Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede petikleme wagty işsiz galan käbir türkmen migrantlary köprüleriň aşagynda ýatyp turýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkiýede koronawirus pandemiýasynyň ýaýramagyny haýallatmak üçin girizilen petiklemeler wagtynda işsiz galan türkmen migrantlary agyr şertlerde ýaşaýar. Işlerinden, gazanç çeşmelerinden mahrum bolan adamlaryň arasynda çykgynsyzlyk sebäpli Türkiýede köprüleriň aşagyny, metjitleriň işigini özlerine mesgen edinen türkmenistanly migrantlar barada habarlar gelip gowuşýar.

“Bir tanşymyň gürrüň bermegine görä, Türkiýedäki käbir türkmenistanlylar karantin sebäpli jaý kireýlerini töläp bilmän, köpriniň aşagynda ýatyp turýarlar. Onuň maňa aýdyşy ýaly, entegem tomus bolany, gyş gelse näme bolar bu adamlara!” diýip, 6-njy awgustda Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berdi.

Türkmenistanda soňky birnäçe ýylyň dowamynda ykdysady kynçylyklaryň ýitileşmegi, Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda wiza düzgünleriniň ýeňilleşdirilmegi, dil we medeniýet meňzeşligi ýaly sebäpler ençeme türkmenistanlyny eklenç gözleginde Türkiýä gitmäge iterdi. Ýöne türk häkimiýetleriniň pandemiýany haýallatmak üçin ýurt boýunça mart aýynda girizen petikleme çäreleri türkmen migrantlarynyň ençemesini işsiz we öýsüz goýdy.

6-njy awgustda Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan türkmen migrant aktiwisti Hanum Rasulowa Türiýedäki iş mümkinçilikleri we koronawirus çäklendirmeleri barada gürrüň berdi:

“Koronawirusdan ozalam Türkiýede iş bilen bagly ýagdaýlar öwerlik däldi. Adamlara iş tapmak kyn, üstesine az tölenýär. Mart aýyndan başlap, ýaşaýjylara köçä çykmak resmi taýdan gadagan edildi, şol sanda dükanlar, kafeler, jemgyýetçilik ýerleri, fabrikler ýapyldy” diýip, migrant aktiwisti aýtdy.

Ol pandemiýanyň öz ildeşlerine ykdysady taýdan agyr zarba urandygyny aýtdy:

“Türkmenistanly migrantlaryň köpüsi, esasanam erkekler we ýaş gyzlar ofisiant ýa gap-gaç ýuwujy bolup işleýärler, ýa-da tekstil fabriklerinde ýa-da bolmasa tekstil önümleri satylýan dükanlarda işleýärler. Biziň raýatlarymyzyň aglaba bölegi işsiz galdylar” diýip, Rasulowa gürrüň berdi.

Munuň netijesinde olaryň arasynda jaý kireýlerini töläp bilmän köçede galan adamlar boldy:

“Ýaşaýyş jaýlary iş berijiler tarapyndan üpjün edilen adamlar, jaýsyz galdylar. Şonuň üçin, köp adam köçede galdy, sebäbi olaryň käbirleriniň Türkiýede hiç hili dosty, tanşy ýa-da garyndaşy ýok. Türkmenler esasan bäş-alty, hatda on adam bolup, bir kwartirada ýaşaýarlar. Belki-de, hut şonuň üçin hem olar köçede galan ildeşlerini ýanlaryna almak islän-de bolsalar, alyp bilen däldirler” diýip, aktiwist aýtdy.

Olar halkara hereket çäklendirmeleri sebäpli ne yzlaryna, Türkmenistana dolanyp bilýär, ne-de Türkiýede “gün görüp” bilýär. Stambuldaky türkmen ilçihanasy bolsa, Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň sözlerine görä, öz raýatlarynyň halyndan habar almaýar:

“Ilçihana gapylaryny öz halkyna ýapdy. Olar kömek etmejek bolsa, nämä gerek!? Beýleki musulman ýurtlaryň ilçihanalary öz halkyna Gurban baýramynda azyk paýlapdyr, biziňkiler bolsa gapylaryny ýapýar” diýip, habarçy aýtdy.

Azatlyk Radiosy Türkiýede çykgynsyz ýagdaýda galan türkmen raýatlarynyň aladalary boýunça Türkmenistanyň Stambuldaky wekilhanasyndan kommentariýa alyp bilmedi.

Köçede galan türkmenistanlylar agyr şertleriň arasynda oňňut etmäge çalyşýar:

“Köçede galanlar esasan metjitlerde, türk dilinde olara “jami” diýilýär, ýatyp turýarlar. Ýöne koronawirus sebäpli metjitlerde köpçülik bolup, ybadat etmek gadagan edilensoň, olar hem ýapyldy we köp adam metjitleriň işiginde ýatyp turmaly boldy. Men şeýle adamlaryň birnäçesini öz gözlerim bilen gördüm” diýip, Azatlyk bilen söhbetdeş bolan Rasulowa öz ildeşleriniň ýüzbe-ýüz bolan agyr durmuş şertleri barada gürrüň berdi.

Türkmen migrantlarynyň Türkmenistanda galan hossarlary we dogan-garyndaşlary olar barada alada galýar:

“Olarda karantin. Bu aýylganç, bu ýerde adamlar garyplykdan kösenýär, şu bolşuna dowam etse, biziň ýurdumyza nämeler bolar!” diýip, bir türkmenistanly anonim şertde Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Azatlyk bilen Türkiýeden söhbetdeş bolan migrant aktiwisti Rasulowa gürrüňe şeýle dowam etdi:

“Men [köprüde ýatyp turýan türkmenleri] öz gözüm bilen görmedim, ýöne men olar barada feýsbukda okadym, tanyşlarymdan hem olar barada eşitdim” diýip, ol aýtdy.

Türkiýede koronawirus çäklendirmeleri mart aýynda girizildi we petiklemeler iki aýdan gowrak wagt dowam etdi. Geçen döwrüň dowamynda türkmenistanly migrantlar nädip oňuşdy, olara kim kömek etdi, kim kömek etmedi? Rasulowa petiklenme döwründe öz ildeşleriniň esasan pandemiýadan ozal ýygnan maliýe serişdeleriniň hasabyna gün görendigini, galyberse-de türk häkimiýetleriniň we halkynyň adamlara ýardam edip, olaryň başga-da köp meselede egilşik edendigini gürrüň berdi:

“Türkiýede arza beren mätäç adamlaryň öýlerine çörek, ýag, un, şeker, duz we makaron ýaly azyk harytlary ugradyldy. Şeýle kömekler daşary ýurtlylara-da, türk raýatlaryna-da degişli boldy. Oraza aýynda isleg bildiren adamlara agşamlyk berdiler” diýip, ol aýtdy.

Türkiýede 1-nji iýundan başlap, petikleme ýatyryldy. Munuň netijesinde işi bolan adamlar täzeden işlerine gatnap başlaýar, türkmen migrantlarynyň esasy iş ýerleri bolan dükanlar, tekstil fabrikleri, restoranlar, kafeler we dellekhanalar täzeden açylýar.

“Ýöne örän köp iş orunlary kemeldildi, şonuň üçin hem durmuş heniz doly kadalaşmady, işsizlik gaty köp” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

Ýöne muňa garamazdan, türkmenistanly migrantlaryň köpüsi yza dolanman, Türkiýede oňuşmagy saýlap alýar:

“Meniň öz bilýän adamlaryndan gaty az adam ýurda dolanmak isleýär. Ozal bärde işlän ýyllarynyň dowamynda Türkmenistanda jaý, ulag edinen adamlar yza dolanmak isleýär, ýöne Türkmenistanda heniz hiç zat edinmedik adamlar agyr ýagdaýlara garamazdan, yza dolanmak islemeýär” diýip, migrant aktiwisti Hanum Rasulowa gürrüň berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG