Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen migrantlarynyň Türkmenistandaky garyndaşlary polisiýa çagyrylýar


Illýustrasiýa suraty

Türkmen migrantlarynyň Türkmenistandaky garyndaşlary ýerli polisiýa bölümlerine çagyrylyp, olardan daşary ýurtlardaky hossarlaryny oppozisiýa hereketlerine gatnaşmazlyga çagyrmak talap edilýär.

Türkmen häkimiýetleriniň bu çäresi daşary ýurtlardaky türkmenistanlylaryň türkmen hökümetiniň syýasatyna öz närazylygyny bildirmegini güýçlendiren mahalyna gabat geldi.

"Mary etrap Täze oba "Çykalow" geňeşliginde kimiň hossary daşary ýurtda işleýän ýa-da okaýan bolsa, şol adamlaryň hojalygyna arçynlygyň işgärleri aýlandy. Olar bu adamlara ähli maşgalasyny we olaryň pasportlaryny hem-de çagalarynyň şahadatnamalaryny alyp, etrap polisiýasynyň pasport stol bölümine barmagy tabşyrdylar" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan baýramalyly habarçymyz 1-nji iýulda gürrüň berdi.

Onuň sözüne görä, Marynyň resmileri dogan-garyndaşlary daşary ýurtlarda işleýän ýa-da okaýan adamlary hasaba alyp, olar bilen "wagyz işlerini" hem geçirdiler.

"Wagyz işlerini geçiren şol adamlar özlerini häkimligiň işgärleri diýip tanyşdyrdylar. Ýöne hakykatda olar Mary welaýat Milli howpsuzlyk gullugynyň işgärleri" diýip, "wagyz işlerine" çagyrylan etrap polisiýasynyň bir işgäri gizlinlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçynyň aýtmagyna görä, "wagyz işlerini" geçiren bu resmiler ilata "şu wagt daşary ýurtlar tarapyndan Türkmenistanyň syýasy işlerine böwet bolýan adamlaryň bardygyny" aýdypdyrlar.

Şeýle-de olar ýaşaýjylardan daşary ýurtlardaky çagalaryna, jigilerine, doganlaryna, ejesine, kakasyna we ýakyn tanyşlaryna şol adamlara goşulmazlyklaryny aýtmaklaryny talap edipdirler.

"Biz gowy durmuşda we asuda watanda ýaşaýarys diýip aýtdylar. Olar "Eger kimiň daşary ýurtdaky hossary Türkmenistany ýamanlap, ýykmakçy bolýanlara goşulsa, onda olar "watan dönügi", biziň syýasatymyza garşy ýöreýär diýip, türme tussaglygyna basylar" hem diýdiler. Şeýle-de olar adamlardan bu edilen wagyz işlerine "doly we dogry düşünmeklerini" talap etdiler" diýip, "wagyz işlerine" gatnaşan Mary etrabynyň bir ýaşaýjysy anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Onuň sözüne görä, "wagyz işleri" her gün belli bir möçberdäki adamyň gatnaşmagy netijesinde etrap polisiýasynyň pasport stol bölüminde geçirilýär.

Azatlyk Radiosy bu aýdylanlar barada Mary welaýat we etrap häkimliklerinden, şeýle-de Milli howpsuzlyk ministrliginiň Marydaky edarasyndan kommentariý alyp bilmedi.

Marynyň häkimiýetleriniň geçirýän bu "wagyz işleri" Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky raýatlarynyň türkmen hökümetiniň syýasatyna öz närazylygyny bildirmegini güýçlendiren mahalyna gabat geldi.

Soňky aýlarda Demirgazyk Kiprde, Türkiýede, Birleşen Ştatlaryň Nýu-Ýork, Pitsburg we Waşington şäherlerinde onlarça türkmenistanly protest mitinglerini geçirip, türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň wezipeden çekilmegine çagyryş etdi.

Türkmen aktiwistleri Stambuldaky protest çykyşy we 'garaşylmadyk' ýagdaý barada
please wait

No media source currently available

0:00 0:09:56 0:00

Şeýle çykyşlaryň iň soňkulary 26-njy iýunda Türkiýäniň Stambul we 28-nji iýunda ABŞ-nyň Waşington şäherlerinde geçirildi.

Bu protest çykyşlary Türkmenistanda ençeme ýyl bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň ýitileşmegi bilen, ilat köpçüliginiň durmuş şertleriniň agyrlaşan, türkmen häkimiýetleriniň koronawirus pandemiýasy, şeýle-de ýurduň gündogaryna gelen apy-tupan barada dymyşlygyny dowam etdirýän mahalyna gabat geldi.

Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan maryly ýaşaýjylar türkmen häkimiýetleri tarapyndan geçirilen "wagyz işlerinde" adamlary gorkuzmak üçin tagalla edilen bolsa-da, ýurtda dowam edýän ykdysady we sosial problemalar barada hiç zat aýdylmandygyny hem gürrüň berdiler.

"Bu wagyz işleriniň çäginde işsizlik, azyk gytçylygy we gymmatçylygy, koronawirus barada hiç bir zat agzalmady. Adamlardan "Näme ýetmezçiligiňiz bar?" diýip hem soramadylar. Biderek bizi gorkuzmakçy boldular. Adamlary halys indi diňe gorkuzup ýaşatjak bolýarlar" diýip, "wagyz işlerine" gatnaşan maryly ýaşaýjy aýtdy.

Türkmenistanda daşary döwletlerdäki türkmen migrantlarynyň ýurtdaky dogan-garyndaşlarynyň polisiýa çagyrylmagy bilen bagly ýagdaýlar mundan ozal hem bolupdy.

Geçen ýylyň awgustynda Marydaky habarçymyz polisiýa işgärleriniň öýlere aýlanyp, daşary ýurtlardaky raýatlar barada maglumat toplaýandygyny we olaryň garyndaşlaryny polisiýa "söhbetdeşlige" çagyrýandygyny habar beripdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG