Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ene-atalaryň studentlere pul ibermekdäki kynçylyklary gowzamaýar


Türkmenistanda pul ibermek üçin nobata ýazylýan adamlar. Arhiwden alnan surat.
Türkmenistanda pul ibermek üçin nobata ýazylýan adamlar. Arhiwden alnan surat.

Türkmenistanyň banklary daşary ýurtlarda okaýan türkmen studentleriniň okuw töleglerini ibermek düzgünlerine täze çäklendirme girizenden soň, munuň bilen bagly ýurt raýatlarynyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada Azatlyk Radiosyna maglumatlaryň gelip gowuşmagy dowam edýär.

Bu barada Russiýada okaýan studentleriň we olaryň Türkmenistanda ýaşaýan ene-atalarynyň ençemesi Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň birine habar berdi.

"14-nji awgustda, anna güni Kazandäki, Saranskdäki we Çeboksarydäki uniwersitetleriň studentleriniň wekilleri hem Moskwa geldi. Olar bu ýerde türkmen ilçihanasyna baryp, studentleriň resminamalaryny berip, olara möhür goýdurmakçy boldular. Ýöne ilçihananyň garawuly studentleriň wekilleri bilen gödek gürleşip, "Bizar bolduk! Ilçihana bu meseläni çözmeýär. Baryň hemmäňiz gidiň we...!" diýip, jogap berdi" diýip, ýagdaýa şaýat bolan studentleriň biri habarçymyza gürrüň berdi.

Bu aralykda, 17-nji awgustda Moskwadaky türkmen ilçihanasyna baran türkmen studentleriniň birnäçesiniň aýtmagyna görä, ilçihananyň bir işgäri studentleriň resminamalaryna möhür goýmak barada Aşgabatdan gelip gowuşan resmi buýrugyň ýokdugyny aýdypdyr.

"Ol munuň studentleriň we pul iberýänleriň sanyny azaltmak üçin Aşgabatda oýlanyp tapylandygyny öňe sürdi" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan studentleriň biri habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň bu barada Moskwadaky türkmen ilçihanasyndan we ýurduň Daşary işler ministrliginden kommentariý almak boýunça eden yzygiderli synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.

14-nji awgustda Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň banklarynyň daşary ýurtlarda okaýan çagalaryna pul iberjek ene-atalardan degişli ýokary okuw jaýynyň (ÝOJ) beren resminamasyna türkmen ilçihanasynyň resmi möhürini goýdurmagy hem talap edýändigini habar berdi.

Ýöne Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy bilen habarlaşan Russiýadaky we Belarusdaky studentler hem-de olaryň Türkmenistandaky ene-atalary türkmen ilçihanalarynyň resminamalaryna möhür goýdurmak üçin baran ýurt raýatlaryny kabul etmeýändigini habar berdiler.

Şol bir wagtda, manady resmi kurs boýunça dollara çalşyp, walýutany daşary ýurt ÝOJ-laryna iberip berýän "Senagat", "Türkmenbaşy" we "Türkmen-türk" banklary bolsa, ene-atalara türkmen ilçihanasynyň möhüri bolmasa, çagalarynyň täze okuw ýyly üçin tölegleriniň geçirilmejekdigini tekrarlaýarlar.

Geçen hepde ene-atalaryň bir topary banklaryň talap edýän möhürini türkmen ilçihanalaryndan alyp bolmaýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine hem ýüzlendi. Ýöne bu ýerdäki resmiler olara: "Baryň, banklaryňyz bilen çözülişiň!" diýmek bilen çäklendiler.

"Bizi bir edaradan beýleki edara iberýärler. Ýöne resmi buýrugy görkezmeýärler. Anyk bir zat aýtmaýarlar. Häzir biz çykgynsyz ýagdaýda" diýip, ene-atalaryň biri aýtdy.

Bu aralykda, dünýäde koronawirus pandemiýasy sebäpli girizilen karantin düzgünleri, şol sanda çäklendirmeler sebäpli daşary ýurtlarda okaýan türkmen studentleriniň käbiri öz okaýan ÝOJ-laryndan resminama almakda hem kynçylyk çekýär.

Studentleriň we olaryň ene-atalarynyň sözüne görä, şeýle kynçylyklary Russiýanyň Iwanowo döwlet uniwersitetinde okaýan türkmenistanlylar başdan geçirýärler.

"Biziň şäherimiz, şol sanda uniwersitetimiz karantinde bolany sebäpli okuw jaýynyň köp bölümi işlemeýär. Ençeme türkmen studenti özlerine bu uniwersitetde okaýandygy baradaky resminamanyň berilmegini sorap, dekanada ýüzlendi. Ýöne dekanat 20-nji awgustda işläp başlaýar" diýip, bu uniwersitetde okaýan türkmen studentleriniň biri habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň bu barada Iwanowo döwlet uniwersiteti bilen habarlaşyp, kommentariý almak synanyşyklary netije bermedi.

2016-njy ýylyň ýanwarynda Türkmenistanda walýutanyň resmi söwdasy ýatyrylandan soň, ýurtda dollaryň iki - resmi we "gara bazar" - nyrhy emele geldi. Merkezi bank dollaryň resmi kursyny 3,5 manat möçberinde saklap gelýän wagty, onuň "gara bazardaky" bahasy 25 manada ýetdi.

Ýurtda dollaryň resmi söwdasy gadagan edileni bäri türkmen banklary çagalary daşary ýurtlarda okaýan raýatlara käbir konwertasiýa ýeňilliklerini hödürleýär. Muňa laýyklykda, ene-atalar çagalarynyň daşary ýurtda okaýandygy baradaky resminamalaryň ençemesini banklara tabşyrandan soň, olaryň okuw we umumy ýasaýyş jaý töleglerini milli manatda geçirip, dollaryň resmi kursunda ÝOJ-lara iberip bilýärler.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, türkmen häkimiýetleri ilatyň pul ibermek düzgünlerini yzygiderli çäklendirýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG