Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow ýene gallaçylaryň we žurnalistleriň iş şertlerini ýokarlandyrmagyň 'aladasyny etdi'


Öňünden ýörite taýýarlanan we ýurduň sebitlerinden getirilen çagalar her ýyl prezidente bugdaý planynyň doldurylandygyny buşlaýar.
Öňünden ýörite taýýarlanan we ýurduň sebitlerinden getirilen çagalar her ýyl prezidente bugdaý planynyň doldurylandygyny buşlaýar.

Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine döwrebap teleradio enjamlaryny satyn almak, gurnamak we ulanyşa girizmek barada “Sony Professional Solutions MEA FZ-LLC” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 14-nji awgustda, anyklaşdyrmazdan, 2021-nji ýylda “bellenen meýdana bugdaý ekip, degişli möçberde hasyl almagy üpjün etmek” baradaky karara gol çekdi.

Türkmenistan iýulyň başynda bugdaý planyny dolandygyny, ýurtda bu ýyl 1 million 400 müň tonna bugdaý hasylynyň ýygnalyp alnandygyny habar berdi. Emma ýurduň sebitlerinde geçen ýyldan bäri dowam edýän çörek, un gytçylygy saklanyp galýar, Azatlygyň habarçylary oba adamlarynyň çörek üçin paýtagta gelýändigini habar berýärler.

TDH bu karara “bugdaýyň öndürilişini has-da artdyrmak”, “daýhan birleşikleriniň, kärendeçileriň we ýer eýeleriniň öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli zerur şertleri döretmek maksady bilen” gol çekilendigini habar berýär.

Döwlet eýeçiligindäki neşir ozal daýhanlar üçin ähli şertiň döredilendigini, ýurda azyk howpsuzlygynyň üpjün edilendigini aýdýardy.

Täze karara laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine ýerleriň kärendeçileri, peýdalanyjylary we eýeleri bilen şertnamalary baglaşmak esasynda, 2021-nji ýylyň hasyly üçin bellenen meýdana bugdaý ekip, degişli möçberde hasyl almagy üpjün etmek tabşyryldy. Elbetde, ministrlik bu tabşyrygy welaýat ýolbaşçylary bilen bilelikde berjaý etmeli.

Synçylar we Azatlyk bilen açyk ýa-da anonimlik şertinde gürleşýän hünärmenler, daýhanlar ýurduň oba hojalygynyň ozal ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň alyp baran “täze oba syýasaty”, soňra häzirki prezidentiň “oba hojalyk özgertmeleri” esasynda çökendigini, oba hojalygyndaky önüm öndürijilere berilmedik “azat bazar hukuklarynyň we ykdysady erkinlikleriň açlyga alyp gelendigini” aýdýarlar.

Şeýle-de prezident bäşinji gün “Teleradioýaýlymlaryň alyp barýan işleriniň hilini ýokarlandyrmak” baradaky karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine döwrebap teleradio enjamlaryny satyn almak, gurnamak we ulanyşa girizmek barada Birleşen Arap Emirliklerindäki “Sony Professional Solutions MEA FZ-LLC” kompaniýasy (Ýaponiýa) bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Azatlygyň ozal hem habar berşi ýaly, türkmen prezidenti TW gepleşikleriniň hilinden hemişe nägile bolýar we ýolbaşçylary täzeläp, “döwrebap teleradio enjamlaryny satyn almak” üçin yzygiderli serişde goýberýär.

Şol bir wagtda-da ol habar serişdeleriniň esasy wezipesiniň “ýurtda gazanylan üstünlikleri berjaý etmekden ybaratdygyny” adýar.

Synçylar bu talabyň habar serişdlerini “berk döwlet senzurasy astyna salandygyny” we ýurtdaky problemalary agzaman, diňe “üstünlikleri, hususan-da Hormatly Prezidenti öwýän” medianyň ilaty “başga ýurtlaryň habar serişdeleriniň öňüne kowýandygyny” aýdýarlar.

Türkmen kanunlary metbugata senzura edilmegini gadagan edýär, garaşsyz metbugatyň döredilmegini kepillendirýär. Emma ýurtda ýekeje hem garaşsyz habar serişdesi ýok we daşary ýurtlardaky neşirler bilen hyzmatdaşlyk edýän garaşsyz žurnalistler yzygiderli ýanalýar we gorkuzylýar.

Türkmenistan dünýäde metbugat azatlygy boýunça iň yzdaky orunlarda durýar we metbugat azatlygyna gözegçilik edýän guramalar prezident G.Berdimuhamedowy "internetiň duşmanlarynyň" sanawyna goşýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG