Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Goşundaky açlyk dowam edýär, TW wagyzlary parahorlugy güýçlendirýär


Türkmen mediasy goşundaky ýagdaýlary mydama "iň gowy görnüşde" görkezmäge çalyşýar, problemalary agzamaýar.
Türkmen mediasy goşundaky ýagdaýlary mydama "iň gowy görnüşde" görkezmäge çalyşýar, problemalary agzamaýar.

“Eliň bilen göterip, kän zat eltip bolanok. Elten azygyň baran badyňa gutarýar. Sebäbi esgerler yzlaryndan gelen zady bile iýýärler" diýip, esger enesi aýtdy.

Türkmen goşunyndaky azyk ýetmezçiligi, parahorlyk dowam edýär, garaşsyz neşir ogullarynyň Serhetabatdaky serhet galasyna düşmegi üçin para beren ene-atalaryň lapykeç bolandyklaryny habar berýär.

Azatlygyň habarçylarynyň maglumatyna görä, diňe Serhetabatdaky harby bölümde däl, beýleki ýerlerdäki goşun bölümlerinde hem ýagdaý gowulaşmaýar, soňky döwürde bolsa, bazarlarda azyk önümleriniň bahalarynyň gymmatlamagy bilen, maşgalasyndan gelýän pula çig ýeralma ýa bişirilen azyk önümlerini satyn alýan esgerleriň hem ýagdaýy agyrlaşýar.

Ogly Balkan sebitindäki harby bölümleriň birinde gulluk edýän aşgabatly zenan Azatlyk bilen söhbetdeş bolup, goşundaky azyk ýetmezçiliginiň adaty bir zada öwrülendigini, ene-atalaryň indi egser ogullaryny özleri gatnap naharlamaly ýaly duýýandyklaryny gürrüň berdi.

Adynyň aýdylmazlygyny soran 50 ýaşly ene golaýda birnäçe halta azyk ýüklenip, oglunyň yzyndan gidip-gelipdir we ony üç-dört gün elin naharlap, öz sözleri bilen aýtsak, biraz gurplandyrmaga çalşypdyr.

“Otla münüp, eliň bilen göterip, kän zat eltip bolanok. Elten zadyň hem baran badyňa gutarýar. Sebäbi esgerler yzlaryndan gelen zady bile iýýärler. Emma men bir tanşymyň öýünde bolup, arasynda bazardan hem zat alyp, oglumy iki-üç gün naharlaýaryn. Elbetde, komandirden rugsat almagam goşmaça çykdajy bolýar” diýip, esger enesi aýtdy.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolýan eneleriň gürrüňlerinden, garaşsyz neşirlerde çykýan habarlardan tapawutlylykda, Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki habar serişdeleri, şol sanda türkmen hökümetine tarapdar neşirler goşunda esgerler üçin döredilýän şertlerde hiç bir kemçilik görmeýärler.

Döwlet TW-siniň aşa öwgüli gepleşikleri bolsa, çagasyny alada edýän ene-atalaryň käbiriniň gowy diýiýän harby bölümleriň ýolbaşçylaryna para berip, esger ogluna kömek etjek bolmagyna alyp gelýär diýip, synçylar aýdýar.

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň maglumatyna görä, ene-atalar soňky ýyllarda ogullarynyň prezident Berdimuhamedow tarapyndan açylan serhet galasyna düşmegi üçin para berýärler.

2018-nji ýylyň fewralynda Serhetabatda, ýurduň prezidentiniň gatnaşmagynda açylan we ulanmaga berlen serhet galasy, türkmen telewideniýesiniň maglumatlaryna görä, gulluk etmek üçin iň gowy bölümleriň biri bolup durýar.

Garaşsyz neşir bu harby bölümiň ýolbaşçylarynyň ogullaryny Serhetabat serhet galasyna ýerleşdirjek ene-atalara kömek etmäge taýýardyklaryny, ýöne munuň üçin 300 manat tölemelidigini habar berýär.

“Ene-atalar töleýärler, ýöne soňra serhet galasynyň telewideniýede görkezilişi ýaly däldigi belli bolýar” diýip, TH ýazýar.

“Meniň oglum goşun gullugyna gitmänkä, onuň agramy 73 kilogramdy, bir ýyl gulluk edenden soň, onuň agramy 56 kilograma düşdi” diýip, esger enesi aýda bir gezek oglunyň yzyndan azyk eltmäge çalyşýandygyny gürrüň berýär.

Resmi maglumatlara görä, “esgerlere gündelik 180 gram et, 50 gram gant, 200 gram kisel ýa şerbet içgisi, 800 gram çörek, 300 gram kartoşka, tüwi-greçka ýaly dänelik azyk önümi, 30 gram mesge, 100 gram ösümlik ýagy” berilýär.

Munuň daşyndan, dynç alyş günlerinde, döwlet baýramçylyklarynda “her esgere iki ýumurtga, 300 gramdan az bolmadyk iki sany alma, hepdede bir gezek 400 gram süýt” berilýär.

Emma serhetçi esgeriň enesi öz oglunyň sözlerine salgylanyp, olaryň aýda 1-2 gezek et iýýändigini, esasy iýmitleriniň bugdaý ýarmasy bilen ýeralmadygyny aýdýar.

Munuň üstesine, esgerler her aýda ýuwujy serişdeler üçin 100 manat tölemeli, täze eşik üçin bolsa 250 manat tölemeli, hakykatda bu zatlar mugt berilmeli diýip, TH ýazýar.

Şeýle-de neşir Serhetabatda gulluk edýän esgerleriň öýleri bilen telefonda 3 minut gürleşmek üçin ofiserlere 30 manat para bermelidigini, daşary ýurtda işleýän ene-atalar bilen 2 minut gürleşmek üçin 60 manat para bermelidigini habar berýär.

Türkmen häkimiýetleri bu maglumatlary ne tassyklaýar, ne-de ret edýär.

2007-nji ýylda Türkmenistanda häkimiýet täzelenenden soň, türkmen goşunyndaky ýagdaý hem üýtgedi, hökümete tarapdar media muny “Berdimuhamedowyň harby doktorinasynyň kabul edilmegi, oba hojalygy boýunça iş alyp barýan harby birikmeleriň ýatyrylmagy” bilen baglanyşdyrdy.

Ýöne prezident golaýda harbylary gök, miwe öndürmekde, mürepbe gaýnatmakda ulanmak planyny yglan etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG