Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Prezidentlik möhletini täzelemegiň «ussady». Rahmon Nazarbaýewden geçirmi?


28 ýyl bäri Täjigistana ýolbaşçylyk edýän Emomali Rahmon saýlawlaryň öň ýanynda ýönekeý adamlar bilen duşuşýar. 2020-nji ýylyň 20-nji awgusty.

Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon 28 ýylyň dowamynda döwlet başynda oturmak bilen nobatdaky gezek prezidentlik saýlawlaryna gatnaşmaga öz kandidaturasyny görkezdi. Saýlawlar şu ýylyň güýzünde geçýär. Onuň öňki prezidentlik möhletleri näme bilen tapawutlandy?

Täjigistanyň Garaşsyz kärdeşler arkalaşygynyň federasiýa 26-njy awgustda Emomali Rahmonyň kandidaturasyny prezidentlige hödürledi. Täjigistanda diňe syýasy partiýalar däl, eýsem kärdeşler arkalaşygy hem ýaşlar birleşigi-de öz kandidatyny saýlawlara hödürläp bilýär. Mundan öň bu saýlawa prezidentiň 32 ýaşly ogly Rustam Emomaliniň hem gatnaşaýmagy mümkin diýen çaklama bardy. Jemgyýet atasynyňmy ýa oglunyň kandidaturasyny hödürlejegini bilmän geldi. Bilermenleriň pikirine görä, geljek saýlawda bu ýüze çykyp biläýjek ýeke-täk bäsleşikdir.

URUŞ HEM SYÝASY ÝOKARY GÖTERILIŞ

Täjigistanda prezidentlik saýlawlary GDA giňişligindäki Belarusda geçen dawaly saýlawlardan soň, 11-nji oktýabrda bolar. Belarusda bolsa köp ýyllap häkimiýetde oturan Alýeksandr Lukaşenkanyň garşysyna protest aksiýalary geçirilýär.

Täjigistanyň hem Belarusyň prezidentleri döwlet başynda 30 ýyl çemesi otyrlar. Formal ýagdaýda wezipeden çekilýändigini aýdanam bolsa Gazagystanyň öňki lideri Nursoltan Nazarbaýew hem özünde giň çäkdäki syýasy erki saklaýar.

Emomali Rahmon Täjigistanda graždanlyk urşy barýarka (1992 - 1997) geldi. Ýurtdaky söweş hereketleriniň ýatyrylmagy onuň hyzmaty hasaplanýar. Soňlugy bilen ol bu hyzmaty üçin 2015-nji ýylda «parahatçylygy hem milli bitewiligi esaslandyran – milletiň lideri» («пишво-е миллат») diýen resmi statusy alyp, hökümetdäki ornuny berkitdi. Resmi media ony «beýik lider» atlandyrýar.

1990-njy ýylda sowhoz direktory wagtynda ol Täjigistanyň Ýokary Sowetine deputatlyga saýlanypdy. 1992-nji ýylda bolsa hökümetler hem oppozisiýa arasyndaky garşylyk ýitileşip, graždanlyk urşuna alyp bardy. Şol ýylyň sentýabrynda prezident Rahmon Nabiýew wezipeden çekilýändigini aýtdy. 1992-nji ýylyň 19-njy noýabrynda Emomali Rahmon «halk frontunyň» ýardamy bilen Ýokary Sowetiň başlygy wezipesine saýlandy. Şol günüň ertesi Hojantda parlamentiň maslahaty geçip, Nabiýewiň wezipeden çekilýändigini kabul etdiler hem-de 1990-njy ýylda tassyk edilen prezidentlik wezipesini üýtgetdiler. Ol wezipäni ýerine ýetirmek wagtlaýynça Emomali Rahmonowyň eline geçdi.

ILKINJI GEZEK HASAPDAN ÖÇÜRMEK

1994-nji ýylda geçirilen referendumda garaşsyz Täjigistanyň täze Konstitusiýasy kabul edildi hem döwletiň prezidentlik dolandyryşda bolmalydygy tassyklandy. Kanuna laýyklykda ýurduň prezidenti bäş ýyllyk möhlet bilen diňe iki gezek saýlanyp bilýärdi. Şol ýylda geçirilen saýlawda Emomali Rahmon 58%-den gowrak ses alyp ýeňiji boldy. 1997-nji ýylda Emomali Rahmonyň hökümeti oppozisiýa bilen ylalaşyp, ýurtdaky ýaragly gozgalaňy soňlady. Ol 1998-nji ýylda Halk-demokratik partiýasyny esaslandyrdy hem onuň başlygy boldy.

1999-njy ýylda referendum arkaly Konstitusiýa üýtgeşme girizilip, prezidentlik möhleti her bäş ýyldan iki gezek saýlanmaly däl-de, eýsem ýedi ýyl möhlet bilen diňe bir gezek saýlanmaly edildi. Şeýle-de, E. Rahmonyň öňki prezidentlik möhleti hasapdan öçürildi.

Konstitusiýa dini partiýanyň işine hukuk berdi. Oppozisiýadaky Yslam täzeden döreýiş partiýasy hökümete geldi hem hökümetden onlarça orun aldy.

IKINJI GEZEK HASAPDAN ÖÇÜRMEK

1999-njy ýylda geçen prezidentlik saýlawlarynda resmi maglumata görä, Emomali Rahmon sesleriň 96%-den gowragyny gazanyp, täze möhlete saýlandy. 2003-nji ýylda bolsa ýaňadan referendum geçirilip, ýurduň baş kanunyna üýtgeşme girizildi. Täze kanuna görä prezident ýedi ýyllyk möhlet bilen iki gezek yzly-yzyna saýlanyp bilýär diýildi. Şeýle hem ýaş çäklendirmesi aradan aýryldy, ondan öň 65 ýaşdan geçenleriň prezidentlik saýlawlaryna gatnaşmaga haky ýokdy. Bu referendumda hem Emomali Rahmonyň öňki prezident bolan döwri hasapdan öçürildi.

Rahmonyň 1-nji prezidentlik möhleti graždanlyk urşunyň soňlanmagy hem oppozisiýa bilen gazanylan ylalaşyk bilen şöhratlandy. Onuň 2-nji prezidentlik möhleti bolsa garşydaşlaryny syýasatdan kowup çykarmak bilen tapawutlandy. Ýatlatsak, 1997-nji ýylda Emomali Rahmonyň janyna kast etmek üçin, birnäçe synanyşyk bolupdy.

2006-njy ýylyň prezidentlik saýlawlarynda Emomali Rahmon sesleriň 76%-den gowragyny gazandy. Şol döwürde ol birnäçe ruhy gymmatlyklary ösdürmäge çalyşdy. Ýurduň öňki ýer-ýurt atlary gaýtadan dikeldildi, döwlet diliniň ösdürilmegine ähmiýet berildi, adam atlarynyň täjik dilindäki görnüşleri kesgitlendi. Ol 2007-nji ýylda özüniň “Rahmonow” familiýasyny ‘Rahmon’ diýip üýtgetdi.

«MILLETIŇ LIDERINIŇ» BÄŞINJI SAÝLAWY

2006-njy ýylda geçen saýlawlarda ol 84%-den gowrak ses aldy. Şol prezidentlik döwründe ol gurluşygy gaty uzak wagtlap dowam eden Rogun GES-ini işe girizdi. Elektrostansiýanyň işe giriziliş dabarasynda öz ogly Rustam bilen bilelikde boldy.

Soňra ýene-de Konstitusiýa üýtgeşme girizildi hem 2016-njy ýylda Rahmon «milletiň lideri» («пишво-е миллат») derejesini aldy. Bu bolsa oňa prezidentlik saýlawlaryna çäklendirilmedik gezek gatnaşmaga rugsat berdi. Ol üýtgeşme hem referendum arkaly geçirildi. Dini partiýalar gadagan edildi hem-de prezidentlige dalaşgär 30 ýaş bolmaly diýilip, ol çäk aşak düşürildi.

Şeýlelikde, Yslam täzeden döreýiş partiýasy kanuny däl bolup, ol «terrorçylykly gurama» hasaplandy. Netijede, prezidentlik wezipesine bäsdeşlik edip biläýjek güýçler aradan aýryldy. Bu gelnen karar ABŞ-yň halkara dini gatnaşyklar baradaky Komissiýasy (USCIRF) hem halkara ynsan hukuklaryny goraýjy guramalar tarapyndan yzygiderli tankytlanyp gelinýär.

Häzirki wagtda prezidentlik saýlawlarynda oňa syýasy taýdan mynasyp bäsdeş ýok. Saýlawlary diňe häzirki oppozisiýadaky Sosial-demokratik partiýa boýkot etjekdigini aýtdy. Partiýanyň lideri Rahmatillo Zoirow saýlawlara gatnaşmajakdygyny “sebäbi onuň ligitimligini üpjün etmejekdigini” mälim etdi. Ol häzirki hökümeti “kanuny däl, halka garşy hem-de Konstitusiýa garşy” atlandyryp, Rahmony “ýurtdaky köppartiýalyk düzgüni bozup, bir partiýaly düzgüni döredenlikde aýyplady.

RAHMON NAZARBAÝEWDEN GEÇERMI?

28 ýyl döwlet başynda oturan Emomali Rahmon Täjigistanyň Konstitusiýasyna üç gezek üýtgeşme we düzediş girizip, netijede özi hem maşgalasy üçin, çäksiz häkimiýete eýe boldy.

Şu ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap, Täjigistanda aýlyk haklary artdyrylýar, pensiýalar hem stipendiýalar köpeldilýär. Mundan öňinçä, kiçi hem orta biznes üçin salgyt kanikuly girizilipdi. Hökümetler muny pandemiýa bilen baglanyşykly amala aşyrýandygyny aýtsalar-da, bilermenler onuň saýlawlaryň öň ýany Rahmonyň utuş gazanmak üçin edýändigini öňe sürýärler. Rahmon ýerlerde köpçülik bilen duşuşýar, ol bu duşuşyklaryň ählisine öz ogly Rustam bilen gidýär.

Täjik eksperti Parwiz Mullojanow Emomali Rahmonyň saýlawlara gatnaşmagy bilen «meseläniň çözülendigini» aýdýar.

– Elbetde, onuň prezident boljagyna 100% mümkinçilik bar. Onuň näçe wagt prezident boljagy häzirki ýöredýän içerki we daşarky syýasatyna bagly. Hiç bir düýpli özgerişlik ýüze çykmaz – diýip, ol Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

GDA döwletleri boýunça gazak eksperti Duman Kabdygaliýew hem Täjigistanda geçjek saýlawlarda üýtgeşikligiň bolmajagyny öňe sürýär.

– Täjigistandaky prezidentlik saýlawlary Belarusda bolýan hadysalaryň yzýany geçýär. Ýöne täjik jemgyýetinden Belarusdaky ýaly demokratik özgerişe garaşmak kyn. Ýurtda hatda häzirki prezidente garşy durjak güýçli opponent hem ýok. Yslam täzeden döreýiş partiýasynyň agzalary daşary ýurtlarda. Şonuň üçinem Rahmon öz wezipesinden çekilmez, gaýtam ýene bir möhlete prezidentlige saýlanar. Onuň saglyk ýagdaýy gowy, öňki bir interwýusynda ol saglyk ýagdaýy mümkinçilik berýänçä, öz wezipesinde galjakdygyny aýdypdy. Şonuň üçinem Rahmonyň prezidentlik wezipesinden çekilmegine sebäp ýok – diýip, Duman Kabdygaliýew Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Onuň sözüne görä, bu ýerde esasy mesele onuň oglunda, onuň özüne mirasdar hasaplaýany entek «uly syýasat» üçin örän ýaş. 32 ýaşly Rustam Emomalini Nazarbaýew tarapyndan mirasdar edilen Tokaýew bilen deňeşdirip bolmaz, ol Russiýada Putin tarapyndan çykarylan Medmedýew hem däl.

– Şonuň üçinem bu gezekde Rahmonyň hut özi saýlawlara gatnaşar hem ogluny uly syýasata taýýarlar diýip, men pikir edýän. Indiki saýlawda bolsa öz ogluny iň ýokary derejä – özüne mirasdar etmäge mümkinçilik dörär – diýip, syýasy bilermen aýdýar.

Azatlygyň Täjik gullugyna beren interwýusynda ýerli ekspert Abdulmalik Kodirow «Rahmon Belarusda bolýan ýagdaýy göz öňünde tutup, töwekgellige gitmez» diýdi.

Ekspert Abdulmalik Kodirow Emomali Rahmonyň öz kandidaturasynyň Kärdeşler arkalaşygynyň üsti bilen teklip edilmegini «garaşsyz» kandidat hökmünde görkezmek üçin edilendigini aýtdy. “Munuň bilen ol özüniň Halk-demokratik partiýasynyň wekili däl-de, halk prezidentidigini görkezmek isleýär” diýip, bilermen aýdýar.

Mundan öňinçä Agrarlar, Sosialistler, Demokratlar hem Ykdysady reformalar partiýalary öz kandidatlaryny görkezdiler.

Täjigistanyň prezidenti wezipesine kandidat görkezmek üçin, 5% saýlawçylaryň goly gerek, munuň üçin 250 müň çemesi saýlawçynyň goluny toplamaly.

Halkara guramalary Emomali Rahmony ynsan hukuklaryny bozýandygy, söz azatlygyny çäklendirýändigi, dini erkinligi hem opponentlerini yzarlaýandygy üçin tankytlap gelýärler. Täjigistanyň prezidenti nepotizmde, ýagny diňe özünden bolanlary wezipä çekmekde hem tankytlanýar. Onuň ogly Rustam Emomali parlamentiň ýokarky öýüne ýolbaşçylyk etmek bilen resmi taýdan ýurtdaky ikinji adam saýylýar.

Täjigistan garaşsyzlyk alaly bäri ýurtda geçen saýlawlaryň hiç biriniň erkin hem demokratik ýagdaýda geçmedigini halkara guramalary aýdýarlar.

Bu ýerde aýdylýanlar Azatlyk Radiosynyň garaýşyny aňlatman biler.

Material AÝ/AR-nyň Gazak gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Iň soňky teswirler

XS
SM
MD
LG