Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusyň häkimiýetleri 600-dan gowrak protestçiniň tussag edilendigini aýdýar


Mariýa Kalesnikawa

7-nji sentýabrda Belarusyň häkimiýetleri onlarça müň adam paýtagtda we beýleki şäherlerde ýöriş geçiren mahaly, 633 töweregi protestçiniň tussag edilendigini mälim etdiler.

6-njy sentýabrda geçirilen bu ýörişler oppozisiýanyň ýolbaşçylygynda prezident Alýaksandr Lukaşenkanyň wezipeden çekilmegine basyş etmek maksady bilen gurnalan soňky protest ýygnanyşygydyr.

Bu aralykda, protestler 30-njy gününe giren mahaly, bir şaýat oppozisiýanyň utgaşdyryjy toparynyň esasy agzasynyň mikroawtobusa mündürilip äkidilendigini habar berensoň, Minskiň polisiýasy Mariýa Kalesnikawanyň tussag edilendigini ret etdi.

26 ýyl bäri ýurdy dolandyrýan Lukaşenka geçen aý geçirilen ses berişlikden bäri garşydaşlary bilen gepleşik geçirmekden ýüz öwürdi we täze saýlaw geçirmek baradaky çagyryşlary ret etdi. Oppozisiýa saýlaw netijeleriniň prezidentiň peýdasyna galplaşdyrylandygyny aýdyp gelýär.

Resmiler 9-njy awgustda geçirilen saýlawda Lukaşenkanyň 80 göterim bilen ýeňiş gazanandygyny yglan etdiler. Ýöne demokratiýa aktiwistleri we ýurduň esasy oppozisiýa wekili Swýatlana Tihanowskaýa bu sanyň jedellidigini aýdýar.

Ses berişlikden birnäçe gün soň Litwa sürgünlige gaçyp giden Tihanowskaýanyň Polşanyň ýokary derejeli resmileri bilen duşuşyklary geçirmek üçin şu hepde Warşawa barjakdygy habar berildi.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Josep Borrell 6-njy sentýabrda eden çykyşynda "ähli zatlary öz içine alýan milli gepleşigi" geçirmek baradaky çagyryşyny gaýtalady.

Şeýle-de, ol Belarusyň çägindäki "täsirli köpçülikleýin demonstrasiýalar" belarus halkynyň "tussag edilmelere, gorkuzmalara we zorluklara" garamazdan, "öz azatlyklaryna, hukuklaryna we demokratiýasyna ýetmek isleýändigi barada gaýduwsyzlygyny görkezýär" diýdi.

Mundan bir gün soň, Reuters neşiri Ýewropa Bileleşiginiň ady agzalmaýan üç diplomatyna salgylanyp, şu aýyň ortalarynda bileleşigiň Belarusyň 31 ýokary derejeli resmisine, şol sanda içeri işler ministri Ýuriý Karaýewa garşy ykdysady sanksiýalary girizmäge synanyşjakdygyny aýtdy.

Bu çärä, kimiň nyşana alynjakdygy aýdyňlaşdyrylmazdan, deslapky tassyklama awgust aýynda berildi.

"Ilkibada biz 14 at barada ylalaşdyk, ýöne köp ýurt munuň ýeterlik däldigini duýdy. Häzir biz ýene 17 adam barada ylalaşyga geldik. Bular saýlawa, zorluga we basyşa jogapkär ýokary wezipeli resmilerdir" diýip, diplomatik çeşmeleriň biri "Reuters neşirine beren maglumatynda aýtdy.

Bu aralykda, rus dilinde maglumatlary çap edýän garaşsyz "tut.by" neşiri bir şaýadyň sözlerine salgylanyp, oppozisiýanyň Utgaşdyryjy geňeşiniň prezidiumynyň agzasy Kalesnikawanyň 7-nji sentýabrda irden daşynda "Aragatnaşyk" diýlip ýazylan mikroawtobusa mündürilip, näbelli ýere äkidilendigini habar berdi.

"Minsk polisiýasy ony tussag etmedi" diýip, "Interfaks" neşiri Minsk şäheriniň polisiýa bölümine salgylanyp habar berdi.

"Meduza" habar saýty tanyşlaryň Utgaşdyryjy Geňeşiň metbugat wekili Anton Randýonkau we oppozisiýanyň gadagan edilen prezidentlige dalaşgäriniň baş edarasynyň agzasy Hleb Herman bilen aragatnaşyklaryny ýitirendigini aýtdy.

Tanyşlary ikisiniň hem düşündiriş bermezden aragatnaşyklarynyň kesilendigini we olaryň nirededigi barada aladalaryň bardygyny bellediler.

Içeri işler ministrliginiň 600-den gowrak adamyň tussag edilendigi baradaky habary, hukuk goraýjylaryň we dowam edýän basyşlara gözegçilik edýän beýleki adamlaryň mundan ozalky çaklamalaryndan ep-esli ýokary boldy.

Belarusyň adam hukuklaryny goraýjy topary "Wýasna" Minskde 180-den gowrak demonstrantyň tussag edilendigini, Brestde onlarça adamyň we ýene ençemesiniň Baranawiçi we Hrodna şäherlerinde tussag edilmeginiň hasaba alnandygyny habar berdi.

Belarusyň žurnalistler birleşigi iki žurnalistiň tussag edilendigini Telegram kanalynda mälim etdi.

Azatlyk Radiosynyň Belarus gullugy polisiýa bilen demonstrantlaryň arasynda gapma-garşylyklaryň Hrodna we Mahilýoda bolandygyny habar berdi.

Belarusyň esasy oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýa 5-nji sentýabrda göni ýaýlymda hökümete garşy tutuş ýurt boýunça guralýan demonstrasiýalar barada gürrüň edip, öz ýurdunyň “çuň syýasy krizise” düşendigini aýtdy.

"Belaruslar indi özgerdi, olar oýandy" diýip, Tihanowskaýa Wilniusdan eden çykyşynda belledi.

6-njy sentýabrdaky protestleriň öňüsyrasynda Lukaşenkanyň howpsuzlyk gulluklary paýtagtda rugsat berilmedik demonstrasiýa gatnaşmak kararyna gelenlere garşy çäre görüljekdigini duýdurdy.

Emma Minskde düşürilen wideo ýazgylar on müňlerçe belarus raýatynyň prezident köşgüne barýan şaýolda jemlenendigini görkezdi. Prezidentiň köşgüni ýurduň gozgalaňlara garşy polisiýasy, demir haýat we suw pürkýän gurallar bilen gorag astynda saklady.

Protestçiler "Ýaşasyn Belarus!" we "Utanç!" diýen şygarlary öňe sürüp, şeýle hem oppozisiýanyň nyşany bolan, häkimiýetler tarapyndan bolsa gadagan edilen gyzyl we ak reňkli baýdaklary göterdiler.

Soňra polisiýa göz ýaşardyjy gazyň we beýleki enjamlaryň kömegi bilen demonstrantlary dargatdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG