Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary: Merkezi Aziýadan hem Çeçenistandan bolanlar Ýewropada terroristik tory döredýärler


BMG-niň maslahaty
BMG-niň maslahaty

Wladimir Woronkow BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bolmak bilen bu guramanyň Kontrterroristik komitetine ýolbaşçylyk edýär. Ol golaýda Merkezi Aziýadan hem Çeçenistandan bolanlar Ýewropada terroristik tory döredýär diýip çykyş etdi.

BMG-niň metbugat-merkeziniň çap eden ol dokladynda, Woronkow “Häzir Ýewropadaterrorçylar tory emele gelýär, ol Merkezi Aziýadan hem Çeçenistandan bolanlary özüne birleşdirýär” diýip, öz aladasyny mälim etdi.

Russiýanyň “Interfaks” informasiýa agentligi şol doklada salgylanmak bilen: “Ýewropadaky döwletleriň birinde Täjigistandan bolan topar ele salyndy, olara hüjüm aktlaryny geçirmek üçin, bir topar döretmek hem-de migrantlaryň arasyndan adam toplamak tabşyrylypdyr. Demirgazyk Ýewropa sebitinde guramaçylykly jenaýata dahylly toparlary, şeýle-de terroristleri maliýe serişdeleri bilen üpjün edýän özbek milletinden bolan topar saklanypdyr” diýip ýazdy.

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasarynyň öz dokladynda bellemegine görä, koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly serhetleriň ýapyk bolmagy, hereket gatnawlarynyň hem-de aragatnaşygyň çäklendirilmegi sebäpli Täjigistanda we birnäçe döwletlerde gadagan edilen “Yslam döwleti” topary wagtlaýynça konfliktler gidýän territoriýalardan daşarda öz hereketini gowşadypdyr.

«Associated Press» agentliginiň maglumatyna görä, Woronkow öz dokladynda Yrakda hem Siriýada häzirki wagtda on müňden gowrak DAIŞ söweşijileriniň hereket edýändigini aýdypdyr, şeýle-de olaryň şu üstümizdäki ýylda harby hem graždan obýektlerine hüjümleriniň sanynyň belli derejede artandygyny belläpdir.

Resminiň sözüne görä, “yslam söweşijileri” ol iki döwletiň çäginde-de erkin hereket edip bilýärler.

Woronkowyň aýtmagyna görä, “Yslam döwleti” topary täzeden guramalaşdyrylýar hem söweşmäge ukyply bolan toparlary döredýärler. Olar diňe bir Siriýanyň ýa Yragyň çäginde däl, beýleki sebitlerde-de hereketini aktiwleşdiripdir.

Woronkow COVID-19pandemiýasynyň DAIŞ toparyna öz ýykgynçylykly işlerini propaganda etmäge täze mümkinçilikler döredendigini hem aýdýar.Olar pandemiýa sebäpli dörän ykdysady we sosial kynçylyklary taktiki artykmaçlyk hökmünde peýdalanyp, köp hökümetleriň koronawirusa garşy göreşe başagaý wagtynda, howply hüjüm edip biljekdigini dokladçy belleýär.

Woronkow öz dokladynda DAIŞ toparynyň dürli ýurtlarda alyp barýan ýykgynçylykly işleri hakda mysallar getirýär. Meselem, ol toparlar Owganystanyň ençeme ýerinde uly derejedäki hüjümleri amala aşyrdylar hem bu ýurdy tutuş sebitde hereket etmek üçin, harby hereketleri taýýarlaýyş meýdanyna öwürmek isleýärler.

Ýewropa abanýan howp barada aýdylanda, Internet arkaly “Yslam döwleti” ideýasyny propagandirläp, milleti gapma-garşylyga çagyrmak bolup durýar” diýip, dokladçy aýdýar.

Muňa mysal hökmünde Woronkow Fransiýada hem-de Angliýada iki gezek ýüze çykan üç terroristik hüjümi ýatladyp, hüjümleri amala aşyranlaryň DAIŞ toparynyň sosial ulgamlar arkaly ýaýradan propagandasynyň täsirine düşen adamlardygyny belledi.

“Döwletler pandemiýa wagtynda we şondan soň DAIŞ toparyndan howp abanan ýagdaýynda, muňa hüşgär bolmalydyrlar” diýip, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary aýdýar.

Şu ýylyň ýazynda Germaniýanyň hökümeti terror aktyny gurnamakda şübhelenýän bäş täjigiň tussag edilendigini habar beripdi.

Material AÝ/AR-nyň Täjik gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG