Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda mellek eýelerinden hojalyk hyzmatlarynyň tölegleri talap edilýär, ýaşaýjylar tölemekden ýüz öwürýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Marynyň Baýramaly etrabynyň Gökdepe geňeşligindäki täze mellek ýerleriniň ýaşaýjylaryndan tok, gaz we agyz suw hyzmatlary üçin tölegleri geçirmek talap edilýär. Ýöne ýerli ýaşaýjylar mellek ýerlerine tok, gaz we suw turbalaryny özleriniň çekendigini aýdyp, tölegleri geçirmekden ýüz öwürýärler.

"Şu günler gaz, tok we agyz suw edaralarynyň resmileri Gökdepe geňeşligindäki täze mellek ýerlerine aýlanyp, soňky birnäçe ýylyň dowamynda göçüp baran adamlardan bu hyzmatlar üçin tölegleri geçirmegi talap edýärlar. Olar töläň ýa-da düýbünden kesjek diýýärler" diýip, ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi bilen söhbetdeş bolan maryly habarçy 9-njy sentýabrda gürrüň berdi.

Şeýle-de, resmiler ýaşaýjylardan gaz, tok we agyz suw üçin hasaplaýjy gurallary oturtmagy hem talap edýärler. Olar bu gurallary ýakynda oturdan hojalyklardan öňki aýlarda sarp eden gazy, togy we agyz suwy üçin hem töleg alynjakdygyny duýdurýarlar.

Şol bir wagtda, habarçymyz bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan ýaşaýjylaryň ençemesi bu mellek ýerlerini 2015-nji ýylda hökümetden satyn alandyklaryny, ýöne şondan bäri özlerine tok, gaz we agyz suw turbalarynyň çekilip berilmändigini aýdýarlar.

"Hökümet bize bu mellek ýerleriniň her 8 sotogyny 3000 manatdan satdy. Bu ýer şor bolup, onda ekin hem bitmeýär. Biz 10-a golaý hojalyk bolup, 2017-nji ýylda etrap häkimligine arza berdik. Şonda biz gaz, tok, suw çekip bermeklerini soradyk. Biz çagaly diýdik. Gyşyna kyn bolýar, çagalar üşeýär, hat-da okuwa gidip geler ýaly ýol ýok. Çagalar dyzlaryna çenli palçyk bolup gelýärler, bize ýol hem çekäýseňiz diýip haýyş etdik. Ýöne netije bolmady. 2018-nji ýylda gaýtadan bardyk, onda bize bikanun göçüpsiňiz, ýerleriňizi yzyna alaýmasalar diýip, gorkuzyp arzamyzy kabul etmän goýberdiler" diýip, ýerli ýaşaýjylaryň biri aýtdy.

Onuň sözüne görä, şondan soňra olar 2019-njy ýylyň oktýabr-noýabr aýlarynda 30-dan gowrak hojalyk bolup, öz hasaplaryna turbalary we elektrik geçiriji simleri satyn alýarlar we ýaşaýan ýerlerine gaz, tok hem-de suw çekýärler.

"Biz ähli zady, hat-da ýoly hem öz hasabymyza çekdik. Kim täze gelip gurluşyk etse, ýollarymyza şondan galan kerpiç, çagyl, beton böleklerini ýazyp, çagalara mekdebe gidip geler ýaly şert döretdik. Şu ýyl indi suwumyz, togumyz we gazymyz bar diýip arkaýynlaşsak, günde üstümize gaz, suw we tok edaranyň işgärleri gelýär. Biz olara karza batyp, hemme zady öz hasabymyza satyn alandygymyzy we häzirki gün töleg geçirmäge maddy ýagdaýymyz ýok diýsek-de, olar "Turba we simler siziňkidir, içinden geçýän gaz, suw we tok hökümediňki" diýip jogap berýärler" diýip, ýaşaýjy gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy bu ýagdaý bilen baglylykda Mary welaýat we Baýramaly etrap häkimlikleri, şeýle-de Gökdepe geňeşliginiň resmileri bilen habarlaşmaga synanyşdy, emma resmi maglumat hem düşündiriş alyp bilmedi.

Türkmenistanda 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap gaz, suw we elektrik togy tölegli edildi. Şondan soň türkmen häkimiýetleri hojalyklaryň ählisinde hasaplaýjy gurallaryň oturdylmagyna we bu hyzmatlar üçin tölegleriň öz wagtynda alynmagyna gözegçiligi güýçlendiriler.

Azatlygyň habarçylary ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň fonunda, soňky iki ýyla golaý wagtyň dowamynda gaz, tok we suw töleglerini töläp bilmeýän maşgalalara has köp duş gelse bolýandygyny aýdýarler.

Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň dürli sebitlerinde ilata özbaşdak jaý salmak üçin gum içinde, ýol we infrastruktura bolmadyk ýerlerde mellek ýerleriniň paýlanyp berilýändigini, Azatlygyň habarçylary 10 ýyla golaý wagt bäri wagtal-wagtal habar berip gelýärler.

Şeýle-de, olar bu mellekleriň müňlerçe adama berlip, olaryň ellerinde ähli dokumentleriň bolmagyna garamazdan, ýol we infrastruktura sorap ýazýan arzalaryna häkimiýetler tarapyndan üns berilmeýändigini aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG