakalaryň köçelerdäki itleriň köpçülikleýin awlanmagynyň yzýanynda ýüze çykyp başlandygyny belleýärler.

"Öň paýtagtyň etegindäki obadyr etraplaryň köçelerinde ýa-da adamlaryň hojalyk jaýalarynyň howlularynda itler kändi. Olar obanyň çetindäki syrtlandyr, möjekleriň jaýlaryň golaýyna gelmeginiň öňüni alýardylar. Häzir bu sebitleriň köçeleri boşap galdy, it tas ýok diýen ýaly" diýip, haýwanlary gorap çykyş edýän aşgabatly aktiwistleriň biri gizlinlik şertinde 13-nji maýda beren maglumatynda aýtdy.

Azatlyk Radiosyna bu barada degişli türkmen häkimiýetlerinden, şol sanda Aşgabat şäher häkimliginden kommentariý almak başartmady.

Bu habarlaryň fonunda Azatlygyň habarçylary Aşgabat şäherinde we onuň eteginde itleriň hem-de pişikleriň tutulyp, ýok edilmegi bilen bagly çäreleriň dowam edýändigini aýdýarlar.

"Aşgabatda haýwanlary rehimsizlik bilen tutmak işleri mämişe reňkdäki ulaglar bilen gelýän döwlet işgärleri tarapyndan amala aşyrylýar. Şäherde şeýle ulaglaryň jemi ýedi sanysy aýlanýar. Abadanda bolsa kapasly sary zir-zibil ulagy hereket edýär. Bu ulaglardaky işgärler itleri we pişikleri zäherläp ýa-da ýenjip öldürmegini dowam etdirýärler" diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözüne görä, soňky döwürde şäher häkimliginiň, şeýle-de jemagat hojalygyna degişli edaralaryň işgärleri etraplara, obalara we etrapçalara aýlanyp, köçelerdäki haýwanlary surata düşürýärler. Soňra bu suratlar çap edilip, ýerli döwlet edaralaryna iberilýär.

Şeýle-de, olar köçelerdäki öýsüz haýwanlary howlularyna we öýlerine alýan adamlary hem anyklaşdyrýarlar.

"Ýerli edaralaryň işgärleri bu hojalyklara aýlanyp, goňşularynyň şikaýaty boýunça bu ýere gelendiklerini aýdýarlar we haýwany bermegi talap edýärler. Ony bermekden boýun gaçyran adamlaryň haýwanlaryny zorluk bilen alýarlar. Tohum däl itleri dessine öldürýärler. Tohumy gowy bolan itleri we pişikleri bolsa, haýwanlary gorap çykyş edýän aktiwistlere satýarlar" diýip, aşgabatly aktiwist aýtdy.

Türkmenistanda eýesiz it-pişikleriň zäherlenip, urlup öldürilýändigi barada çykan maglumatlaryň fonunda, türkmen häkimiýetleri alabaý itlerine, şeýle-de öý haýwanlaryna berilýän resmi ünsi ýa-da it wagyzlaryny güýçlendirýän ýaly bolup görünýärler.

Şu aýyň başynda Türkmenistanda "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy döredilip, onuň ýolbaşçysy wezipesine prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedow saýlanandan sanlyja gün soň, türkmen mediasy bu ugurda täze başlangyçlar, şol sanda öý haýwanlaryny goramak we saklamak üçin täze merkezleriň açylandygy barada habar berdi.

Türkmenistanda öýsüz itleri we pişikleri awlamak çäreleri indi ençeme ýyl bäri dowam edýän bolsa-da, bu barada ne türkmen häkimiýetleri, ne-de media serişdeleri mesele gozgaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG