Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

SSSR-iň durmuşy «halk duşmanlarynyň» suratlarynda. Suratçylary nädip «sosialistik durmuşy garalamakda» aýypladylar?


1970-nji ýyllaryň ahyrynda üç foto suratçyny— Wladimir Worobýowy, Wladimir Sokolaýewi hem Aleksandr Trofimowy Kuznetsk metallurgiýa kombinatynda ýerleşdirdiler. Olara bu kombinatdaky «şöhratly işçi durmuşyny» surata düşürmek tabşyrylýar. Ýöne bir ýyl geçenden soň, fotosuratçylaryň işleri bilen KGB gyzyklanyp başlady hem olary «halk duşmany» diýip yglan etdiler. Häzirki wagtda TRIWA (ol üç suratçy özüni şeýle atlandyrypdy) tarapyndan düşürilen ak-gara reňkli ol suratlardan, geçip giden sowet döwrüni öwrenýärler diýip, «Настоящее Время»ýazýar.

Ol suratçylardan biri Aleksandr Trofimow eden işleriniň netijeleri barada gürrüň berýär.

Ergin guýulýan meýdançadaky üç işçi.
Ergin guýulýan meýdançadaky üç işçi.

«​Biziň fotolaboratoriýamyzyň öňünde zawodyň gazananlaryny hem ýeten ýokary derejesini beýan etmek borjy goýuldy. Adaty işer, biz – fotosuratçylar aýratyn bir iş etmedik. Biz kärhanadaky gündelik durmuşy; adamlary hem olaryň ýaşaýşyny surata düşürdik. Şeýdip, material jemlenip, şol döwürde adamlaryň işlerini hem ýaşaýyş durmuşyny görkezmekden daşary döwrüň hem şekilini görkezdi. Şonuň bilen birlikde, meniň göwnüme bolmasa, biz hem şol surata düşürýän adamlarymyzdan aýratyn bir tapawutlanyp barmaýardyk» diýip, Trofimow aýdýar.​

Ýüzi maskaly adam we gapyny göterip barýan adam. Kuznetsstroý prospekti.
Ýüzi maskaly adam we gapyny göterip barýan adam. Kuznetsstroý prospekti.

«Biziň ählimiz1940–1950-njy ýyllarda doglanlar ahyryn, beýlekilerde bolan kompleksler bizde-de bardy. Meselem, gorky. Biz hem köp zatdan gorkýardyk, Nähili-de bolsa... Şol köpçülige aýak goşmaýan üç adam bar eken. Biz üç bolup, gije-gündiz işleýärdik, iş ýerimizde ýatýardyk, durmuş şertlerimiz deňeçerdi. Bizi edýän işimiz birleşdiripdi, maksadymyz umumydy: fotosuratçynyň borjy adamlaryň ýaşaýşyny, edýän işlerini hem kimler bolandygyny görkezmekdi. Men öz öňümde hiç bir betniýetli maksady goýmandym. Hakykaty surata düşürmeli diýýärdim»diýip, Trofimow gürrüňini dowam etdirýär.​

TRIWA toparyna işlemek üçin şol döwrüň gowy professional kameralary bolan Ýaponiýanyň Canon hem nemesleriňLeicaapparatlary berlipdir.

«Siz Sibiri göz öňüne getirip görüň, dürli döwürlerde bu ýere sürgün edilen dürli halklardan dörän şahtaçylar şäherinde üç ýaş ýigit peýda bolýar. Olar hakykatdanam awanturistlerdi – diýip, Liberty.SUfonduny esaslandyran dokumentalçy-suratçy Oleg Klimow aýdýar. – Olar “biz üçin gowy kameralary satyn alyň, biz bolsa sowet zawodynyň taryhyny döredeli” diýýärler. Bu eýsem komsomolyň aýdaýjak zady dälmi? Ondan ýüz öwrüp bolarmy? Elbetde, ýok!»

Hakykatdanam olar çapylyp aýrylan «ülje bagynyň»ornundan dörän ägirt uly sowet zawodynyň şekilini görkezmek islediler. Ýöne olar örän gowy buržuaz kameralarynda näçe köp surat aldyklaryça, şonça-da «çydam edip bolmajak adanyň» şekili peýda bolup başlady. “Bir bähbitli ýeri, olar hiç haçan sowet fotožurnalisti bolmadylar, hiç haçan redaksiýanyň ara alyp maslahatlaşýan ýygnaklaryna gatnaşmadylar, olara «nämäniň gowy, nämäniň erbetdigini» öwretmediler” diýip, O. Klimow belleýär. Ol üç suratçy özbaşdakdy, öz bilişleriçe-de işleýärdiler.

TRIWA-nyň düzgünnamasynda gysgaça şu düzgünler ýazylypdy:

  • Manysy— döwrüň hem şol ýeriň «watançylygyny»görkezmek;
  • Maksat— hakykatyň hatyrasyna – diňe hakykat;
  • Wezipe— döwrüň fotodokumentini döretmek;
  • Işiň görnüşi— işçi hem sosial fotografiýa;
  • Usul— reportaž şekilli bolmaly;
  • Surat alnanda çäklendirme— bolýan ýagdaýa düýpden goşulyşmaly däl;
  • Çap etmekde çäklendirme— kadadaky iş bolmaly, kadry doly çap etmeli;
  • Kameralar— Leica M2, M3, M4 bilenSummicron 1,4/50, Summilux 2/50.

«Olaryň suratlarynda döwrüň şekili saklanypdyr – diýip, Oleg Klimow gürrüň berýär. – Döwrüň şekilini görüp bilmek – fotodokumentçiniň ukybyny aňladýar. Gep diňe bir kameranyň düwmesini basmakda däl. Olar, megerem, döwrüň şekilini döredýändiklerini aňlap baran däldirler. Millionlarça fotosuratlar alynýar hem şol wagtyň özünde ýitip gidýär».

«TRIWA toparynyň aýratynlygy – olar belli bir wagt geçensoň, eden işlerini bir sistema salmalydygyna düşünipdirler. Bu her öňýetene başardyp baranok, käte aýratyn gymmatly fotosuratlar hem geleňsizlik bilen ýitip gidýär. Şu babatda olar döwrüň şekilini döredýändiklerine düşünen bolsalar gerek. Bu işde Wladimir Sokolaýewiň aýratyn hyzmaty bar, ömrüniň soňky böleginde agyr keselli bolmagyna garamazdan, şol döwrüň ýadygärligini bir sistema salmagy hem ony goramagy başardy»diýip,fotodokumentalçy Oleg Klimow aýdýar.

Ýük düşürmek baradaky tabşyryk kagyzynyň doldurylyşy. № 1 Çörek kombinaty, 1980-nji ýylyň 15-nji dekabry.
Ýük düşürmek baradaky tabşyryk kagyzynyň doldurylyşy. № 1 Çörek kombinaty, 1980-nji ýylyň 15-nji dekabry.

Ýoldaşlarynyň ýatlamagyna görä, Trofimowy, Worobýowy hem Sokolaýewi şäherdehemmeler ýüzünden tanapdyrlar, olara surat almaga razylyk beripdirler, adaty fotosuratçylaryň baryp bilmeýän ýerine olar bökdençsiz barypdyrlar. Haçan-da, olar öz işlerini«demir germewiň»aňyrsyna çykarjak bolanlarynda, ýagny örän abraýly World Press Photohalkara konkursyna ýollamakçy bolanlarynda, pikirleri çaknyşypdyr.

«1980-nji ýyl— Olimpiada ýyly başlandy. Elbetde, ýurt örän gowy şekilde görünmelidi. Ine, şonda biziň pikirimiz azaşdy. Sokolaýew World Press Photogatnaşmak isledi. Men oňa: “Bu nämä gerek? Oňa gatnaşmak üçin, bir neşiriň agzasy bolmaly, bizde ol mümkinçilik ýok” diýdim. Wolodýa ikimiz oňa ýagdaýy düşündirip bilmedik, ol öz diýenini etdi»diýip,Aleksandr Trofimow ýatlaýar.

WPP konkursyna gatnaşmak isleýäniň arzasy Moskwanyň üstünden gidýär. Ýöne iberilen suratlar Kemerowo oblast partiýa komitetine gaýdyp gelýär. Ol ýerde bolsa bu suratlary«ýörite maksat bilen sosialistik durmuşy garalamak»hökmünde kabul edipdirler.Haýal etmezden olaryň fotolaboratoriýasyna KGB gullukçylary hem Halk kontrollygyndan adam gelýär.

«Nowokuznetsk işçiler toparynyň öňünde ýörite hat okalyp, biz ýalylaryň “ygtybarsyz” adamlardygy aýdyldy. Gena Morgunow diýip, bir höwesjeň fotosöýüji bardy, ol meniň gözümiň alnynda dik durup: “Begeniň, häzir 37-nji ýyl däl, şol döwür bolsa, men sizi öz elim bilen atardym” diýip gygyrdy. Bu nädip beýle bolýar? Biz düýn onuň bilen arak içýärdik ahyryn, indi bolsa ol bizi atmaga taýyn” diýip, Trofimow aýdýar.

«Ol döwür gaty howply boldy. Eger seni “halk duşmany” diýip ýazgarsalar, onuň yzynyň dowam etjegi gutulgysyz. Bu biziň çagalarymyza, aýalymyza-da degişli boljakdy. Biziň bolsa maşgalamyz bardy – diýip, Aleksandr Trofimow gürrüň berýär. – Bize işden çykmagy teklip etdiler. Sebäbi biz şäheriň esasy adamlaryny maşgaraçylygyň öňünde goýupdyk. Merkezi Komitetden adam geldi, olar hem: “Ine, halk duşmanlary! Antisowetçiler!” diýip gygyrdylar. Biz hakykatdanam munuň näme bilen gutarjagyny bilmeýärdik».

Aleksandr Trofimowyň gürrüňine görä, öňki tanyşlarynyň birnäçesi olar bilen salamlaşmajak bolup, gördükleri köçäniň beýle ýüzüne geçipdiler. Şonda olar gorkudan ýaňa gaty köp suraty ýakypdyrlar. Wladimir Worobýowyň daçasynda köp suratyň gara küle öwrülendigini Trofimow ýatlaýar.

«Ýüze çykan ýagdaý barada men onuň ýakyn dostundan eşitdim – diýip, Wladimiriň dogany Tatýana Sokolaýewa ýatlaýar. – Oňa ýolda duşdum, salam bersem “Seniň doganyň dissident!” diýip, gödek jogap gaýtardy. Men dissidentiň nämedigini bilmeýärdim, gazetler o barada ýazmaýardylar, ýöne bir ýakymsyz ýagdaýyň dörändigini aňdym. Aslynda Wolodýa hiç wagtda Sowet Soýuzyna garşy çykmandy, biz diňe şol döwre laýyk, şol döwrüň pikir-garaýşy bilen ýaşaýardyk. Beýle ýagdaýyň döremegine bizde ne içki, ne bir daşarky täsir ýokdy».

«Megerem, ol ynsanlar özleri düşünmezden geçmeli däl çäkden çykan bolsalar gerek, bu bolsa garşylyga getirdi. Ýogsam bolmasa, suratlar şol döwrüň şekilini aňladýar ahyryn, olar açyk, hiç bir boýagsyz. Ýöne şo döwürde şeýle arassa iş etmek mümkin däl hem howply bolandyr. Şonuň üçinem Wolodýa özüni şeýle atlandyrandyr»diýip,Wladimir Sokolaýewiň dogany düşündirýär.

1981-nji ýylda SSKP obkomynyň karary bilen TRIWA birleşigi resmi ýagdaýda dargadylýar. Fotosuratçylaryň durmuş ýoly bölünýär.Wladimir Sokolaýew bilen Wladimir Worobýow gündogar filosofiýasy bilen gyzyklanýarlar. Aleksandr Trofimow bolsa şäherdäki dürli fotoatelýelerde işleýär. 1980-nji ýyllaryň aýagynda Wladimir Sokolaýew Nowokuznetsk şäherinden, Moskwa gidýär. Ol ýerde galan Worobýow bilen Trofimowyň arasynda hiç bir gatnaşyk bolmandyr.

«Beýle toparlanyşykda adaty şertde şeýle ýagdaý ýüze çykýar – diýip, Oleg Klimow düşündirýär. – Ýöne SSSR-de köp fotoklublardan tapawutlylykda, TRIWA-nyň bir aýratynlygy bar, olar näme iş edendigine düşündiler hem ony goramagy başardylar. Ýogsam bolmasa, häzirki zamanyň ýaşlary SSSR durmuşyny propagandaçy “Prawda” gazetiniň fotosuratlaryndan bilmeli bolardylar. Olar bolsa dokumental suratlary bilen şol döwre şaýatlyk etdiler. Şonuň bilen birlikde, olar bir içki duýgy esasynda, öz suratlarynyň döwre şaýatlyk etjekdigine, hakykatyň dabaralanmagyna ynanypdyrlar. Şeýdip dogry edipdirler – muňa biz bu günki gün göz ýetirýäris».

Material AÝ/AR-nyň «Настоящее Время»gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG