Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebaply ene-atalar mümkinçiligi çäkli çagalaryny mekdebe ýerleşdirip bilmän kösenýärler


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Lebaply ene-atalar özleriniň kör, ker ýa-da lal çagalaryny Türkmenabat şäherindäki ýurduň Körler we kerler jemgyýetiniň 5-nji mekdep-internatyna ýerleşdirip bilmän kösenýärler. Bu barada şeýle ýagdaýy başdan geçirýän lebaply ene-atalaryň ençemesi Azatlyk Radiosynyň Türkmenabatdaky habarçysyna gürrüň berdi.

"Men özümiň eşidip we gürläp bilmeýän 8 ýaşly oglumy Türkmenabatdaky eşitmekde, gürlemekde we başga-da dogabitdi nogsanlygy bolan çagalary terbiýeleýän mekdep-internatyna okuwa berip bilmeýärin. Men bu barada indi birnäçe ýyl bäri mekdep-internatyna, welaýat bilim bölümine we aýallar geňeşine arza ýazýaryn. Ýöne bu netije bermeýär. Olar her gezek meniň arzama "häzir ýer ýok" diýen jogaby berýärler" diýip, özüni Mahym diýip tanyşdyran gazojakly ene habarçymyza gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, Mahym we mümkinçiligi çäkli çagalaryň ene-atalarynyň başga-da ençemesi para beren adamlaryň çagalarynyň dessine okuwa kabul edilýändigini, ýöne munuň üçin müňlerçe manat talap edilýändigini aýdýarlar.

"Eger 4000-5000 manat para berseň, onda çagaňy nobatsyz kabul edýärler. Emma bizde talap edilýän munça puly bermäge mümkinçiligimiz ýok. Biziň şu günki iýjek çöregimiz gaýgy. Häzirki wagtda çagasyny mekdep-internatyna ýerleşdirip bilmeýän ene-atalar çagalarynyň gelejekde mätäçlikde galmagyndan alada edýärler" diýip, gazojakly Mahym aýtdy.

Şol bir wagtda, habarçy we ene-atalar agzalýan mekdebiň içindäki tertip-düzgün gowy bolsa-da, onda terbiýelenýän çagalaryň azyk we derman ýetmezçiliginden kösenýändigini hem aýdýarlar.

"Bu ýerde işleýän käbir işgärler çagalaryň aglaba ene-atalaryň we haýyr-sahawat edýän adamlaryň kömegine mätäçdigini aýdýarlar. Olar azyk we derman ýetmezçiliginiň ýiti duýulýandygyny belleýärler" diýip, habarçy gürrüň berdi.

Ene-atalar mümkinçiligi çäkli çagalar üçin ýörite mekdep-internatynyň ýetmezçiliginiň haçan aradan aýryljakdygy barada Lebap welaýat resmilerine ýazýan arzalarynyň hem jogapsyz galýandygyny belleýärler.

Azatlyk Radiosy bu aýdylanlar barada 5-nji mekdep-internatyndan we Lebap welaýat hem-de Türkmenabat şäher häkimliklerinden kommentariý alyp bilmedi.

Türkmen kanunçylygy raýatlaryň durmuş goraglylygyny kepillendirýär. Ýurduň durmuş üpjünçiligine degişli döwlet ulgamy maýyplygy bolan adamlara sosial ýeňillikleri we dürli hyzmatlary bermäge borçlanýar.

Türkmenistanyň döwlet metbugatynda maýyplaryň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak barada yzygiderli tagalla edilýändigi, olar üçin ýörite ýaşaýyş jaýlarynyň paýlanýandygy barada wagtal-wagtal habar berilýär.

Emma Azatlygyň habarçylary we ýerli synçylar bu aýdylanlaryň hakykata gabat gelmeýändigini we soňky ençeme ýylyň dowamynda maýyplara paýlanan täze jaýlaryň onlarçadygyny, ýöne ýurtdaky maýyplaryň sanynyň müňlerçedigini aýdýarlar.

"Her ýyl ýurtda millionlarça dollar serişde sarp edilip myhmanhanalar, Medeniýet öýleri, ýaşaýyş jaýlary we beýleki desgalar gurulýar. Olaryň köpüsi boş durýar. Ýöne ýurtda eşidip we gürläp bilmeýän raýatlar üçin döwlet tarapyndan oňaýlyklar döredilmeýär. Olar üçin ýeterlik derejede mekdep ýok. Hatda döwlet telewideniýesiniň habarlarynda bu raýatlar üçin ýörite olar düşüner ýaly düşündiriji diktorlar hem ýok" diýip, gazojakly ene aýtdy.

Azatlygyň habarçylary ýurtda lukmanlaryň maýyplygy resmileşdirmekden ýüz öwürýändigini, şeýle-de maýyplygy tassyklatmak üçin "para bermelidigini" hem indi birnäçe ýyl bäri habar berip gelýärler.

Geçen aýyň başynda Azatlygyň Lebapdaky habarç​ysy welaýat hassahanasynyň lukmanlar toparyna maýyplygy hasaba alynýan adamlaryň sanyny azaltmak barada dilden görkezme berilendigini habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG