Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Minskde hökümete garşy çykýan onlarça protestçi we žurnalistler tussag edildi


Minsk, ýüzlerçe demonstrant ilki meýdança toplanyp, soň Garaşsyzlyk meýdanyna tarap ýöriş etdi. 27-nji awgust, 2020.
Minsk, ýüzlerçe demonstrant ilki meýdança toplanyp, soň Garaşsyzlyk meýdanyna tarap ýöriş etdi. 27-nji awgust, 2020.

Belarus polisiýasy paýtagt Minskde, şu aýda geçirilen dawaly prezident saýlawynyň netijelerine garşy guralan demonstrasiýalaryň we iş taşlaýyşlaryň 19-njy gün dowam etmegi bilen, onlarça protestçini we ýerli hem-de daşary ýurt habar beriş serişdelerinde işleýän žurnalisti tussag etdi.

“Wýasna” adam hukuklary merkeziniň maglumatyna görä, 27-nji awgustda agşam, prezident Aleksandr Lukaşenkanyň işinden aýrylmagyny talap edýän we täze saýlawlaryň erkin hem-de adalatly ýagdaýda geçirilmegine çagyrýan demonstrasiýaçylar hakynda maglumat bermäge taýynlanýarkalar, Azatlyk meýdanynda jemi 17 žurnalist tussag edildi.

Içeri işler ministrliginiň habaryna görä, žurnalistler mikroawtobuslara mündürilip, ýurtda işlemäge rugsat berýän rugsatnamalarynyň bardygyny ýa-da ýokdugyny barlamak üçin polisiýa merkezine getirildi.

Tutulanlaryň arasynda Azatlyk radiosynyň Belarus gullugynyň fotohabarçysy Uladzimir Gridin we TUT.BY, BelaPAN, Belsat, TASS, Associated Press ýaly neşirleriň işgärleri bar.

Olaryň köpüsi soň boşadyldy. Tussag etmelerden soň, hökümete garşy ýüzlerçe demonstrant ilki meýdança toplanyp, soň Garaşsyzlyk meýdanyna tarap ýöriş etdi. “Wýasnanyň” habar bermegine görä, polisiýa bu ýerde 1000 töweregi demonstrantdan ybarat mähelläni dargatdy we 260-dan gowrak adamy tussag etdi.

Tussag edilenleriň arasynda 10 sany žurnalist, şol sanda Azatlygyň Belarus gullugynda işleýän üç adam - Aleh Hruzdzilowiç, Andreý Rabçykaý we Ales Daşçynski dagy hem bar.

XS
SM
MD
LG