Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Türkmenistan bilen arada 17 ýyl mundan ozal gol çekilen howpsuzlyk ylalaşygyny ratifikasiýa etmekçi


Illýustrasiýa suraty. Türkmen harby talyplary okuwdan gaýdyp barýar.
Illýustrasiýa suraty. Türkmen harby talyplary okuwdan gaýdyp barýar.

Russiýanyň Döwlet dumasynda “Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasynda howpsuzlyk pudagynda hyzmatdaşlyk şertnamasyny” ratifikasiýa etmek boýunça kanun taslamasy hasaba alyndy. Kanun taslamasyny parlamentiň garamagyna Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin hödürledi. Bu barada DumaTW neşiri habar berýär.

Kanun taslamasy Döwlet dumasynyň elektron ulgamynda 17-nji awgustda hasaba alyndy we onuň doly görnüşi bu ulgamda çap edildi.

Rus kanunçylygyna görä, kanun taslamasyna Döwlet dumasy we Federal geňeş sereder, ondan soň ony, kabul edilen halatynda, prezident tassyklap, soňra kanun çapa hödürlener.

Bu howpsuzlyk şertnamasyna laýyklykda, taraplar halkara terrorçylygyna, guramaçylykly jenaýatçylyga, ykdysady jenaýatlara, neşe gaçakçylygyna, jenaýatçylykly girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, bikanun migrasiýa we kontrabanda garşy göreşmekde hem-de daşky guşawy goramakda hyzmatdaşlyk etmäge ylalaşýar.

2003-nji ýylyň 10-njy aprelinde Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen Türkmenistanyň şol wagtky prezidenti Saparmyrat Nyýazow iki ýurduň arasynda howpsuzlyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky degişli şertnama Moskwada gol çekdi.

Döwlet dumasynyň elektron ulgamynda çap edilen kanun taslamasynyň düşündiriş bölüminde bu ylalaşygyň tutuş dünýäde we Merkezi Aziýada durnuklylygy, howpsuzlygy we parahatçylygy berkitmek maksady bilen iki ýurduň arasynda özara hyzmatdaşlygy üpjün etmäge gönükdirilendigi bellenilýär.

Maglumatdan mälim bolşuna görä, bu ylalaşygy ratifikasiýa etmek baradaky federal kanun taslamasyna rus prezidenti 15-nji awgustda gol çekdi; Russiýanyň hökümeti 5-nji awgustda bu kanun taslamasyna goldawyny mälim eti we howpsuzlyk şertnamasynyň Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýardam berjekdigini aýtdy.

Şertnama laýyklykda taraplar öz territoriýalaryndan beýleki tarapyň howpsuzlygyna zyýan ýetirilmegi üçin peýdalanylmagyna ýol bermeýärler.

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda 2003-nji ýylda gol çekilen howpsuzlyk şertnamasyny ratifikasiýa etmek işlerine näme üçin şu wagt badalga berilýär?

Merkezi Aziýa boýunça ekspert Brýus Panniýeriň ynanjyna görä, bu resminamany Russiýanyň ratifikasiýa etmäge girişmegini türkmen tarapynyň haýyş eden bolmagy ahmal.

Ekspert ýurtda ykdysady şertleriň ýaramazlaşmagyndan ynjalyksyzlanýan türkmen hökümetiniň GDA giňişliginde, hususan-da Belarusda bolup geçýän soňky wakalara seredip, özüne daşardan howpsuzlyk kepilligini gözleýän bolmagynyň ahmaldygyny çaklady.

“Bu ylalaşygyň aradan 17 ýyl geçip, şu wagt ratifikasiýa hödürlenmegi şübhe döredýär. Näme üçin şu wagt?” diýip, Panniýer aýtdy.

Ol Aşgabadyň uzak wagtlardan bäri, Kremliň orbitasyndan çetleşendigini, ýöne onuň ýurtda ykdysady şertleriň ýaramazlaşmagy bilen, ýüze çykmagy ahmal köpçülik nägileliginden howatyr edip, şu wagtdan Russiýadan haraý gözleýän bolmagynyň ahmaldygyny çaklady.

“Türkmenistan uzak-uzak wagtlardan bäri, Russiýanyň oýnuny oýnaman gelýärdi, we olar muňa mejbur hem däldi. Olar gaz söwdasyndan girdeji gazanýardy we oňşup bilýärdi. Bu hiç kim ynjalyksyzlandyrmaýardy, sebäbi Türkmenistan hiç kime howp abandyrmaýardy. Ýöne bu ýagdaý Kremldäkileriň maňzyna batyp baranokdy” diýip, Panniýer düşündirdi.

Türkmenistanyň döwlet mediasy, şeýle-de ýurtda kabul edilýän kanunlary we gol çekilen halkara şertnamalary çap edýän Adalat ministrliginiň onlaýn Hukuk maglumatlary merkezi Russiýa bilen 17 ýyl mundan ozal gol çekilen howpsuzlyk ylalaşygynyň türkmen parlamenti tarapyndan tassyklanyp tassyklanmandygyny habar bermeýär.

Bellemeli ýeri, 2003-nji ýylyň 10-njy aprel güni Russiýa bilen Türkmenistan howpsuzlyk ylalaşygy bilen bir hatarda iki ýurduň arasynda goşa raýatlygy ýatyrmak boýunça aýrybaşga bir ylalaşyga gol çekdi.

2003-nji ýylyň 22-nji aprelinde, şertnama gol çekilmeginden 12 gün soň, türkmen parlamenti Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda goşa raýatlygy ýatyrmak boýunça gol çekilen ylalaşygy ratifikasiýa etdi ýöne aradan geçen 17 ýylyň dowamynda rus parlamenti bu ylalaşygy tassyklaman gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG