Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB-niň günorta döwletleri Türkiýä toprak dawalary sebäpli sanksiýa haýbatyny atýar


Fransuz prezidenti Emmanuel Makron (S) we türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan. Arhiw suraty
Fransuz prezidenti Emmanuel Makron (S) we türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan. Arhiw suraty

Ýewropa Bileleşiginiň günorta döwletleri, eger-de Ankara Gresiýa we Kipr bilen territorial dawany çözmek üçin gepleşik stoluna gelmese, Türkiýä garşy täze sanksiýalaryň sanawyny düzjekdiklerini aýdýarlar.

Bu habar 10-njy sentýabrda, Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makronyň beýemçiligindäki MED 7 toparynyň resmi däl sammitinden soň yglan edildi.

Gresiýa bilen Kipr tebigy gaz gorlary we deňiz araçäkleri üstündäki oňuşmazlyklar sebäpli Ankara bilen dawaly çekeleşige girdi. Türkiýe Ýewropa Bileleşigine agza bolan iki ýurduň aýratyn ykdysady zolaklarynyň bir bölegi hasaplaýan sebitlerde gaz gözlemek we burawlamak hukugyny öňe sürdi.

MED 7 topary - Ortaýer deňziniň kenar ýaka ýurtlary bilelikde jarnama çap edip, "özygtyýarlylyklarynyň [...] yzygiderli bozulmagy we Türkiýäniň gapma-garşylykly hereketleri sebäpli” Kipr hem-de Gresiýa bilen doly raýdaşlygyny we olara goldawyny gaýtalady.

MED 7 pozisiýasy, umuman alnanda, ÝB-niň pozisiýasyny aňlatman biler.

XS
SM
MD
LG