Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marynyň polisiýasy köçede azyk önümlerini satýan satyjylara gözegçiligi güýçlendirdi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, Mary şäheriniň polisiýasy eklenç üçin öz hususy hojalyklarynda öndürýän önümlerini bazarlaryň golaýynda satýan satyjylara garşy gözegçiligi güýçlendirdi.

Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän ýerli habarçysy polisiýanyň bazarlaryň daş-töwereginde azyk önümlerini satýan satyjylaryň harytlaryny ellerinden alýandygyny we olary polisiýa merkezine çagyrýandygyny aýdýar.

"Mollanepes köçesiniň ugrunda ýerleşýän "Gök bazaryň" golaýynda daýzalar, garry eneler ýerde oturyp, bakjalarynda ýetişdiren üzüm, pomidor ýaly harytlary satýarlar. Ýöne soňky bir hepdäniň dowamynda polisiýa işgärleri daýzalaryň harytlaryny ellerinden alyp, öz awtoulaglaryna ýükleýär. Olar daýzalara öýlän polisiýa merkezine barmalydygyny duýdurýarlar" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 28-nji awgustda gürrüň berdi.

Habarçy käbir polisiýa işgärleriniň satyjylar bilen gödek çemeleşýändigini aýdyp, daýzalaryň arasynda aglaýanlaryna ýa-da polisiýa bilen dawalaşýanlaryna hem duş gelse bolýandygyny belleýär.

"Polisiýa işgärleriniň käbiri satyjy daýzalaryň, garry eneleriň üstüne gygyrýar. Polisiýa bilen daýzalaryň ýa-da olaryň çagarlarynyň arasynda ýakalaşyk hem bolýar. Şeýle waka bolanda, polisiýa olary tussag edýär" diýip, habarçy aýtdy.

Ol daýzalaryň her biriniň satuwa çykarýan harytlarynyň umumy möçberiniň 8-10 kilogramdan geçmeýändigine ünsi çekip, olaryň umumy söwdasynyň ortaça 50 manada deň bolýandygyny hem çaklady.

Daşoguz: Polisiýa satyjylary bazardan kowýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:17 0:00

"Daýzalar güzeran eklençleriniň barha agyrlaşýandygyny aýdýarlar. Olaryň käbiri öz bakjalarynda ýetişdiren harytlaryny satyp, maşgalasyna azda-kände maddy goşant edýändiklerini aýdýarlar. Käbiri bolsa "Gök bazaryň" daş ýüzündäki okuw bazaryndan çagalaryna ýa-da agtyklaryna börük, okuw fartugy we bantik ýaly harytlary satyn almakçy bolandyklaryny aýdýarlar" diýip, habarçy sözüni jemledi.

Azatlyk Radiosyna ýerde azyk önümlerini satýan satyjylara edilýän gözegçiligiň güýçlenmegi we onuň sebäpleri barada Mary welaýat hem-de şäher häkimliklerinden, şeýle-de polisiýa böluminden kommentariý almak başartmady.

Türkmenistanda indi 10 ýyldan gowrak wagt bäri ilatyň öz hojalyklarynda öndüren gök-bakja, süýt, gatyk we ýumurtga ýaly önümlerini bazarlaryň daş-töwereginde ýa-da etrapçalaryň aralarynda satmaga rugsat berilmeýär.

Türkmen häkimiýetleri söwdanyň bu görnüşiniň bikanundygyny, olaryň ýörite rugsatnama we bazarlarda söwda tekjelerini almalydygyny aýdyp, köçede azyk önümleri satýanlara garşy gözegçiliklerini wagtal-wagtal güýçlendirýärler.

Şol bir wagtda, azyk önümlerini bazarlaryň daş-töwereginde satýan kiçi söwdegärler bazarlarda söwda etmek üçin rugsatnamany almagyň kyndygyny we söwda tekjeleriniň kireýiniň özleriniň maddy mümkinçiliginden aşa gymmatdygyny aýdýarlar.

Geçen ýylyň oktýabrynda Azatlygyň Lebapdaky habarçysy polisiýa işgärleriniň ýerde azyk önümlerini satýan satyjylary bazaryň golaýyndan kowýandygyny, satyjylara paýyş sözler aýdyp, gödek çemeleşýändigini, hatda olaryň azyk önümlerini ýere döküp, zaýalaýandygyny habar berdi.

Türkmenistanda üç ýyldan gowrak wagt bäri ýiti ykdysady kynçylyklar dowam edýär. Hökümet resmileri ykdysady kynçylyklary we munuň bilen bagly ilatyň ýaramazlaşýan ýaşaýyş-durmuş şertlerini aç-açan boýun almaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG