Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Minskde žurnalistler KGB binasynyň golaýynda, metbugata garşy basyş sebäpli tussag edildi


Belarus. Minskdäki tutda-baslyklar. 28-nji iýul, 2020.

Tutda-baslyklar prezident Aleksandr Lukaşenka rus we günbatar habar beriş serişdelerine Belarusdaky wakalary habar berişleri üçin hüjüm edeninden birnäçe gün soň boldy.

Belarus polisiýasy paýtagt Minskdäki KGB-niň, döwlet howpsuzlyk gullugynyň binasynyň golaýynda azyndan 11 žurnalisti tussag etdi. Olar ýurduň ýakyn wagtda geçiriljek prezident saýlawlarynyň öňüsyrasynda metbugata garşy edilýän basyşyň ýene bir mysaly boldy.

28-nji iýuldaky tutda-baslyklar prezidentlige kandidat Wiktar Babarykanyň wekili onuň tussaglyk şertlerini üýtgetmek üçin KGB-ä haýyş bilen ýüz tutan wagtynda amala aşyryldy.

Howpsuzlyk güýçleri Babrykanyň wekili Mariýa Kolesnikowa degmedi, ýöne Babarykany türme tussaglygyndan öý tussaglygyna geçirmek babatda öz arzalaryny bermege synanyşan adamlaryň birnäçesi KGB binasynyň daşynda tussag edildi.

Belarusyň žurnalistler birleşiginiň başlygynyň orunbasary Boris Goretskiniň sözlerine görä, bu waka barada habar taýýarlamaga baran 11 žurnalist hem tussag edilipdir.

Olaryň üçüsinden başgasy biraz soň azat edildi diýip, ol Facebook sahypasynda aýtdy.

Tutulanlaryň arasynda Tut.by neşiriniň žurnalisti, Belsat teleýaýlymyndan dört žurnalist, BelaPAN-dan iki habarçy, Orsýetiň TASS habar gullugynyň fotožurnalisti we "Roýtersiň" habarçylary bar.

Tut.by habar web sahypasy howpsuzlyk güýçleriniň žurnalistleri, metbugat ygtyýarnamalaryny barlamak üçin, Içeri işler ministrliginiň Zawodskoýe etrap bölümine alyp gidendigini habar berdi.

Bu tutup saklamlar prezident Aleksandr Lukaşenka rus we günbatar habar beriş serişdelerine Belarusdaky wakalary habar berişleri üçin hüjüm edeninden birnäçe gün soň boldy.

Şeýle-de ol, "ýurduň kanunlaryny berjaý etmeýändikleri" üçin, "köpçülikleýin bidüzgünçilikleri" wagyz edýänleriň ýurtdan çykarylmaynga çagyrdy.

26 ýyl häkimiýet başynda bolan we 9-njy awgustda geçiriljek prezident saýlawlarynda altynjy prezidentlik möhletini almak isleýän Lukaşenka barha güýçlenýän oppozisiýa bilen ýüzbe-ýüz boldy.

Ýüzlerçe adam, şol sanda aktiwistler we bloggerler, hökümetiň saýlaw işgärleri tarapyndan hasaba alynmadyk oppozisiýa kandidatlaryny goldaýan ýörişlere we demonstrasiýalara garşy berk çäre görmegi sebäpli saklandy ýa-da tussag edildi.

Žurnalistleri goraýan komitetiň maglumatyna görä, 14-nji we 15-nji iýulda, Merkezi saýlaw toparynyň oppozisiýadan prezidentlige kandidatlar Waleriý Tsapkalany we Babarykany geljekki saýlawlarda dalaşgär hökmünde hasaba almazlyk baradaky kararyna garşy geçirilen protest ýörişleri wagtynda azyndan 17 žurnalist tussag edildi.

Belarus häkimiýetleri iýun aýynda, hamala, rugsat berilmedik protestlere gatnaşandygy üçin, azyndan 14 žurnalisti tussag etdi, maý aýynda bolsa, oppozisiýa kandidatlarynyň tussag edilişi barada maglumat taýýarlan bäş žurnalist tussag edildi.

Swýatlana Tsikhanouskaýa, prezidentlige kandidat
Swýatlana Tsikhanouskaýa, prezidentlige kandidat

Swýatlana Tsikhanouskaýa edeni öňünden gidýän Lukaşenka garşy esasy oppozision dalaşgär hökmünde orta çykdy.

Ol prezidentlige kandidat boldy, sebäbi tussagda oturan adamsy, tanymal blogçy Syarheý Tsikhanouski prezidentlige dalaş etmek isleýändigini aç-açan aýdandan soň tussag edildi.

Tsikhanouskaýa prezidentlige kandidat hökmünde hasaba alynmagy gadagan edilen iki oppozisiýa kandidatynyň - Belgazprombankyň öňki başlygy Babarykanyň we tanymal telekeçi Tsapkalanyň wekilleri bilen bilelikde kampaniýa alyp barýar.

Lukaşenkanyň güýçli bäsdeşi hasaplanýan Babaryka iýun aýynda pul ýuwmak, para bermek we salgyt tölemekden gaçmak aýyplamalarynda aýyplanyp tussag edildi. Ol bu aýyplamalary syýasy sebäpli diýip ret etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG