Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB koronawirus bilen bagly ykdysady ýardam barada ylalaşmaga synanyşýar


Kipriň prezidenti Nikos Anastasiades we Germaniýanyň kansleri Angela Merkel COVID-19 pandemiýasynyň başyndan bäri ÝB-niň geçiren ilkinji ýüzbe-ýüz duşuşygynda salamlaşýarlar, Brussel, 17-nji iýul, 2020
Kipriň prezidenti Nikos Anastasiades we Germaniýanyň kansleri Angela Merkel COVID-19 pandemiýasynyň başyndan bäri ÝB-niň geçiren ilkinji ýüzbe-ýüz duşuşygynda salamlaşýarlar, Brussel, 17-nji iýul, 2020

Ýewropa Bileleşiginiň liderleri 20-nji iýulda geçirýän duşuşygynda bileleşigiň býujeti we koronawirus bilen bagly ykdydsady ýardam brada ylalaşyga gelmäge synanyşýarlar. Üç gün mundan öň geçirlen gepleşikler şowsuz boldy.

17-nji iýulda başlanan sammitiň iki günde tamamlanmagyna garaşylypdy, emma ol liderleriň ylalaşyga gelmegi üçin 19-njy iýula çenli uzaldylyp, 20-nji iýula çenli uzaga çekipdi. Liderler günüň aýagynda ylalaşyga gol çekmek barada ylalaşdylar.

Brýussel sammitinde taraplar arasynda gapma-garşylyk döredi, Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron Gollandiýanyň we Awstriýanyň liderleri bilen jedelleşdi we çykyp gitjekdigini aýtdy.

Gepleşiklere ýolbaşçylyk edýän Ýewropa Geňeşiniň başlygy Çarlz Mişel 27 agzaly ÝB liderine häzirki wagtda dünýädäki koronawirus sebäpli 600 000 - den gowrak adamyň ölendigini we krizis döwründe bilelikde durmagyň jogapkärçiligi barada duýdurdy.

Gepleşiklerde Ýewropany koronawirus pandemiýasy sebäpli ýüze çykan çökgünlikden çykarmak üçin 750 milliard ýewro (860 milliard dollar) möçberli karz we grant bukjasynyň göwrüminiň hem-de düzgünleriniň üstünde dawa turdy.

Şeýle-de, Ýewropa liderleri 2021-27-nji ýyllar üçin möçberi 1 trillion ýewrodan (1,14 trillion dollar) ybarat býujeti düzmäge synanyşýarlar.

XS
SM
MD
LG