Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mekdeplerdäki 'arassalaýyş' güýçlenýär, emeldarlar emläklerini 'ýaşyrmaga' çalyşýar


Mekdepdäki dabara. 25-nji maý, 2020.
Mekdepdäki dabara. 25-nji maý, 2020.

"Güýç gurluşlarynyň resmileri ýa-da häkimlikleriň jogapkär işgärleri çagalaryny rus dilli klaslarda okatmak üçin para berýärmi ýa-da berenok, muny anyk aýdyp biljek däl, ýöne biznes bilen meşgullanýan goňşym ol mekdeplerde her çaga üçin 500-den 1000 dollar aralygynda pul soralýandygyny aýtdy."

Aşgabadyň 64-nji mekdebinden başlanan"para" başagaýlygy Mary sebitine hem baryp ýetdi, milli howpsuzlyk gullugynyň, prokuraturanyň, polisiýanyň we häkimlikleriň işgärlerine ýa-da "elita" diýilýän gatlaga girýän ene-atalara "arzyly" mekdeplerde okaýan çagalaryny ol ýerlerden çykaryp, öz ýaşaýan ýerlerindäki adaty mekdeplere, aslynda ýazgy boýunça degişli bolmaly ýerlerine ýerleşdirmek buýruldy.

Şol bir wagtda, türkmen mekdeplerindeki rus bölümleriniň ýapylmagy resmi taýdan täzelikde girizilen sanitar talaplary bilen baglanyşdyrylana meňzeýär we Orsýetiň Türkmenistandaky ilçihanasy hem bu ýagdaýa gynanç bildirdi.

Ilçihananyň websaýtynda 7-nji sentýabrda çap edilen maglumatda aýdylmagyna görä, COVID-19 sebäpli girizilen sanitariýa ülňülerini berjaý etmek mümkin bolmansoň, Aşgabatdaky bilim edaralarynyň birnäçesinde rus dilli bölümler ýatyryldy. Mundan öň, "Turkmen.news" neşiriniň ýazmagyna görä, rus dilli bölüm diňe 64-nji mekdepde ýatyrylypdy.

Azatlygyň Marydaky habarçysynyň 9-njy sentýabrda beren maglumatyna görä, buýrugy ýerine ýetirmedik emeldarlara işlerinden kowulmak we garşylaryna derňew açylmak howpy abanýar.

Şu aralykda Gurbanguly Berdimuhamedow korrupsiýa garşy hereket etmek boýunça utgaşdyryjy Pudagara topar hakyndaky düzgünnamany tassyklady, emma bu düzgünnamanyň nähili üýtgeşiklik getirjegi aýdyňlaşdyrylamýar.

Şeýle-de, prezident golaýda hökümetiň dokuz aýdaky işine bagyşlanan mejlisde ýene bir gezek kadrlar meslesine seretjekdigini duýdurdy.

Bu täzelikler mundan öň çagalaryny uzak aralykdan, hatda oba ýerlerindäki jaýlaryndan hem şähere gatnadyp okadan ýerli resmileri gyssaga salana meňzeýär, olar çagalaryny gyssanmaç öz ýaşaýan ýerleriniň golaýyndaky adaty mekdeplere ýerleşdirmäge başladylar.

Mary şäherinde ýerleşýän 5-nji, 14-nji, 25-nji orta mekdeplerde rus dilinde sapak berilýän bölümler bar; 16-njy, 24-nji mekdepler, ozalky türkmen-türk mekdepleri bolsa, şu wagt ýöriteleşdirilen mekdep hasaplanýar, Şatlyk şäherçesindäki ýöriteleşdirilen mekdep-internat bolsa, çuňlaşdyrylan bilim berýän mekdep hasaplanýar diýip, habarçy bilen anonimlik şertinde gürleşen ýerli pedagog gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, bu mekdeplere başga ýerlerde ýaşaýan ene-atalaryň çagalaryny ýerleşdirmek üçin ýa zor gerek, ýa-da zer.

"Güýç gurluşlarynyň resmileri ýa-da häkimlikleriň jogapkär işgärleri çagalaryny rus dilli klaslarda okatmak üçin para berýärmi ýa-da berenok, muny anyk aýdyp biljek däl, ýöne biznes bilen meşgullanýan goňşym ol mekdeplerde her çaga üçin 500-den 1000 dollar aralygynda pul soralýandygyny aýtdy" diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran 55 ýaşly mugallym aýtdy.

Şol bir wagtda, häzirki aladalaryň diňe mekdep çalyşmak bilen çäklenmezligi hem mümkin diýen çaklamalar bar.

Azatlygyň hukuk goraýjy edaradaky çeşmesiniň maglumatyna görä, güýç gurluşlarynyň jogapkär işgärleri çagalarynyň mekdebini üýtgetmek bilen gutulsalar, özlerini bagtly saýmaly, sebäbi häzir olaryň her biriniň emlägi, baýlygy hakynda gizlin maglumat toplanýar.

"Hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri häzir öz gymmatbaha awtoulaglaryny, 'elitniden' satyn alan jaýlaryny ýazgyda gyssanmaç daşgyn garyndaşlarynyň atlaryna geçirmäge başladylar. Eger-de olar öz bikanun toplan baýlyklaryny gizlemegi ýa-da başga gorag tapmagy başarmasalar, işleri pyrryk" diýip, çeşme aýtdy.

Onuň sözlerine görä, hukuk goraýjy işgärleriň iň pes bahaly awtoulaglarynyň bahasy 120,000 manatdan başlanýar.

"220,000 manatlyk maşyn münýän resmiler hem bar, olar soragdan gorkýarlar. Munça puly nireden aldyň diýseler, jogap tapyp boljak däl" diýip, adynyň aýdylmazlygy şertinde gürleşen resmi Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Mundan öň Türkmenistanda hukuk goraýjy emeldarlaryň arasyndaky korrupsiýa Aziada-17 bilen bagly maliýe ýetmezligi sebäpli "ýüze çykarylypdy".

Hukuk goraýjy edaralaryň emeldarlarynyň we ýokary gatlak wekilleri diýilýänleriň çagalaryndan tapawutlylykda, etrap ýerlerindäki çagalar çuňlaşdyrylan bilim almak mümkinçiliginden geçen, ýönekeý okuw klaslary bilen hem üpjün edilmeýär.

Azatlygyň Lebapdaky habarçysynyň maglumatyna görä, Farap, Darganata, Dänew, Galkynyş, Çärjew, Saýat etraplarynda, sapaklary köp smenada okatmak programmasy sebäpli, sapaklar mekdebiň daşynda hem geçilip başlandy.

"Çagalaryň 25, 35 göterimi okuwlaryny klas otaglarynyň daşynda, açyk meýdanda okaýar, sebäbi klaslar dar, ýetenok. Okuwçylaryň 5-10 göterimi sapaklaryny koridorlarda okaýar. Daşarda okaýan okuwçylaryň köpüsine parta, oturgyç hem ýetmeýär, çagalar aýak üstünde durup okamaly bolýar" diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, oturjak oturgyçlaryny öýlerinden alyp gelýän çagalar hem az däl. Darganatanyň 25-mji, 33-nji mekdeplerinde ene-atalara, daşardaky sapak wagtynda ulanar ýaly, çagalaryna ýygnalýan plastik oturgyç satyn almak tabşyryldy, ol oturgyçlaryň her biri 200 manat bahalanýar we maşgalalaryň köpüsinde beýle mümkinçilik ýok.

Şu aralykda, aýry-aýry çeşmelerden gelen maglumata görä, Aşgabatdaky 15-nji mekdebiň direktory wezipesinden boşadyldy, rus dilli bölümi bolan beýleki mekdeplerde hem derňew-arassalaýyş çäreleri geçirilýär.

Ýaşaýan ýerleriniň ýazgysy bilen mekdebiň ýerleşýän ýeri gabat gelmeýän okuwçylar hem barlanýar, ozal direktorlar para beren ene-atalaryň çagalaryny, başga sebite ýazgy edilen hem bolsa, mekdebe kabul edýärdiler diýip, habarçy aýtdy.

Ikinji çeşmäniň maglumatyna görä, şu gün Aşgabatdaky 55-nji mekdebiň direktory hem işden boşadyldy. Okuwçylara "başga mekdebe geçirildi" diýip aýtdylar, onuň "abraýy örän ýaramazdy" diýip, Azatlyga gowşan habarda aýdylýar.

Türkmen resmileri bu habarlar barada hiç bir düşündiriş bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG