Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Maryda býujet işgärleri mejbury pagta ýygymyna çekilip başlandy


Illýustrasiýa suraty

Mary welaýatynda her ýyl bolşy ýaly ýene döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri pagta ýygymyna gatnaşdyrylyp başlandy. Býujet işgärleri bu çäre üçin pul bermäge-de mejbur edilýär diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 17-nji awgustda Marydan habar berdi.

"Aýyň 17-ne pagta ýygymy doly başlandy. Oba-hojalyk edaralary bu işe 10-njy awgustda girişipdi. Hassahanalardan, welaýatyň çaphanasyndan we beýleki döwlet edaralaryndan, şeýle-de kommunal edaralardan günde 5 adam pagta ýygymyna gitmeli edildi" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy agzalýan edaralarda işleýän býujet işgärlerine salgylanyp gürrüň berdi.

Belläp geçsek, Türkmenistan, şol sanda Mary welaýaty pagta ýygymyna resmi derejede entek girişmedi.

Işgärleriň sözüne göra, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary işgärleriň özi pagta ýygymyna gitmese, onda olaryň özlerine derek adam ugratmalydyklaryny hem duýdurypdyrlar.

"Her adam öz gezegi ýetende, özüne derek adam ibermek üçin her gününe 20 manat pul bermeli. Şol bir wagtda, işgär öňküsi ýaly işe gelip, öz işini berjaý etmeli. Eger ýatymlyk pagta gidilse, onda işgär deregine gidýän adam üçin azyndan 30 manat tölemeli. Ýygyma gatnaşmakdan ýa-da pul tölemekden ýüz öwren işgärlere, adatça bolşy ýaly, işinden kowulmak howpy abanýar" diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözüne görä, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary şu günler işgärleriň pagta ýygymyna diňe günin gitmelidigini, ýöne "wagty gelende" olaryň çöllük ýerlere 15 günlük ýatymlaýyn iberiljekdigini hem duýdurypdyrlar.

Azatlyk Radiosynyň bu maglumat boýunça Mary welaýat häkimliginden, şeýle-de ady agzalan edaralardan resmi kommentariý almak üçin eden synanyşygy netije bermedi.

Bu aralykda, Azatlygyň habarçysy býujet işgärleri pagta ýygymyna iberilip başlanan bolsa-da, şu günler meýdanlarda ýetişip oturan pagtanyň juda azdygyny aýdýar.

"Pagta meýdanlarynyň köpüsi suw ýetmezçiligi sebäpli guran, käbir meýdanlarda pagta gowy gögermändir. Pagta ýygymyna gidýän adamlar ýygar ýaly pagtanyň kän däldigini aýdyp, köp wagtyny meýdanda oturyp gaýdýandyklaryny aýdýarlar" diýip, habarçy belledi.

Ýatlatsak, iýun aýynyň soňky ongünlüginde ýurduň käbir welaýatlarynda gowaça eken kärendeçileriň ençemesi eýýäm hasylyň ýarysyny ýitirendiklerini gürrüň beripdiler.

Ahalyň tas ähli etrabynda martyň ortalarynda ekilen gowaçalaryň 95 göterimine şindi hem suw berilmeýär, daýhanlar eýýäm tas ýarpy hasylyny ýitirendiklerini aýdýarlar diýip, Ahaldaky habarçymyz 24-nji iýunda habar beripdi. Daýhanlar suw ýetmezçiliginiň sebäplerini bu işe döwlet tarapyndan uzak wagt bäri serişde goýberilmezligi bilen düşündiripdiler.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda pagta hasylyny ýygmaga esasan edara-kärhanalaryň işgärlerini, esgerleri mejbury çekmek kada öwrülene meňzeýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylary käbir ýyllarda bu mejbury işe çaglaryň hem çekilendigini habar berdiler.

Türkmenistanda kärendeçileriň döwlet bilen baglaşylan şertnama esasynda öndürýän pagta hasylynyň töweregindäki mejbury çäreler pagtanyň ýygylýan döwründen has öňe, gowaça çürtmek döwrüne hem süýşdi.

Soňky ýyllarda mugallymlar we beýleki mekdep işgärleri, edara-kärhanalaryň gullukçylary gowaça çürtümine gatnaşmaga ýa-da maliýe goşandyny goşmaga mejbur edilýär.

Şu aýyň başynda Azatlygyň Marydaky habarçylarynyň biri oba hojalyk we suw edaralarynyň, jemagat hojalygy müdirliginiň we hassahananyň işgärleriniň her birinden gowaça çürtümi üçin 30 manat ýygnalýandygyny habar berdi.

Halkara hukuk toparlary, şol sanda Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti Türkmenistanyň pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanmagyny ýyllarboýy tankyt edip gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG