Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Hukuk goraýjylar aktiwistleri yzarlamagyň, gorkuzmagyň bikanundygyny aýdýarlar


Waşington. Türkmen protestçileri. Arhiw suraty

Hukuk goraýjylar "Türkmenia-Birleşeliň! Объединяемся! Unite!" toparynyň we "Türkmenistanyň demokratik saýlawy" hereketiniň aktiwistleri tarapyndan berlen maglumatlaryň gysgaça mazmunyny gürrüň berýärler. Ýöne, ýanalmak howpy säbäpli, häzirlikçe adam atlarynyň hemmesi açyk aýdylmaýar.

Adam hukuklaryny goraýjy toparlar türkmen häkimiýetleriniň başgaça pikirlenýän raýatlaryň tankydy sesini sem etmek tagallalaryny güýçlendirýändigini habar berýärler.

Türkmen Helsinki fondunyň başlygy Täjigül Begmedowa bilen Moskwadaky "Memorial" merkeziniň Merkezi Aziýa programmasynyň ýolbaşçysy Witaliý Ponomarýewiň 14-nji awgustda çap eden beýanatynda aýdylmagyna görä, internetde aýdylýan tankydy pikirleriň we daşary ýurtlardaky aktiwistleriň geçirýän köçe protestleri baradaky maglumatlaryň ýaýradylmagynyň öňüni almaga çalşyp, türkmen häkimiýetleri raýat aktiwistlerine edýän basyşlaryny güýçlendirýärler. Aktiwistleriň köpüsi öz garyndaşlaryna edilýän gorkuzmak synanyşyklary we basyşlar hakynda habar berýärler.

Dissident internet jemgyýetleriniň agzalarynyň biri, 24 ýaşly Reýimberdi Kurbanow 8-nji awgustda Türkmenabatda polisiýa tarapyndan saklanyld we häzirki wagtda tussaglykda saklanýar. Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM) işgärleri onuň kompýuter enjamlaryny, telefon we elektron maglumat göterijilerini aldylar.

Mary sebitinde bir ýaşaýjy (ady aýdylmaýar), daşary ýurt habar serişdelerine elektron suratlary ibermek synanyşygy sebäpli, iýul aýynyň aýagynda 10 gün administratiw tussaglyga höküm edildi.

Hukuk goraýjylar "Türkmenia-Birleşeliň! Объединяемся! Unite!" toparynyň we "Türkmenistanyň demokratik saýlawy" hereketiniň aktiwistleri tarapyndan berlen maglumatlaryň gysgaça mazmunyny gürrüň berýärler. Ýöne, ýanalmak howpy säbäpli, häzirlikçe adam atlarynyň hemmesi açyk aýdylmaýar.

Türkmenabatda doglan, 36 ýaşly we onlarça wideoçykyşyň awtory bolan Azat Isakow 10 ýyla golaý wagt bäri Orsýetde ýaşaýar. Ol internetde "Azat Türkmen" lakamy bilen tanalýar we 2019-njy ýyldan bäri "Türkmenia-Birleşeliň! Объединяемся! Unite!" toparyna işjeň gatnaşýar. 2020-nji ýylyň aprel aýynyň aýagynda "Türkmenistandaky haksyzlyk hakynda dymmakdan, gorkmakdan, ýaşamaga derek zordan gün görmekden ýadandygyny" aýdyp, ýüzüni gizlemegi bes etdi.

Iýunda onuň Türkmenabatdaky ene-atasyna özlerini MHM ofiseri diýip tanadan näbelli adamlardan birnäçe jaň geldi. Howpsuzlyk işgärleri olara ogullaryny tapjakdyklaryny we jeza berjekdiklerini aýtdylar. Bu hili haýbatlar Stambuldaky aktiwistleriň käbiri bilen telefon söhbetdeşlikleri wagtynda hem gaýtalandy. 27-nji iýunda Azadyň suratynyň, "Watan dönügi" diýen ýazgy bilen, gözlenýän adam hökmünde, ýerli polisiýa bölüminde peýda bolandygy bilindi.

Ýörite gulluklaryň işgärleri 9-njy iýulda Isakowyň ene-atasynyň öýüne gelip, eger-de youtube kanalynda gürlemegi bes etmese, onuň jogapkärçilige çekiljekdigini aýtdylar. 24-nji iýulda olaryň öýüne ýerli polisiýa işgäri we raýat eşikli iki adam geldi. Olar Isakowyň bolýan ýeri we işi barada soradylar, onuň telefon nomerini soradylar, öýde ýaşaýanlaryň hemmesiniň telefonlaryny ýygnap alyp, aragatnaşyk maglumatlaryny, baglanyşyklaryny, suratlary, ulanylan programmalary we ş.m.-leri barladylar.

Awgust aýynyň başynda Isakowyň goşunda (2004-2006) bile gulluk eden iki gullukdaşynyň onuň internetde alyp barýan işini ýazgarýan wideoçykyşlary youtube kanalynda peýda boldy. Azat Isakow dogduk mekanyna mejbury alnyp gidilmeginden howatyrlanyp, 2020-nji ýylyň 31-nji iýulynda Orsýetden gaçybatalga sorady. Häzirki wagtda häkimiýetler onuň uly ogluna pasport bermekden esassyz ýüz öwürýärler.

Türkmenistanyň demirgazygyndaky Köneürgenç şäherinden bolan musulman, 45 ýaşly Hamida Babajanowa 2016-njy ýyldan bäri Izmirde (Türkiýe) ýaşaýar. Ol 2020-nji ýylyň 12-nji maýyndan başlap, "Türkmenia-Birleşeliň! Объединяемся! Unite!" toparynda, youtube kanalynda aç-açan gürläp başlady! Ol öz wideoçykyşlarynda Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedowy Gudraty güýçlini ýatlamaga we ýalňyşlyklaryny boýun almaga çagyrýar.

16-njy iýunda onuň Köneürgençdäki ejesiniň ýanyna Batyr diýip biri gelip, özüni welaýat geňeşiniň (wekilçilikli guramanyň) wekili hökmünde tanatdy we Hamidanyň internetde gürlemegini bes etmelidigini duýdurdy. Batyr şol günüň ertesi olaryň öýüne ýene geldi we Hamidanyň garyndaşlary, şol sanda üç uýasy we erkek dogany barada jikme-jiklik maglumatlary ýazyp aldy. 22-nji iýunda bolsa, etrap polisiýa işgäri aýal doganynyň adamsyndan sorag edip, onuň nirededigini, haçan gidendigini we näme bilen meşgullanýandygyny we ş.m.-leri anyklady.

25-nji iýunda Hamidanyň ejesi Ýakutjan Babadjanowa we uly dogany Umar Babadjanow Köneürgenç häkimligine (administrasiýasyna) çagyryldy. Olardan Hamidanyň internete girmezligini talap etdiler we öýüne gaýdyp ýagdaýynda, onuň "Watan dönügi" hökmünde tussag ediljekdigini aýdyp, haýbat atdylar.

Hamida 19-njy iýulda Stambulda geçirilen proteste gatnaşandan bir gün soň onuň kiçi uýasy Dilfuza Köneürgenjiň şäher polisiýasyna çagyryldy. Şol Batyr diýilýänň gatnaşmagynda guralan"söhbetdeşligi" özüni Nurmurat diýip tanadan bir polisiýa işgäri geçirdi. Olar Hamidanyň ähli wideoçykyşynyň internetden aýrylmagyny we "çykyşlaryny bes etmegini" talap etdiler.

"Söhbetdeşlige" adamsy bilen gelen Dilfuza aýal doganynyň öz hukuklaryny goramaga mejbur bolandygyny, sebäbi türkmen konsullygynyň pasport möhletini uzaltmakdan ýüz öwürmeginiň çykalgasyz ýagdaý döredendigini" aýtdy. 22-nji iýulda onuň beýleki iki aýal dogany, Hurşida we Firuza hem şäher polisiýasyna çagyryldy. Ýöne olar, bar bolan maglumatlara görä, resmi däl "söhbetdeşlige" gitmekden ýüz öwürdiler.

B.D. (ady aýdylmaýar) 19-njy iýulda Stambulda geçirilen demonstrasiýa wagtynda türk polisiýasy tarapyndan tussag edildi. Agşama çenli tussag edilen 80-den gowrak türkmeniň Dursoltan Taganowadan başgasy boşadyldy, ýöne olar baradaky maglumatlaryň Türkmenistanyň konsullygyna geçiriljekdigi hem duýduryldy. Şondan soň kän wagt geçmänkä, 21-nji iýulda öýlän B.D. Lebap sebitindäki ene-atasynyň MHM-ä äkidilendigi barada habar aldy. Soňra anyklanmagyna görä, aňtaw gullugynyň işgärleri olara ogullary oppozisiýa ýörişlerine gatnaşmagyny bes etmese, işlerinden kowulmak haýbatyny atdylar, ogluňyz "halk duşmany" diýdiler. B.D. ene-atasyny köşeşdirmek üçin kenara barýan wagty ýalňyşlykda tussag edilendigini we hiç bir çärä gatnaşmakçy bolmandygyny aýtdy.

Hukuk goraýjylar on ýyla golaý wagt bäri Stambulda ýaşaýan we türkmen ulgamynda “Korol TM.TM” ady bilen tanalýan bir türkmen raýatynyň ene-atasynyň hem şuňa meňzeş basyşlara sezewar bolandygyny aýdýarlar. Ol hem 19-njy iýulda bolan wakalaryň çäginde türk polisiýasy tarapyndan tussag edildi. Aktiwist protokol düzülende öz jübi telefonynyň nomerini nädogry görkezdi. Emma soň MHM işgärleri onuň Türkmenistandaky kakasyny dogry nomer bermäge mejbur etdi.

G.R. (ady aýdylmaýar) hem "Türkmenia-Birleşeliň! Объединяемся! Unite!" toparynyň işjeň agzasy. Ol 2019-njy ýylyň güýzünde, 26-njy oktýabrda Stambulda geçiriljek bolnan oppozisiýa konferensiýasyny taýýarlamaga gatnaşanda, ýörite gulluklaryň ünsüni özüne çekdi. Bu konferensiýa türkmen häkimiýetleriniň "türkmen-türk gatnaşyklarynyň ýaramazlaşmagyna gönükdirilen prowokasiýa" ýol bermezlik baradaky haýyşyna gulak asan türk polisiýasynyň gatyşmagy sebäpli geçirilip bilinmedi.

G.R.-iň Türkmenabatdaky uýasy iýunyň başynda öý dolandyryş edarasynyň işgärleriniň gelip, ol hakyndaky ähli maglumaty, terjimehalyny, ene-atasy we maşgala agzalary baradaky maglumatlary alandyklaryny habar berdi. Şol töwerekde hem uýasy oňa internetde Türkmenistandaky ýagdaý barada çykan makalalara we habarlara 'haladym" goýmazlygy we olaryň aşagynda pikirini ýazmazlygy haýyş edip, SMS iberdi. 4-nji iýunda G.R.-iň doganynyň işleýän ýerine MHM işgärleri hem gelip, ony "Watana dönüklikde" aýypladylar we munuň üçin jogapkärçilige çekip boljakdygyny aýtdylar. G.R. doganyna bikanun iş etmeýändigini ýazdy we ýene-de biynjalyk etseler, ýörite gulluklaryň işgärleriniň atlaryny ýazmagyny haýyş etdi.

Gaýybana okaýan türkmen studenti S.A.(ady aýdylmaýar) Minskä ekzamen tabşyrmaga geldi we belarus häkimiýetleri aprelde, Türkmenistanyň döwlet organlaryna salgylanyp, aprelde onuň wiza möhletini uzaltmakdan boýun towladylar. Koronawirus çäklendirmeleri sebäpli ol ýurtdan çykyp bilmeýär.

Iýul aýynyň ortalarynda ol daşary ýurtlarda ýerleşýän nägilelik hereketleriniň biri bilen aragatnaşyk gurup, Türkmenistan barada maglumat berdi we ýurt içindäki ýaşlaryň işjeňleşmegi we beýlekiler baradaky tekliplerini orta atdy. Tiz wagtdan oňa IMO arkaly Türkiýedäki A.D.-dan, Türkmenistanyň ýörite gulluklary bilen hyzmatdaşlyk etmekde tanalýan adamdan haýbat gelmäge başlady. A.D. okuwçynyň şahsyýetiniň kesgitlenendigini, onuň söhbetdäki habarlarynyň belli bolandygyny we ýurtda oňa MHM işgärleriniň garaşýandyklaryny mälim etdi. Onuň Türkmenistandaky kakasyna bolsa, howpsuzlyk gulluklary tarapyndan haýbat atyldy.

Telegramdaky türkmen söhbetdeşliklerine işjeň gatnaşýan Ý.M. (ady aýdylmaýar) şu ýylyň ýazynda möhleti geçen pasportyny uzaltmak maksady bilen Kiýewdäki türkmen konsullygyna ýüz tutdy. Tizara şäher polisiýa işgärleri Türkmenistandaky ejesiniň ýanyna gelip, oňa konsullyga barmagy “kimiň öwredendigini” we näme üçin gelip, Türkmenistanda täze pasport almak islemeýändigini anyklamaga başladylar. Onuň ejesine haýbat atyldy we şol günüň özünde bir garyndaşyny sorag etmek üçin alyp gitdiler.

Hukuk goraýjylaryň maglumatlaryna görä, bular häkimiýetleriň türkmenler arasynda dörän nägilelik hereketini basyp ýatyrmak tagallalarynyň çäginde belli bolan onlarça yzarlama faktlarynyň diňe bir bölegi bolup durýar. Olar bu hili basyş etmek synanyşyklarynyň bikanundygyny we Türkmenistanyň halkara borçnamalaryna ters gelýändigini aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG