Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň döwlet azyk dükanlarynda nobat döreýär, “Teke bazarda” ýeňillikli satylýan ösümlik ýagy derrew gutarýar


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Şu günler paýtagtyň döwlet eýeçiligindäki azyk dükanlarynyň öňünde ösümlik ýagy, kartoşka we şeker ýaly iýmit önümlerini satyn almak üçin alyjylaryň uly nobatlary döreýär. “Teke bazarda” ir sagatlarda nagt däl görnüşde döwletiň kesgitlän nyrhynda ilata ýeňillikli hödürlenýän ösümlik ýagy gysga wagtyň içinde satylyp gutarýar.

Bular barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary habar berýärler.

“Teke bazarda ir bilen sagat 9:00-da nagt däl hasaplaşyk esasynda ösümlik ýagyny satyp başladylar. 9:30 töwereklerinde ösümlik ýagy satylyp gutardy” diýip, Azatlyk Radiosynyň bir habarçysy anonim şertde 18-nji martda paýtagtdan habar berdi.

“Ösümlik ýagyndan soň, towuk buduny satyp başladylar. Ol hem nagt däl hasaplaşyk bilen” diýip, ol aýdýar.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, agzalýan azyk önümleri “Teke bazarda” hususy söwda bilen deňeşdirilende ýeňillikli bahadan döwlet guramaçylygynda ilata hödürlenýär.

"Döwlet dükanlarynda we bazarda Russiýada öndürilen "Oleýna" ösümlik ýagynyň litri 13 manatdan satylýar. Towuk budunyň 1 kilogramy 10 manat. Hususy dükanlarda "Oleýna" ýagynyň litri 20 manat, towuk budunyň 1 kilogramy 20 manat" diýip, habarçy maglumatynyň üstüni ýetirdi.

Ýerli ýaşaýjylar azyk haryt üpjünçiliginiň Nowruz baýramçylygyndan soň ýaramazlaşmagyndan howatyr edýärler.

“Täze ýyl baýramçylygyndan soň ýag, şeker we towuk budunyň tekjelerden ýitirim boluşy ýaly, Nowruz baýramyndan soň azyk haryt üpjünçiligi kyn bolar” diýip, Aşgabadyň bir ýaşaýjysy anonim şertde Azatlygyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aladalaryny beýan etdi.

Ýatlasak, Täze ýyl baýramçylygynyň öňýany ýurduň bazarlarynda we döwlet dükanlarynda ýeňillikli bahadan döwlet guramaçylygynda iýmit önümleri, şol sanda gök-bakja we miweler satuwa çykaryldy, ýöne baýramçylygyň yzýany “wagtlaýyn bolçulyk” aradan aýrylypdy.

“Ir ertirler döwlet dükanlarynyň öňünde ösümlik ýagy, kartoşka we şeker satyn almak üçin döwlet dükanlarynyň öňünde nobata garaşýan köpçüligi görýärin” diýip, Azatlyk Radiosynyň paýtagtly ikinji habarçysy aýdýar.

Onuň maglumatlaryna görä, “Oleýna” ösümlik ýagy döwlet dükanlarynda 13 manatdan satylýar, hususy söwdada onuň bahasy 17 manada çenli çykýar, şeýle-de, hususy “Kämil” söwda merkezinde 9 manatdan satylýan ýeralmasy, döwlet dükanlarynda 6 manatdan satylýar. “Ýöne onuň hili gowy däl” diýip, habarçy sözüne goşýar.

Türkmenistanda soňky üç ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklar bilen, hususy we döwlet dükanlarynyň arasynda harytlaryň bahalary boýunça uly aratapawut emele geldi. Ykdysady kynçylyklar döwlet dükanlarynda harytlaryň “gytçylygyna” hususy dükanlarda bolsa olaryň “gymmatçylygyna” alyp geldi. Galyberse-de, giň ýaýran işsizlik hem-de aýlyklaryň we döwlet kömek pullarynyň degişlilikdäki pes möçberi ýurt raýatlarynyň bazar sebedine agram saldy.

2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri Türkmenistanda iň pes aýlyk haky 870 manat, iň pes döwlet kömek puly 322 manat, iň pes pensiýa haky 338 manat möçberinde kesgitlenýär.

Azyk haryt üpjünçiligi bilen bagly problemalar şu günler ýurduň dürli regionlarynda ýüze çykýar.

17-nji martda Turkmen.News neşiri Baýramaly, Garagum we Mary etraplarynyň döwlet dükanlarynda hili pes pagta ýagynyň 1 litriniň 6 manatdan satylýandygyny habar berdi. “Ýag dükanlara çäkli möçberde getirilýär, hepdede bir gezekden köp däl” diýip, neşir ýazýar. Oktýabr aýynda pagta ýagynyň 1 litri Marynyň döwlet dükanlarynda 2 manat 60 teňňeden satylýardy.

“Eýran serhediniň ýapylmagy bilen import edilýän harytlaryň bahasy üznüksiz ýokarlanýar. Täze ýyldan öň Aşgabatda bahasy 6 manat bolan 1 kilogram banan 40-42 manada satylýar, 10 manatlyk mandarin 50-55 manada çykdy, 9 manatlyk almalar 28 manat we ondan ýokary. Bularyň hemmesi döwlet dükanlaryndaky bahalar. Mysal üçin, “Kämil” supermarketinde alma 55-58 manat, Teke bazarda banan 70 manada çykdy” diýip, neşir 17-nji martda habar berdi.

18-nji martda “Teke bazarda” bananyň bahasy sähel arzanlady. Azatlyk Radiosynyň habarçysy çarşenbe güni bu bazarda bananyň 1 kilogramynyň 50 manatdan bahalanýandygyny habar berdi. Ol bazardaky beýleki käbir iýmit önümleriniň 1 kilogramynyň bahalary boýunça maglumat berdi:

  • Ýeralmasy – 8 manat 80 teňňe
  • Pomidor – 8 manat
  • Sogan – 4 manat 80 teňňe
  • Alma – 9-15 manat aralygynda
  • Nar – 15-25 manat aralygynda

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG