Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Memorial" merkezi azatlykdan mahrum edilen iki türkmen studenti barada täze maglumatlary äşgär etdi


Illýustrasiýa suraty

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän merkez türkmen türmelerinde dini ynanjy sebäpli ýüzlerçe syýasy tussagyň saklanýandygyny ýazyp, olaryň arasynda Russiýadan Türkmenistana baran iki türkmen studenti Kakajan Halbaýewiň we Kemal Saparowyň bardygyny aýdýar.

Düýbi Moskwada ýerleşýän "Memorial" merkeziniň studentleriň Sankt-Peterburgdaky tanyşlaryna we Kakajanyň ejesine salgylanyp, 10-njy awgustda çap eden maglumatyna görä, olar 2017-nji ýylyň ahyrynda Türkmenistana dolanandan gysga wagt soň tussag edilip, 15 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

"Ýakynda adam hukuklaryny gorap çykyş edýän merkez studentler bilen baglanyşykly resminamalary almagy we kazyýet işine gatnaşan Kakajanyň ejesi bilen gürleşmegi başardy. Biziň pikirimizçe, hatda resmi materiallar hem hökümiň esassyzdygyny we adalatsyzdygyny aç-açan görkezýär" diýip, merkeziň maglumatynda aýdylýar.

Habarda bellenmegine görä, 1995-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda dünýä inen Kakajan Halbaýewiň ejesi Gülşat Orazmedowa öz maşgalasynyň dindardygyny aýdýar. Onuň ogly mekdebi gutarandan soň, 2013-nji ýylyň güýzünde Russiýa gitdi we Iwangorod ynsanperwer we tehniki institutynda okuwa başlady. Ol 2017-nji ýylyň noýabrynda okuwyny tamamlap öýüne dolandy. Okaýan döwri dynç alşa çykanda, öýüne birnäçe gezek geldi. Onuň Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralary bilen hiç hili kynçylygy ýokdy.

"2017-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Kakajanyň tanyşy, onuň bilen 2013-nji ýyldan bäri şol institutda okan Türkmenistanyň raýaty Ahmet Jumadurdyýew "Pulkowo" aeroportunda tussag edildi. Jumadurdiýew uly dogany Arslanyň ýolbaşçylygyndaky hasaba alynmadyk dini topar bilen bagly gozgalan iş sebäpli Türkmenistanda gözlenýänleriň sanawyna girizilýär. 2017-nji ýylda Arslan 25 ýyl azatlykdan mahrum edildi we Jumadurdiýew bir ýyl soň rus häkimiýetleri tarapyndan türmeden boşadyldy" diýip, merkez ýazýar.

Habarda aýdylmagyna görä, Jumadurdyýew Russiýada tussag edilenden gysga wagt soň, Türkmenistanyň ýörite gulluklary onuň Sankt-Peterburgdaky tanyşlary bilen söhbetdeşlik geçirip başlady.

2018-nji ýylyň ýanwarynda şeýle söhbetdeşlikleriň biri Kakajan Halbaýew bilen geçirilýär. Merkeziň ýazmagyna görä, Milli Howpsuzlyk Ministrliginiň (MHM) işgärleri ony Daşoguz welaýat bilim bölümine çagyryp, onuň bilen üç sagatdan gowrak söhbetdeşlik geçirdiler. Oňa "Jumadurdyýewi tanaýaňmy? Sankt-Peterburgdaky türkmenlerden başga-da kimleri tanaýarsyň? Namaz okaýarsyňmy? diýen soraglary berdiler.

"2017-nji ýylyň ahyrynda Sankt-Peterburgdan gaýdyp gelen türkmen studenti Kemal Saparow toslama aýyplamada, ýagny ownuk huligançylykda aýyplanyp, 2018-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Aşgabatda tussag edildi. 10-njy fewralda ýörite gulluklar onuň tussag edilmegini jenaýat işinde güman edilýän adam hökmünde resmileşdirdiler. 13-nji fewralda bolsa oňa döwlete garşy hereketlerde aýyplama bildirildi" diýip, merkeziň habarynda aýdylýar.

Türkmen häkimiýetleriniň resmi maglumatlarynda Kakajanyň polisiýa tarapyndan 2018-nji ýylyň 15-nji fewralynda Aşgabatda saklanandygyny aýdýar. Ýöne onuň ejesi hemme zadyň başgaça bolandygyny aýdýar diýlip, maglumatda bellenilýär.

"Etrap polisiýa işgäri jaň edip, "ogluňyz gelsin, biz onuň bilen gürleşeris we goýbereris" diýdi. Kakajanyň özi polisiýa gitdi. Soň bolsa jaň etdi we "Eje, meni goýberýärler" diýdi. Soňra onuň telefony kesildi. Şondan soň men ony kazyýet işine çenli görmedim. Soňra etrap polisiýa işgäri ýene jaň etdi we: "Indi gelip, Kakajanyň zatlaryny alarys" diýdi. Biz olara protokolsyz hemme zady berdik. Gurhany, fleş diski, telefony, öý kompýuterimiziň prosessoryny, planşeti we sumkany" diýip, "Memorial"merkezi Kakajanyň ejesi Gülşadyň sözlerini sitirledi.

Gülşadyň alan resmi jogaplaryna görä, 2018-nji ýylyň 6-njy fewralynda onuň ogly etrap polisiýasy tarapyndan tussag edilipdir we Türkmenistanyň Administratiw kodeksiniň 345-nji maddasyna laýyklykda, ownuk huligançylykda aýyplanyp, ýedi gün administratiw tussaglyga höküm edilipdir. Onuň obadaşlarynyň biri bilen ýakalaşandygy aýdylypdyr.

"Ýedinji gün agşam etrap polisiýasyna oglum bilen duşuşaryn öýdüp geldim. Bir işgär meniň ýanyma gelip, Kakajanyň Aşgabada äkidilendigini aýtdy. Nirä, näme üçin - muny aýtmadylar. Häkimiýetleriň birnäçesine hat ýazdym, jogap ýok. Sebit prokurory bilen duşuşmaga gitdim, "Oglum öldürildimi ýa näme?" diýip soradym. Ol bir ýere jaň etdi, soň bolsa: "Ogluňyz Aşgabadyň Köpetdag etrabynda" diýdi. Men Aşgabat şäherine gitdim. Sülçi oglumyň kompýuterinde musulman wagyzynyň tapylandygy sebäpli tussag edilendigini aýtdy. Aklawçy tapdym ..." diýip, Gülşat aýtdy.

Kazyýetiň kararlaryndan görnüşine görä, Kakajan Halbaýew we Kemal Saparow konstitusiýa düzgünini (Jenaýat kodeksiniň 174-nji maddasynyň 1-nji bölümi) zor bilen agdarmak maksadynda, guramaçylykly topar tarapyndan edilen ýa-da metbugaty ulanmak arkaly konstitusiýa tertibini zor bilen üýtgetmäge çagyrmakda (Jenaýat kodeksiniň 175-nji maddasynyň 2-nji bölümi), guramaçylykly topar tarapyndan edilen dini duşmançylygy öjükdirmekde (Jenaýat kodeksiniň 177-nji maddasynyň 3-nji bölümi), jenaýat jemgyýetini guramakda we oňa gatnaşmakda (Jenaýat kodeksiniň 275-nji maddasynyň 1-2-nji bölümi) dildüwşük etmekde aýyplandy.

Derňewiň netijesine görä, ähli "jenaýatçylykly hereketler" Sankt-Peterburgyň çäginde amala aşyryldy. 2015-2016-njy ýyllarda Russiýanyň “demirgazyk paýtagtynda” bolan Türkmenistanyň 12 raýatynyň “Wahabi”, “Salafi”, “Musulman doganlygy” we “Hizb ut-Tahrir” dini jemagatlarynyň agzasy bolandygy aýdylýar. Olaryň dini meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin kafelerde we metjitlerde duşuşyp, derňewde aýdyňlaşdyrylmaýan näbelli rus raýatlary bilen bilelikde guramaçylykly jenaýat toparyny döredendigi aýdylýar. Şeýle-de, olaryň Türkmenistanda häkimiýeti ele geçirmäge çagyrandygy, öz işleri üçin internedi ulanandygy, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly Türkmenistanda Yslam döwletini döretmäge çagyrandygy we ş.m-ler aýdylýar.

"Prokuraturanyň sözleriniň tersine, günäkärlenýänleriň hökümde görkezilen dini hereketleriň haýsydyr birine, çagyryşlara ýa-da dini wagyz etmek, dildüwşük, ýigrenji öjükdirmek, habar beriş serişdeleri ýa-da internet arkaly maglumat ýaýratmak we ş.m-lere gatnaşandygyny delillendirýän subutnamalar ýok. Sankt-Peterburgdaky kafede we metjitde türkmen studentleriniň aragatnaşygy barada aýdylanda, derňew materiallarynda bu duşuşyklarda haýsy meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygy, kimiň we näme diýendigi görkezilmeýär" diýlip, habarda aýdylýar.

Derňewiň dowamynda ýeke-täk zat, ýagny Halbaýew bilen Saparowyň öz watandaşlary bilen duşuşyp, dini we beýleki temalar boýunça söhbetdeşlik edendigi, şeýle-de Russiýadan Röwşen Gazakowyň leksiýalary bilen birlikde, türkmen dilindäki audio faýllary Türkmenistana getiren bolmagy ýüze çykaryldy diýip, merkez ýazýar.

Kakajanyň ejesiniň derňewçiniň sözlerine salgylanyp aýtmagyna görä, onuň oglunda Gazakowyň iki ses faýly tapylypdyr. Beýleki studentde mundan hem köp. Kazyýet resminamalarynda ýüze çykarylan faýllar we olaryň mazmuny barada takyk maglumat ýok.

Ol 15 ýyl berilenine begenýändigini, 25 ýyl berilmegine garaşandygyny aýtdy"

Sud diňlenişigine gatnaşmagy başaran ýeke-täk tomaşaçy Gülşat ogly Kakajanyň diňe musulman bolmak isländigini, başga maksatlarynyň ýokdugyny, hiç bir faýly ýaýratmandygyny aýdandygyny gürrüň berdi diýip, merkez belleýär.

"Memorialyň"maglumatyna görä, 2018-nji ýylyň 23-nji maýynda Aşgabat şäher kazyýeti öňki studentleri 15 ýyl azatlykdan mahrum edip, olary berk režimli koloniýada saklamak barada karar çykardy.

Kazyýetiň kararyndan bäş gün soň, Kakajanyň garyndaşlary onuň bilen ilkinji gezek duşuşmagy başardylar. Şol wagt ol Aşgabadyň golaýyndaky Ýaşlyk obasyndaky suddan öňki tussaghanada saklanýardy.

"Oglum urulmandygyny aýtdy. Munuň şeýledigini ýa-da diňe bizi köşeşdirmek isländigini bilemok. Şeýle hem ol: "15 ýyl berilenine begenýändigini, 25 ýyl berilmegine garaşandyklaryny" aýtdy" diýip, merkez Gülşadyň sözüni getirdi.

2018-nji ýylyň iýun aýynyň başynda öňki studentler Baýramalynyň koloniýasyna geçirildi. Kakajan Halbaýewiň garyndaşlary henizem esassyz hökümiň gaýtadan gözden geçirilmegini gazanmaga synanyşýarlar. 2019-2020-nji ýyllarda olar Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna we Ýokary kazyýetine täze şikaýatlary iberdiler, entek oňyn jogap ýok diýip, "Memorial" merkezi aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň bu studentleriň ykbaly barada türkmen häkimiýetlerinden, şol sanda ýurduň Daşoguz welaýat we Aşgabat şäher prokuraturalaryndan kommentariý almak synanyşyklary başa barmady.

Türkmenistan kanun boýunça dünýewi, hukuk döwleti bolup, ýurduň Baş konstitusiýasyna laýyklykda her bir adamyň öz islän dinine ynanmak ýa-da hiç bir dine uýmazlyk hukugy bar. Emma muňa garamazdan, Türkmenistan dini azlyklaryň wekillerini, şol sanda yslam dinine uýýanlary ýanamakda, dini azatlyklary basgylamakda yzygiderli tankyt edilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG