Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusyň oppozisiýa lideri Ýewropany herekete çagyrýar, Orsýetiň syýasaty ‘şowakör’ diýýär


Pawal Latuşka
Pawal Latuşka

Belarusyň öňdebaryjy oppozisiýa resmisi Ýewropa Bileleşigini demokratiýany goldamak baradaky borçnamasyny ýerine ýetirmäge we üç aýlyk geçiş döwrüniň aýagynda hökmürowan lider Aleksandr Lukaşenkanyň dolandyryşyny ykrar etmegini bes etjekdigini yglan etmäge çagyrdy.

“Bu Belarus jemgyýeti üçin örän möhüm we zerur yşarat. Bu jarnamanyň wagty eýýäm geçdi. Hereketler zerur” diýip, içerden dörän oppozisiýa aktiwisti Pawal Latuşka 10-njy sentýabrda Pragada, Azatlyk radiosynyň Belarus gullugyna beren interwýusynda aýtdy. Belarusyň serhetçilerinden diplomatik awtoulagda geçendigini aýdan Latuşka biraz öň Pragada ÝB jarnamasyny maslahatlaşmak üçin Çeh respublikasynyň daşary işler ministri bilen duşuşdy.

Belarusyň öňki ilçisi, 9-njy awgustda geçirilen prezident saýlawlaryndan soň Minskde ýüze çykýan syýasy krizisiň parahatçylykly çözülmegini aňsatlaşdyrmak maksady bilen döredilen Utgaşdyryjy geňeşiniň ýedi adamlyk prezidiumynyň agzasy bolup durýar.

Utgaşdyrmak geňeş Ýewropa Bileleşiginiň 5-nji noýabrdan soň Lukaşenkany ykrar etmegini bes etmegini isleýär.

Belarusy 26 ýyl bäri dolandyrýan Lukaşenka prezident saýlawynda 80% ses alyp, ýeňiş gazanandygyny aýtdy. Oppozisiýa saýlawlaryň prezidentiň peýdasyna galplaşdyrylandygyny aýtdy. Latuşka Polşanyň we Litwanyň eýýäm şeýle beýannamany goldaýandygyny aýtdy we Çehiýanyň hem goldaw bermäge taýýardygyny bildirdi.

XS
SM
MD
LG