Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Pagta ýygymyndaky mejbury zähmet Türkmenistanyň iň uly adam gaçakçylygy problemasy bolup durýar"


Aktiwistler Türkmenistanda mejbury zähmete garşy protest bildirýärler.
Aktiwistler Türkmenistanda mejbury zähmete garşy protest bildirýärler.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti 20-nji iýunda 2019-njy ýylyň adam gaçakçylygy hasabatyny çap etdi.

Döwlet sekretary Maýk Pompeonyň hasabatyň çap edilmegine bagyşlanan dabarada eden çykyşynda aýtmagyna görä, adam gaçakçylygy Ýer ýüzündäki aýylganç jenaýatlaryň biri bolmagynda galýar we edil häzir adam gaçakçylary 24.9 million adamy öz azatlyklaryndan we esasy ynsan mertebelerindenmahrum edip saklaýarlar. Bu Nýu-Ýork şäheriniň ilatynyň üç essesi ýaly adamy aňladýar diýip, döwlet sekretary aýtdy.

Bu ýyldaky Adam gaçakçylygy hasabaty 187 ýurtda geçirilen gözegçilik esasynda taýýarlandy we hökümetleriň ýurt içinde bolup geçýän adam gaçakçylygyna baş galdyrmaga göwünsizdikleri mälim boldy diýip, hasabatyň tanyşdyryş dabarasynda aýdyldy.

“Hakykatda olar öz raýatlaryny ezýän adam gaçakçylaryna göz ýumýarlar, özlerinde adam gaçakçylygyna garşy kabul edilen kanunlary berjaý etmeklige geleňsizlik bilen çemeleşýärler, kähalatda bolsa zyýanly medeni kadalaryň we praktikalaryň dowam etdirilmegine ýol berýärler” diýip, erkin ilçi John Cotton Richmond dabarada eden çykyşynda aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bu ýylky hasabat her ýurduň öz içinde bolup geçýän adam gaçakçylygyna aýratyn üns berdi we dünýä boýunça adam gaçakçylarynyň pidalarynyň 77 prosenti öz ýurtlarynda ýaşaýan adamlar bolup durýar.

Hasabatyň Türkmenistan bölüminde hökümetiň adam gaçakçylygynyň aradan aýrylmagy üçin ýeterlik tagalla etmeýändigi bellenilýär. Aýdaly, Türkmenistan 2012-nji ýyldan 2015-nji ýyla çenli aralykda bu ugurda 2-nji dereje bilen belgilenen bolsa, 2016-njy ýyldan 2019-njy ýyla çenli aralykda 3-nji dereje bilen belgilenýär.

2018-nji ýylda hökümet adam gaçakçylygynyň 8 pidasyny kesgitledi,2017-nji ýylda diňe 1 adam pida diýlip bilnipdi, 2016-njy ýylda 11 pida, 2015-nji ýylda 15 pida kesgitlendi. Halkara guramasy 25 pida, şol sanda 12 aýala we 13 erkege kömek edendigini aýtdy, emmapidalaryň çen edilýän möçberi has kän hasaplanylýar” diýip, hasabatda Aşgabatda we Türkmenabatda daşary ýurt tarapyndan maliýeleşdirilýän gyssagly telefon aragatnaşygy liniýasyna adam gaçakçylygy boýunça 7 müňe golaý adamyň jaň edendigi delil getirilýär.

Bu 2017-nji ýylda jaň eden adamlardan 2018-de kömek sorap iki esse kän adamyň jaň edendigini görkezýär.

Şeýle-de hasabatda Türkmenistanyň bu meselede käbir ädimleri ädip, halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyga başlamagyna garamazdan, ýurduň uly adamlaryny pagta ýygymy möwsüminde uly möçberde mejbury zähmetde ulanmagy dowam etdirýändigi bellenilýär.

Azatlyk radiosynyň we beýleki garaşsyz neşirleriň her ýylyň pagta möwsüminde yzygiderli habar berşi ýaly, Türkmenistanda sowet döwründen gelýän mejbury zähmet pagta ýygymynda doly diýen ýaly saklanyp galdy we kähalatlarda has giň gerime eýe boldy diýip, ýerli synçylar habar berýärler.

Mysal üçin, sowet döwründe pagta ýygymyna köplenç obalardaky mekdep okuwçylary, studentler sürlen bolsa, garaşsyzlyk ýyllarynda býujet işgärlerini, esgerleri hem pagta sürmek kada öwrüldi we pagta çykyp bilmedik döwlet gullukçylary, mugallymlar, saglyk işgärleri we beýlekiler ýerlerine adam tutup, pagta ibermäge mejbur boldular.

Türkmen häkimiýetleri bu ýagdaý barada garaşsyz neşirlerde çap edilen maglumatlary ne tassyklady, ne-de inkär etdi. Şol bir wagtda, raýatlaryň, şol sanda mekdep okuwçylarynyň pagta ýygymyna mejbury çykarylyşyna gözegçilik edip, garaşsyz neşirler üçin maglumat taýýarlan raýat aktiwisti Gaspar Matalaýew galplaşdyrylan aýyplamalar bilen üç ýyl azatlykdan mahrum edildi diýip, “Turkmen.news” neşiri habar berýär.

Hasabatyň Türkmenistan bölüminde bu ýagdaý aýratyn bellenip geçilýär we türkmen häkimiýetleriniň adam söwdasy jenaýatlary bilen bagly, şol sanda pagta möwsüminde mejbury zähmetiň ulanylyşy barada hasabat taýýarlan garaşsyz synçynyň tussaglykda saklanmagyndagöni ýa gytaklaýyn roly bolan bir resmini hem jogapkärçilige çekmändigi aýdylýar.

Pidalary goramak boýunça bellenen kanun çäreleri durmuşa geçirilmedi, hökümet hiç bir pida kömek programmasyny maliýeleşdirmedi” diýip, hasabatda aýdylýar.

Soňky bäş ýylda adam söwdagärleri Türkmenistanyň içindäki pidalary ezse, daşary ýurtlardaky adam gaçakçylary Türkmenistandan gelen pidalary ezdiler. Mejbury zähmet Türkmenistanda iň uly adam gaçakçylygy problemasy bolup durýar diýip, hasabatda aýdylýar.

Aşgabatdan syzyp çykan resmi maglumatlara görä, soňky on ýylda Türkmenistandan 2 milliona golaý adam daşary ýurtlara işlemäge we ýaşamaga gitdi, emma ýerli synçylar bu görkezijiniň hakykatda has kän bolmagynyň ahmaldygyny, sebäbi müňlerçe türkmenistanlynyň Türkiýe ýaly ýurtlarda bikanun ýaşaýandygyny öňe sürýärler.

Şol bir wagtda, iş wadasy bilen aldawa düşen türkmenistanlylaryň daşary ýurtlarda adam söwdasynyň we gaçakçylygynyň pidasy bolýan pursatlary barada hem habarlar çykýar. Emma türkmen hökümeti we döwlet eýeçiligindäki türkmen mediasy ýurt raýatlarynyň daşary ýurtlarda düşýän agyr ýagdaýlary barada maglumat bermekden saklanmagy dowam etdirýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG