Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda býujet işgärleriniň köpçülikleýin pagta ugradylmagy dowam edýär


illýustrasiýa suraty

Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň tutuş kollektiwi nobatlaýyn pagta ýygyma ugradylýar diýip, Türkmen.news neşri 16-njy oktýabrda habar berdi.

Maglumata görä, Balkan welaýatynda ýerleşýän bu iri kärhananyň işgärleri Serdar şäheriniň demirgazyk tarapynda Ahal welaýaty bilen serhetde ýerleşýän ekin meýdanlaryna iberilýär, pagta smenasy 10 gün dowam edýär. Olar azyk we ýaşamak üçin ýer bilen öz-özlerini üpjün etmeli.

Işgärleriň köpüsi pagta ýygymdan pul berip sypmagy has gowy görýärler we kadrlar bölümine 300 manatdan töleýärler. Portda aýlyklar pes, köpler üçin bu pul aýlygyň ýarysyndan köp, emma pagta gitmek, şol ýerde iýmitlenmek we ýaşamak has gymmat düşýär, şonuň üçin portuň işgärleri pul berip, pagta mejburlygyndan halas bolmagy has gowy görýärler" diýip, Türkmen.news neşri habar berýär.

“Maşgalanyň ýeke-täk eklenji bolup, ol pagta ýygymdan sypmak üçin puly tiz tapyp bilmedi we pagta gitmek kararyna geldi” diýip, neşir öz çeşmesine salgylanyp, portuň bir işgäriniň ýagdaýyny gürrüň berýär: “Ol öýüne garaört, hor-homsy, mör-möjekler tarapyndan persala bolup geldi, ol diňe çörek we suw bilen oňuşmaly bolandygyny, hut meýdanda ýatandygyny, ýerli ýaşaýjylaryň öz öýlerine mugt goýbermekden ýüz öwürendigini aýtdy”.

Maglumatda ekin meýdanlarynda adamlar üçin oňaýlyklaryň ýokdugy, hajatlaryny atyzlarda berjaý edilýändigi, suwa düşmek, medisina kömegi ýaly ilkinji zerurlyklaryň gürrüňiniň hem ýokdugy bellenýär.

Balkan welaýatynyň özünde pagtanyň ekilmegi 2014-nji ýylda resmi derejede ýatyrylypdy.

Emma Turkmen.news neşiri Balkan welaýatynda pagtany ekmek işiniň hiç wagtda bes edilmändigini, bu regiona degişli meýdanlarda ekilen pagtanyň Ahal welaýatynyň hasabyna ýazylandygyny habar berýär we şu ýylyň 11-nji sentýabrynda döwlet telewideniýesinde Balkan welaýatynda ýaşulularyň pagta ýygyma ak pata beren pursatlarynyň görkezilendigine ünsi çekýär.

Türkmenistanda döwlet edara-kärhanalaryň işgärleriniň pagta meýdanlaryna ugradylmagy bilen bir hatarda, ýurduň dürli regionlarynda býujet işgärlerinden pagta ýygym üçin dürli mukdarlarda pul toplanýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, hususan-da, Mary welaýatynda döwlet edara-kärhanalarynda işgärlerden “pagta ýygym üçin” her 10-15 günden bir gezek pul ýygnalýar. Demirýol ulaglary edaralarynyň işgärlerinden bolsa, 40 manat möçberinde pul toplanypdyr.

Türkmenistanyň kesgitlän döwlet planyna görä, şu ýyl 1 million 50 müň tonna hasylyň ýygnalmagy göz öňünde tutulýar.

Şol bir wagtda-da, Azatlyk Radiosynyň habarçylary şu ýyl pagta meýdanlarynda pagtanyň azdygyny habar berýärler.

Türkmenistan pagta önümçiliginde mejbury zähmeti ulanýandygy sebäpli halkara guramalarynyň we günbatar hökümetleriniň tankydyna eýe bolup gelýär.

ABŞ Gümrük gullugy 2018-nji ýylyň 18-nji maýyndan başlap, Türkmenistanda öndürilen pagtanyň we Türkmenistanyň pagtasyndan taýýarlanan islendik ýurduň önümleriniň ähli görnüşiniň ABŞ-a import edilmegine gadagançylyk girizipdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG