Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat pandemiýa döwründe maşgalasyna gowuşmaga çalyşýan raýatlaryny ýolundan saklaýar


Aşgabat aeroporty. Bezeg suraty
Aşgabat aeroporty. Bezeg suraty

Öz aýallaryna we çagalaryna gowuşmaga çalyşýan türk raýatlary Türkmenistanyň MHM işgärleri, migrasiýa resmileri tarapyndan para bermäge mejbur edilmek, maşgala agzalarynyň Türkiýä goýberilmegi üçin, şugulçylyga çekilmek synanyşyklary bilen ýüzbe-ýüz bolandygyklaryny gürrüň berýärler.

Ttürkmen häkimiýetleriniň başga ýurtlaryň raýatlary bilen nikalaşan raýatlarynyň, olaryň çagalarynyň ýurtdan çykmagyna emeli päsgelçilik döredýändigi barada täze maglumatlar çykdy.

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň öz çeşmelerine salgylanyp ýazmagyna görä, Türkiýäniň Daşary işler ministrligi geçen ýylyň ýazynda türkmen tarapyna türk raýatlarynyň maşgala agzalary bolup, Türkiýä goýberilmeýän adamlaryň sanawyny berdi.

Bu sanawa 213 adamyň, esasan aýallaryň we çagalaryň atlarynyň we atalarynyň atlarynyň goşulandygy habar berilýär. Aýdylmagyna görä, bu adamlaryň ählisiniň diýen ýaly Türkiýede ýaşaýyş rugsady (ikamet) bar.

Olar Türkmenistana garyndaşlaryny görmäge geldiler we soň yzlaryna goýberilmedi diýip, adam hukuklaryny goraýan neşir ýazýar. Şol bir wagtda, martda iki ýurduň arasyndaky uçar gatnawy togtadylýança, bu sanawdaky adamlaryň diňe 12 sanysynyň Türkmenistandan çykyp, Türkiýedäki maşgalasyna goşulyp bilendigi bellenilýär.

Öz aýallaryna we çagalaryna gowuşmaga çalyşýan türk raýatlary Türkmenistanyň MHM işgärleri, migrasiýa resmileri tarapyndan para bermäge mejbur edilmek, şeýle-de, maşgala agzalarynyň Türkiýä goýberilmegi üçin, şugulçylyga çekilmek synanyşyklary bilen ýüzbe-ýüz bolandygyklaryny gürrüň berýärler diýip, TH ýazýar.

Şu aralykda “Turkmen.news” neşiriniň ýazmagyna görä, S7 awiakompaniýasynyň 25-nji awgustda Türkmenabat-Moskwa aralygynda gurnan çykyş uçar gatnawyna hasaba alyş wagtynda zerur bolan resmi barlaglardan geçen birnäçe türkmen raýaty, ýurt ýolbaşçylarynyň syýasatyna protest hökmünde, öz türkmen pasportlaryny göz edip taşlapdyr.

Neşiriň çeşmeleriniň maglumatyna görä, rus-türkmen goşa raýatlygy bolan adamlaryň bu hereketi bolan zatlara şaýat bolan türkmen emeldarlaryny gahar-gazaba mündürýär.

Ýöne olar, aeroportda köp sanly rus diplomaty we daşary ýurtly bolansoň, protetçilere garşy hiç çäre görüp bilmedi. Emma neşir bu wakadan soň türkmen raýatlarynyň, islendik durumyna garamazdan, çarter uçarlarynda ýurtdan çykmagynyň gadagan edilendigini habar berýär.

27-nji awgustda Fransiýanyň “Buig” gurluşyk kompaniýasy tarapyndan gurnalan Türkmenabat-Stambul uçaryna Türkmenistanyň üç raýaty, kompaniýanyň fransuz işgärleriniň aýallary goýberilmedi diýip, "Turkmen.news" ýazýar.

Azatlygyň bu habarlar bilen bagly türkmen resmilerinden düşündiriş almak synanyşyklary häzirlikçe netije bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG