Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Inguşystanyň prokurorlary žurnalistiň bäş ýyl azatlykdan mahrum edilmegini sorady


Žurnalist Raşid Maisigow
Žurnalist Raşid Maisigow

Russiýanyň Demirgazyk Kawkaz regiony Inguşystanyň prokurorlary sebitiň paýtagty Magasdaky kazyýetden oppozisiýa onlaýn habar beriş serişdesi “Fortanganyň” öňki redaktory Raşid Maisigowyň bikanun neşe dolaşygy bilen bagly aýyplamalar esasynda bäş ýyl azatlykdan mahrum edilmegini soradylar. Maisigow we onuň aklawçylary bu aýyplamalary ret edýärler.

Maisigowyň aklawçysy Magomet Auşew 10-njy sentýabrda Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda hökümi we türme tussaglygyny yglan etmegiň senesiniň entek kesgitlenmändigini we kazyýet işiniň 15-nji sentýabra çenli yza süýşürilendigini aýtdy.

Maisigow geçen ýylyň iýun aýynda tussag edilipdi we bikanun neşe serişdelerini saklamakda aýyplanypdy. Maisigow we onuň aklawçylary neşe serişdeleriniň ýerleşdirilendigini aýdyp, ähli işiň ýerli häkimiýetler tarapyndan toslanyp tapylandygyny öňe sürýärler.

Şu ýylyň fewralynda Maisigowa separatizmde goşmaça aýyplama bildirildi. Maisigow tarapyndan ret edilýän bu aýyplama boýunça kazyýet işi heniz saklanýar.

“Fortanga Telegram” kanaly geçen ýyl Magasda geçirilen köpçülikleýin ýörişler barada giňişleýin maglumat taýýarlady. Şol ýörişlerde müňlerçe demonstrant Inguşystan bilen Russiýanyň başga bir sebiti Çeçenistanyň arasynda administratiw serhetleri kesgitlemek baradaky şertnama nägilelik bildiripdi.

XS
SM
MD
LG