Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistan: "Biz çykgynsyz ýagdaýda". Üç sany maýyp agtygyna seredýän iki garrynyň gürrüňi


Iki garry maýyp agtyklary bilen.
Iki garry maýyp agtyklary bilen.

Ýedi ýaşly Mehrona, bäş ýaşly Hadisa hem iki ýaşly Hamsiýa – çagalaryň üçüsi-de fiziki taýdan kemisli. Şeýle-de bolsa, olara kömek puly berlenok. Sebäbi olaryň maýyplygy barada kepilnama almak üçin, stasionarda bolup medisina-sosial ekspertiza barlagyndan geçmek gerek.

Çagalary keselhana ýerleşdirmek hem medisina barlagynyň geçirilmegi üçin, 4500 somoni zerur, maşgalada bolsa onça pul ýok. Gyzjagazlaryň kakalary doglandan maýyp bolupdyr, olaryň ejeleri iki aý bäri psihiatrigik klinikada bejergi alýar. Çagalara garaşyk edýän olaryň atasy bilen enesi.

Rudaki raýonynyň Esenbaý mähellesiniň ýaşaýjysy, 66 ýaşly Maýdagül Şaripowa agtyklaryna garaşmak üçin köp alada galýar. Öý-içeriniň ähli işi hem onuň üstünde; içerini ýygnap-süpürmeli, nahar taýýarlamaly hem kir ýuwmaly. Dert-alada şeýle köp bolansoň, ol käteler agşamlyk edinmegi-de ýadyndan çykarýar. Ol aglap gözüni süpürýär hem agtyklarynyň aýak üstüne galmagyny dileýär.

«Olar gepläp bilmeýärler, bularyň ejeleri köpden bäri psihiki keselden ejir çekip, çagalaryna seretmegi başarmaýar. Käteler meniň çagalary ýerinden turuzmaga-da güýjüm ýetenok – öňki ýagdaýym galmandyr»diýip,Maýdagül Şaripowa zeýrenýär.

Ol aýal öýünden çykyp bilmeýär, sebäbi çagalary goýara adam ýok, olary bolsa ýekelikde goýup bolanok. Eger özlerine bir zat bolaýsa, agtyklaryna kim seretjegini gaýgy edýärler. Ýöne bu çagalaryň hossarlaryny çalyşmaga Maýdagülde ygtyýar ýok. Gyzjagazlaryň kakasy 30 ýaşyndaky Abdurauf Mahmadi doglandan maýyp boldy, oňa hereket etmek örän agyr. Aýtmagyna görä, ol çagalaryna diňe atalyk söýgüsini berip bilýär. Pensiýa üçin berilýän 178 somonini diňe çagalaryna harç edýär. Agyr ýagdaýa garamazdan, Abduraufyň geljege bolan umydy gowy, bir täsin günde çagalarynyň sagaljagyna umyt edýär.

Maşgalanyň bar girdejisi üç uly adama berilýän pensiýa pullaryndan jemlenýär – jemi 400 somoni. Çagalar maýyp bolsalar-da, olara kömek puly berlenok. Garry atasynyň aladasy entek ýerine gowuşan dur.

Üç gyzjagazyň atasy Mahmadi Şaripowyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, medisina-sosial ekspertizasydan diňe keselhanada ýatanyňda geçmek mümkin. Çagalary keselhana ýerleşdirer ýaly pul bolsa maşgalada ýok.

“Bir gezek men agtygymy«Istiklol»keselhanasyna eltdim,ýöne olar maňa üç çagany keselhana ýerleşdirmek üçin, 4500 somoni tölemeli diýdiler. Onça puly men nireden alaýyn? Biziň diňe bir sygrymyz bar, onuň süýdi agtyklarymyň huruşlygy üçin gerek, başga zadymyz ýok. Men käteler şeýle çykgynsyz ýagdaýa düşüp, olary çagalar öýüne tabşyraýsam diýýän. Soň köşeşip, ol pikiri hyýalymdan çykarmaga çalyşýan” diýip, Mahmadi Şaripow gürrüň berýär.

Aýtmagyna görä, onuň ýene-de üç ogly bolmaly, olaryň hersi öz durmuşlary bilen, bulara ýardam etmäge güýçleri çatanok. Ýerli häkimiýet bu maşgalanyň ýagdaýyny bilýär. Şuriýon mähellesiniň başlygy Ziýo Murodowyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, hakykatdanam ol maşgalanyň güzeran ýagdaýy pes, şonuň üçin mümkin boldugyndan, olara kömek bermäge çalyşýarlar.

«Eger pul bolsady, olara bejergi berip bolardy, belki, çagalar sagalardy. Ikinji agtygym Hadisa az-kem ýöräp bilýär, ýöne onuň üçin bejergi işlerine girişip bilmedik. Häzir ol asla ýöränok»diýip,çagalaryň atasy aýdýar.

Material AÝ/AR-nyň Täjik gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG