Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda we Lebapda orak dabaralaryna taýýarlyk görülýär, adamlary Oraza baýramynda ýowara çykardylar


Galla baýramy. Arhiw suraty
Galla baýramy. Arhiw suraty

"Mejbury-meýletin bugdaý otagyna çykmajak bolsaň, mekdep ýolbaşçylaryna, keselhana ýa medeniýet öýleriniň başlyklaryna 30 manatdan 50 manada çenli aralykda para bermeli" diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistanyň regionlarynda bugdaý oragynyň telewideniýe sahnalary üçin taýýarlyk işleri görülýär, adamlary dynç we baýram günlerinde mejbury-meýletin ýowara çykarýarlar.

Bu ýowarlar prezidentiň maýyň başynda resmilere raýatlaryň hukuklaryny goramagyň ähmiýetini ýatlatmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Azatlygyň Marydaky we Lebapdaky habarçylary 24-nji maýda, aýry-aýrylykda adamlaryň ekin meýdanlarynda, ýygnaljak bugdaý hasylynyň tabşyrylmaly galla ammarlarynda arassaçylyk işlerine mejbur edilýändigini habar berdiler.

"Mary welaýatynyň Sakarçäge, Mary etraplarynda adamlary dynç günlerinde ýowarlara çykarýarlar, bu etraplara prezidentiň sapar etjekdigi hakynda resmi taýdan anyklap bolmaýan maglumatlar bar" diýip, Marydaky habarçymyz ilki habar berdi.

Onuň sözlerine görä, bu sebitdäki döwlet edaralarynyň ählisini ýowara 10-15 adamdan ibermäge borçly etdiler. Hususan-da "Türkmengallaönümleri" döwlet birleşiginiň Marydaky işgärleri ýowara köp adam çykarmaly boldy.

Ýowara iberilen adamlary esasan bugdaý oragynyň başlanjak ýerlerinde, galla tabşyrylmaly ammarlary arassalamak işlerinde işledýärler diýip, habarçy aýtdy.


Adamlary ekin meýdanlaryna awtobuslarda getirýärler, olaryň tabşyrylan işleri prezident gelmezinden öň gutarmalydygy, şonuň üçin Oraza baýramyna garaman işlemelidigi düşündirildi. Emma prezidentiň anyk haçan we nirä gelejekdigi açyk aýdylmaýar diýip, bazar güni gelip gowşan maglumatda bellenýär.

Adynyň aýdylmazlygyny soran resmi iki gün bäri dowam etdirilýän ýowaryň prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň galla oragynyň başlanmagy mynasybetli Mara etjek iş sapary bilen bagly bolmagynyň mümkindigini, ýöne özüniň häzir anyk bir zat aýdyp bilmejekdigini aýtdy.

Şol bir wagtda, döwlet baştutanynyň Mary welaýatyna 5-nji iýunda sapar etmegine garaşylýandygyny ýaňzydan resmiler hem boldy.

Azatlyk fewralda Marydaky arassaçylyk işgärleriniň gije sagat 11-e çenli işlemäge mejbur edilýändiguini habar beripdi.

2018-nji ýylyň ýanwarynda bolsa Azatlyk prezidentiň Mara etjek saparyndan öň meýdanlaryň ot-çöplerden arassalanyşy barada fotosergi hem çap etdi.

Galla oragynyň öňünden geçirilýän mejbury ýowar baradaky maglumaty Azatlygyň Lebapdaky habarçysy hem tassyk etdi.


Onuň sözlerine görä, Lebap welaýatynyň günorta etraplarynda, ençeme daýhan birleşiginde dabaraly bugdaý oragyny ýazgy etmek, surata almak üçin taýýarlyk görülýär.

"Saýat etrabynyň Ýagtyýol, Watan daýhan birleşiklerinde, Hojambaz etrabynyň Güneşli, Ýolbaşçy daýhan birleşiklerinde bugdaý oragyna başlanmagynyň dabaralaryny surata almaga taýýarlyk görülýär" diýip, habarçy aýtdy.

Häzir bu çäreler üçin meýdanlary haşal otlardan arassalamak işleri alnyp barylýar, bugdaý meýdanlaryny telewideniýede arassa, owadan we tämiz edip görkezmek üçin bir topar tagalla edilýär, mekdep okuwçylary we edara işgärleri otag işlerine çykarylýar diýip, habarçy sözüniň üstüni ýetirdi.

"Mejbury-meýletin bugdaý otagyna çykmajak bolsaň, mekdep ýolbaşçylaryna, keselhana ýa medeniýet öýleriniň başlyklaryna 30 manatdan 50 manada çenli aralykda para bermeli bolýar" diýip, habarçy aýtdy.

Gürrüňi edilýän etraplarda häzir howanyň yssylygy 41 derejeden hem ýokary geçýär, emma muňa garamazdan, mehanizatorlardan reňki solan traktorlaryny, ýük ulaglaryny öz hasaplaryna reňklemek talap edilýär.


Şeýle-de olar öz tehnikalarynyň öň aýnasynda prezidentiň portretini, beýleki döwlet nyşanlaryny goýmaga, kabinalaryň depesinde dikmek üçin döwlet baýdagyny satyn almaga borçly edildi.

Mundan başga, teatrlaşdyrylan sahnalar üçin soýulýan goýun-geçileriň pulunyň çopanlaryň aýlyklaryndan tutulmaly edilendigi habar berilýär.

Bugdaý oragynyň dabarasy üçin taýýarlanylýan çäreler hökümet başlygynyň medeniýet we metbugat boýunça orunbasary Bahargül Abdyýewa berk käýinç we soňky duýduryş bermeginiň yz ýanyna gabat geldi.

“Öňde boljak baýramçylyklar mynasybetli meýilleşdirilen ähli medeni-köpçülikleýin çäreleriň taýýarlygyna jogapkärçilikli çemeleşilmeli” diýip, prezident Abdyýewa goýberen kemçiliklerini düzetmek üçin soňky duýduryşyny berdi.


Synçylar soňky ýyllarda ýurtda iň bol zadyň medeni-köpçülik çäresi bolandygyny, dabara-şowhunlaryň uludan tutulmagyna dünýäni aljyradan koronowirus pandemiýasyndan abanyp biljek howpuň hem päsgel bermändigini belleýärler.

Türkmenistanda soňky ýyllarda ekiş, orak, hasyl dabaralary uludan tutulýar, bu çärelere köp adam we tehnika gatnaşdyrylýar, emma ýurtdaky azyk gytçylygy, türkmen bazarynyň daşary ýurtlaryň önüm öndürijilerine garaşly bolmagy saklanyp galýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG