Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşary ýurtdaky protestçiler bilen hat alşandygy sebäpli tussag edilen mekdep mugallymy boşadyldy


Акция протеста в Нью Йорке, Май, 2020

Ynsan hukuklaryny goraýjy guramalar Türkmenistanda ýurduň daşyndaky protest aktiwistleri bilen hat alşandygy sebäpli tussag edilen raýat aktiwistiniň boşadylandygyny 27-nji awgustda habar berdiler.

Adam hukuklaryny goraýjy "Memorial" we "Türkmen Helsinki fondy" guramalarynyň bilelikdäki beýanatyna görä, daşary ýurtdaky protest hereketiniň aktiwistleri bilen elektron poçta arkaly hat alşandygy üçin 8-nji awgustda Türkmenabatda tussag edilen mekdep mugallymy Reimberdi Gurbanow 15 günlük administratiw tussaglykdan soň 25-nji awgustda boşadylypdyr.

Ynsan hukuklaryny goraýjylarynyň bellemegine görä, suduň kararynyň jikme-jiklikleri belli däl we Gurbanow bilen bir wagtda Türkmenabatda tussag edilen ikinji aktiwistiň ykbaly hem mälim bolmandyr.

1996-njy ýylyň 11-nji ýanwarynda doglan Reimberdi Gurbanow ýerli ýöriteleşdirilen mekdepde mugallym bolup işleýär. Ol 8-nji awgustda öýlän talyplaryň we kärdeşleriniň öňünde polisiýa tarapyndan tussag edildi. Şol gün, ýaşaýan kwartirasynda gözleg geçirilende howpsuzlyk işgärleri onuň kompýuter enjamlaryny, telefon we elektron maglumat göterijilerini ele saldylar we olarda Türkmenistanda protest hereketi we jemgyýetçilik problemalary bilen baglanyşykly materiallary tapdylar. Onuň garyndaşlarynyň habar bermegine görä, gözleg geçirýänler hiç hili resminama bermekden ýüz öwürdiler we protokol düzmezden ähli elektronikany ele aldylar.

Häzirki wagtda ýurduň daşyndaky türkmenler hökümetiň syýasatyna garşy protestlere işjeň gatnaşýarlar. Şu ýylyň maý aýyndan başlap ABŞ-da, Demirgazyk Kiprde we Türkiýede prezident Gurbanguly Berdimuhamedowiň döwlet başyndan çekilmegini talap edýän protestleriň ençemesi geçirildi. Munuň bilen birlikde, Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurduň daşyndaky protest hereketlerine gatnaşýan raýatlaryň Türkmenistandaky garyndaşlaryna we dostlaryna edilýän basyşlary güýçlendirdiler.

“Memorial” we "Türkmen Helsinki fondunyň" habaryna görä, Reimberdi Gurbanow tussag edilmezinden bir gün öň özüniň çatlarda we IMO arkaly hat alyşmagy sebäpli öz howpsuzlygyndan gorkýandygyny aýdypdyr.

Daşary ýurtdaky protest hereketleriniň wekiliniň sözlerine görä, Reimberdiniň tussag edilmeginden soň hem onuň adyndan näbelli biri henizem hatlara jogap berýär, käbir söhbetdeşliklere girýär we beýleki aktiwistleriň aragatnaşyklaryny anyklamaga synanyşýar. 12-nji awgustda Gurbanowyň garyndaşlary Reimberdiniň tussag edilendigini tassykladylar we ony boşatmak üçin çäreleri görmegi haýyş etdiler. Olaryň sözlerine görä, Gurbanowyň protest hereketi bilen arabaglanyşygy güman edilýän dosty hem Türkmenabatda tussag edilipdir.

Ynsan hukuklaryny goraýjy guramalar aktiwistleri protestlere gatnaşmakdan ýüz öwürmäge we ýurda dolanmaga mejbur etmek üçin ýurduň içindäki we daşyndaky türkmen raýat aktiwistlerine, şeýle hem Türkmenistandaky garyndaşlaryna edilýän basyşlar bilen baglanyşykly aladalanmalaryny birnäçe gezek mälim etdiler.

Protestleriň fonunda Türkmenistanyň häkimiýetleri öz adyna edilýän tankytlary basyp ýatyrmak we ilatyň internete girmek mümkinçiligini çäklendirmek üçin çärelerini dowam etdirdiler.

Ynsan hukuklaryny goraýjylar sebitdäki internetiň hiliniň ýaramazlaşýandygyny we dürli daşary ýurt web sahypalarynyň petiklenmeginiň güýçlenýändigini bellediler.

Türkmenistanda petiklenen saýtlardan maglumat almak we ýollamak üçin böwetlerden geçmäge mümkinçilik berýän VPN hyzmatyny hödürleýän ussalar hem yzarlandy. Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, 31-nji iýulda mobil telefonlary bejerýän 30 töweregi ussa tussag edilipdir.

Häzirki wagtda türkmen aktiwistleri Belarusdaky demonstrantlara hem goldaw bildirýärler. Türkmenistanlylaryň Belarusdaky saýlaw galplyklara garşy çykyş edýänlere we Aleksandr Lukaşenkonyň prezident wezipesinden aýrylmagyny talap edýän belarus raýatlaryna goldaw bildirmek boýunça demonstrasiýalary 15-nji we 23-nji awgustda Nýu-Ýorkda geçirildi.

ABŞ-da türkmenler Belarusdaky protestçilere raýdaşlyk bildirdiler
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:43 0:00

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG