Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda ýene bir ýehowa şaýady türme tussaglygyna höküm edildi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda harby gullukdan boýun gaçyran ýene bir ýehowa şaýady azatlykdan mahrum edildi.

Ýehowa şaýatlarynyň metbugat wekili Jarrod Lopesiň 8-nji sentýabrda Azatlyk Radiosyna habar bermegine görä, türkmen kazyýeti 3-nji sentýabrda 18 ýaşly Myrat Orazgeldiýewi harby gullukdan boýun gaçyrmakda günäli tapdy we ony türme tussaglygyna höküm etdi.

Toparyň maglumatyna görä, türkmen häkimiýetleri 2018-nji ýyldan bäri harby gullukdan boýun gaçyran 24 ýehowa şaýadyny tussaglyga höküm etdi, olardan 11 şaýat häzirki wagtda türmede saklanýar.

“Türkmenistanyň parahat ýaş hristian ýigitlere zulum etmäge dowam etdirmegi utandyryjy ýagdaý. Myrat ýaly ýaş hristian ýigitler höwes bilen alternatiw gullugy berjaý ederdiler. Muňa derek, olar türme basylýarlar we söýýän maşgalalaryna hem-de jemgyýetine goldaw bermek mümkinçiliginden mahrum edilýärler” diýip, Lopes beren beýanatynda aýtdy.

Ol adam hukuklaryny goraýan halkara guramalaryň türkmen ýolbaşçylaryny ynanjy sebäpli harby gullukdan boýun gaçyranlary tussag etmegi bes etmäge, hem-de hökmany harby gulluga derek, olara alternatiwa hödürlemäge gaýta-gaýta çagyrandygyny aýtdy.

“Biz Türkmenistan ýakyn wagtda öz kanunlaryny halkara ülňülere laýyk getirip, olara üýtgetme girizer we parahat ýaş ýigitleriň gereksiz tussag edilmegini bes eder diýip umyt edýäris” diýip, toparyň metbugat wekili aýtdy.

Lopes Human Rights Watch guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň direktorynyň orunbasary Reýçel Denberiň türkmen häkimiýetlerini Orazgeldiýewi boşatmaga çagyrýan sözlerini sitirledi.

“Türkmenistanyň häkimiýetleri Myrat Orazgeldiýewi derrew boşatmaly we oňa garşy bildirilýän jenaýat işini ýatyrmaly” diýip, Denber aýtdy.

Ol Orazgeldiýewiň tussag edilmegine “gabahat” diýdi.

Türkmen kazyýeti geçen aýyň başynda ýene iki ýehowa şaýadyny, doganlar Eldor (21) we Sanjarbek (25) Saburowlary şol bir aýyplama bilen türme tussaglygyna höküm etdi.

“Türkmenistan BMG-niň Adam hukuklary komitetiniň teklipnamalaryna laýyklykda, ynançlary sebäpli harby gulluk edip bilmeýän adamlara alternatiw raýat gullugyny hödürlemeli. Şeýle-de, olar wyždan azatlygy baradaky hukuklaryny ulanandyklary üçin tussagda saklanylýan beýleki ýehowa şaýatlaryny azatlyga çykarmaly” diýip, Reýçel Denber aýdýar.

Kennan institutynyň işgäri, Merkezi Aziýa meseleleri boýunça bilermen Edward Lemonyň pikiriçe, Türkmenistan ýapyk döwlet bolmak bilen, dünýäde adam hukuklary boýunça iň ýaramaz ýagdaýdaky ýurtlaryň biri we, beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynda bolşy ýaly, bu ýurtda hökmany harby gulluk çagyryşlaryna daýanýan goşun bar.

“Kanun boýunça 18 ýaşdan 27 ýaş aralygyndaky her bir erkek raýat, esasly sebäpleri bolmasa, harby gulluk etmäge borçly edilýär. Ynanç esasynda gullukdan ýüz öwürmek esasly sebäp hasaplanmaýar we gulluk etmekden gaça duranlar iki ýyl azatlykdan mahrum edilip biler. Türme şertleri adamkärçilik kadalaryna sygmaýar we adalat ulgamynda adam gynamalary giňden ulanylýar” diýip, Lemon aýdýar.

Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 219-njy maddasy kanuny esaslary bolmadyk ýagdaýynda harby gulluga çagyrylyşdan boýun gaçyran raýata, iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasynyň berilmegini talap edýär. Kanun mobilizasiýa ýa-da harby döwürde harby gullukdan ýüz öwrene üç ýyldan 10 ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasyny talap edýär.

BMG-niň Adam hukuklary komiteti Adam hukuklarynyň ähliumumy jarnamasynyň 18-nji maddasyna hem-de Raýat we syýasy hukuklar boýunça halkara şertnama esaslanyp, her bir adamyň ynanjy sebäpli harby gullukdan boýun gaçyrmagyny pikir, wyždan we din azatlyklarynyň kanuny ýerine ýetirilmegi hökmünde ykrar edýär.

Türkmenistan 2019 ýylyň dekabrynda Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti tarapyndan din azatlyklary boýunça “Aýratyn alada bildirilýän” ýurtlaryň sanawyna goşuldy.

Dünýewi Türkmenistanyň baş kanuny raýatlaryň azatlyklaryny, şol sanda olaryň islän dinine uýmak ýa-da uýmazlyk hukugyny kepillendirýär. Ýöne adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalar türkmen häkimiýetlerini raýatlaryň azatlyklaryny, şol sanda din azatlyklaryny depelemekde yzygiderli tankyt edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG