Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

BSG ýurtda garaşsyz saglyk barlaglarynyň geçirilmegine çagyrýar, Berdimuhamedow 'razy boldy'


BSG-niň baş direktory Tedros Gebreisus türkmen prezidenti bilen gürleşdi, TDH esasy habary aýtmady.

Hans Klýugäniň ýazmagyna görä, BSG Türkmenistanda pnewoniýa bilen keselleýänleriň sanynyň ýokarlanmagyndan çynlakaý alada bildirdi we guramanyň hünärmenleriniň ýurt içinde garaşsyz synaglaryny geçirmäge rugsat berilmegini sorady. 


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 7-nji awgustda Bütindünýä saglyk guramasynyň baş direktory Tedros Gebreisus we bu guramanyň Ýewropa ýurtlary boýunça sebit direktory Hans Klýuge bilen wideoduşuşyk geçirdi, BSG Türkmenistanda garaşsyz barlaglaryň geçirilmegine çagyrýar, TDH Aşgabadyň howply keseliň ýaýramagyna garşy görýän çärelerine ýokary baha berlendigini aýdýar.

Bu wideoduşuşyk türkmen prezidentiniň dynç alyşdan dolanan birinji gününde, türkmen aktiwistleriniň 29-njy iýulda ABŞ-nyň paýtagty Waşingtonda, Bütindünýä saglyk guramasynyň edarasynyň öňünde geçiren protest çäresiniň bir hepde gowrak soňundan guraldy.

Türkmen aktiwistleri ýurtda bir hadysasy hem resmi taýdan hasaba alynmadyk keselden günde onlarça adamyň ölýändigini, häkimiýetleriň maglumatlary ýaşyrýandygyny we ilatyň aldajy keseliň öňünde goragsyz, şol bir wagtda azyk, pul ýetmezçiliginde galandygyny öňe sürýärler.

ABŞ-da türkmen aktiwistleri protest geçirip, BSG-dan düşündiriş soradylar
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:33 0:00

Türkmen häkimiýetleri aktiwistleriň çagyryşlaryna göni reaksiýa bildirmeýärler, şol bir wagtda 19-njy iýulda Stambulda, türkmen konsullygynyň öňünde koronawirus aladalary bilen bagly guralan ygtyýar berilmedik protest wagtynda saklanan aktiwist Dürsoltan Taganowanyň 20-nji iýuldan bäri deportasiýa lagerinde saklanylýandygy, türkmen diplomatlarynyň ony ýanaýandygy habar berilýär.

BSG-niň Ýewropa ýurtlary boýunça regional direktory Hans Klýugäniň öz Twitter we Facebook hasaplarynda ýazmagyna görä, wideoduşuşyk wagtynda BSG COVID-19 hadysasynyň ýekejesini hem resmi taýdan hasaba almadyk ýurtda pnewoniýa bilen keselleýänleriň sanynyň ýokarlanmagyndan çynlakaý alada bildirdi we guramanyň hünärmenleriniň Türkmenistanda garaşsyz synaglaryny geçirmäge rugsat berilmegini sorady.

Şeýle-de ol analizleriň BSG-niň öz laboratoriýalarynda öwrenilmegi üçin alnyp gaýdylmagyna rugsat soralandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň döwlet habar gullugy we TW-si döwlet baştutanynyň dünýä saglyk guramasynyň ýolbaşçylary bilen geçiren wideo duşuşygynda edilen esasy gürrüňi aýtmakdan saklanýar.

Emma muňa garamazdan, Klýugäniň ýazmagyna görä, prezident Berdimuhamedow BSG-niň hünärmenleriniň Türkmenistanda garaşsyz saglyk barlaglaryny, ýagny koronawirus synagyny geçirmegi we analizleri özleri bilen alyp gaýdyp, BSG-niň laboratoriýalarynda öwrenmegi baradaky teklibi kabul edipdir.

TDH duşuşyk baradaky habarynda, Berdimuhamedowyň sözlerini sitirläp, wirusyň ýaýramagynyň “howa-damja ýoluna” ünsi çekýär. Habarlardan mälim bolşy ýaly, ozal ýüz maskalaryny gadagan eden Türkmenistan soň ýüz maskalarynyň hökmany talaba öwrülmegini howadaky tozanyň derejesiniň köpelmegi bilen düşündirdi.

Berdimuhamedow bu pikirini ozal öňki gazak prezidenti Nursoltan Nazarbaýew we beýleki käbir liderler bilen eden telefon gürrüňinde hem gaýtalady.

Şeýle-de ol sebitde “çalt ýaýraýan, gelip çykyşy näbelli bolan öýken sowuklama keseli” barada aýdyp, “bu keseli täze koronawirus döredýär diýen pikir hem bar” diýdi we BSG-niň sebit býurosynyň “öýken sowuklama keseline garşy göreşmek boýunça sebitleýin usulyny döretmek barada oýlanmagy” teklip etdi.

Prezident Tedros Gebreisus we Hans Klýuge bilen bolan duşuşykdan soň türkmen DIM-niň başlygy Reşit Meredow, saglyk ministri Nurmuhammet Amannepesow dagy bilen wideoduşuşyk geçirip, TDH-nyň anyklaşdyrmazdan ýazmagyna görä, BSG bilen işjeň hyzmatdaşlygy dowam etmegi tabşyrdy.

BSG-niň hünärmenleri Türkmenistana 6-njy iýulda, ençeme hepde gijikmeden soň geldi we on gün bolup, resmi Aşgabadyň ýurtda hiç bir CODID-19 näsagynyň resmi hasaba alynmandygy barada aýdýanlaryny, şeýle-de häkimiýetleriň kesel ýaýramagynyň öňüni almak üçin wagtynda gören netijeli çärelerini tassyk etdi.

Emma muňa garamazdan, Azatlygyň habarçylary ýurtda keselden ölýän adamlaryň adatdakylardan örän köpelendigini we saglyk ulgamynyň işgärleriniň karantin zonalarynda işlemekden boýun gaçyrýandyklaryny, sebäbi olaryň gorag serişdeleri bilen ýeterlik üpjün edilmeýändigini habar berýärler.

Şu aralykda ABŞ-nyň Döwlet departamenti syýahatçylaryň syýahat etmekleri üçin Türkmenistanyň reýtingini üýtgetdi we saglyk howpy sebäpli ýurda gitmezligi maslahat berýär.

ABŞ-nyň Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkezleriniň (CDC) Türkmenistana COVID-19-yň ýokuşma howpy boýunça üçünji, iň ýokary derejäni berendigi habar berilýär.

Şeýle-de CDC web sahypasy Türkmenistanda COVID-19 bilen baglanyşykly ýagdaý barada maglumatyň ýokdugyny habar berdi.

ABŞ raýatlaryna, gaty zerur bolmasa, Türkmenistana sapar etmek maslahat berilmeýär. Türkmen hökümeti BSG-ä koronawirus ýokuşmasy bilen baglanyşykly hiç bir maglumat bermedi.

CDC diňe Fiji, Bonaire, Saba, Keramatly Bartelemi, Sint Eustatius, Täze Zelandiýa we Taýland adalary ýaly ýer-ýurtlary howpsuz hasaplanýar.

ABŞ-nyň Daşary işler edarasy Türkmenistana gelýän jahankeşdeleriň serhetleriň, howa menzilleriniň duýdansyz ýapylmagy, öýlerinden çykmazlyk buýruklary we koronawirus bilen baglanyşykly beýleki çäklendiriji çäreler bilen ýüzbe-ýüz bolup biljekdigini duýdurýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (2)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG