Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gazak protestçileri Tokaýewi wada beren reformalaryny durmuşa geçirmäge, syýasy tussaglary boşatmaga çagyrýar


Gazagystan. Raýat aktiwisti Žanbolat Mamaý (ortada) protest ýygnanyşgynda çykyş edýär. Almaty, 13-nji sentýabr, 2020.

Demonstrantlar dissident şahyr Aron Atabekiň we beýlekileriň azat edilmegini talap edýän şygarlara gygyrdylar we goňşy Hytaý bilen dowam edýän dartgynlygyň alamaty hökmünde, Pekiniň Nur-Soltandaky ilçisiniň ýurdy terk etmegine çagyrdylar.

13-nji sentýabrda Gazagystanyň iň uly şäheri Almatyda ondan gowrak adam syýasy reformalara çagyrmak we Merkezi Aziýanyň iň abadançylykly post-sowet respublikasynda täze partiýanyň döredilmegine rugsat berilmegini talap etmek üçin häkimiýetler tarapyndan ygtyýar berlen ýörişe ýolbaşçylyk edýär.

Hasaba alynmadyk Demokratik partiýanyň tarapdarlary Gazagystanyň ýerlerini daşary ýurtlulara satmagyna garşy açyk gürrüň etdiler we karz tölegleri boýunça amnistiýa, günä geçiş edilmegine, syýasy tussaglaryň boşadylmagyna çagyrdylar, Hytaýyň Gazagystandaky täsiriniň kem-kemden güýçlenmegine garşy duýduryş etdiler.

COVID-19-a garşy çäreleriň çäginde adamlaryň temperaturasy ölçelip, polisiýa we medisina işgärleri gözegçilik edensoň, bu çärä gatnaşyjylaryň hemmesi diýen ýaly, şol sanda žurnalistler hem ýüz maskalaryny geýýärler.

Çykyş edýänler gezekli-gezegine prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň demokratik we ykdysady özgertmeler barada beren wadalarynyň ýerine ýetirimezligini tankyt etseler-de, häkimiýetler olara päsgel bermedi we Almaty şäheriniň merkezindäki Şokan Welihanow meýdançasyna onlarça tarapdar ýygnandy.

Demonstrantlar dissident şahyr Aron Atabekiň we beýlekileriň azat edilmegini talap edýän şygarlara gygyrdylar we goňşy Hytaý bilen dowam edýän dartgynlygyň alamaty hökmünde, Pekiniň Nur-Soltandaky ilçisiniň ýurdy terk etmegine çagyrdylar.

Gazagystandaky oppozisiýa toparlary sebit häkimleriniň ýurt boýunça göni saýlanmagy barada uzak wagt bäri çagyryş edýärler, emma hökümet bu çagyryşlary yzygiderli ret edýär.

Nebit bahasynyň aşak gaçmagy we koronawirus pandemiýasy Gazagystanyň ykdysadyýetine agyr zarba urdy we ösüşi togtadyp, köp kärhananyň ýapylmagyna alyp geldi.

13-nji sentýabrda Almatyda toplanan demonstrantlar 30 ýyl töweregi häkimiýet başynda bolup, 2019-njy ýylda wezipesinden çekilen prezident Nursultan Nazarbaýewiň möhüm wezipelerde ornaşyp, henizem öz hökmürowanlygyny dowam etdirýändigi baradaky meseleleri gozgadylar.

Nazarbaýew dolandyryjy Nur-Otan partiýasyna we ýurduň gizlin Howpsuzlyk geňeşine ýolbaşçylyk etmegini dowam etdirýär.

13-nji sentýabrda Gazagystanyň günortasyndaky Şymkent şäherinde we demirgazykdaky Aktobe şäherinde hem kiçiräk protestler geçirildi.

Prezident Tokaýew, hökümetiň özgertme geçirmezligi sebäpli ýurt içinden we daşyndan artýan basyşlar astynda, nebite baý merkezi aziýa döwletini dolandyrýan döwlet gurluşlaryny "täzeden gurmaga" çagyrdy, emma entek bu wadasynda tapylmaýar.

Tokaýew 1-nji sentýabrda parlamentiň iki palatasynyň bilelikde geçirilen ýygnagynda, Mejlisiň we Senatyň agzalarynyň öňünde halka ýüzlenip eden çykyşynda Strategiki planlaşdyryş we özgertmeler agentligi atly täze döwlet edarasynyň ýakyn wagtda "zerur reformalary" güýçlendirmek wezipesini durmuşa geçirip başlajakdygyny, ykdysady bäsdeşligi goldamak üçin ýene bir döwlet edarasynyň dörediljekdigini aýtdy.

Ol bu edaralaryň ikisiniň hem göni prezidente hasabat berjekdigini belledi.

Tokaýewiň aýtmagyna görä, bu üýtgeşmeler indiki ýyldan başlap oba ýerlerindäki ýolbaşçylaryň göni saýlanmagyny hem öz içine alar.

Şeýle-de, ol Içeri işler ministrliginiň adatdan daşary ýagdaýlar bölümine koronawirus pandemiýasy sebäpli ýitgi çeken raýatlaryň kompensasiýa talaplaryna wagtynda jogap bermekleri üçin has kän ygtyýar beriljekdigini aýtdy.

Ýerli adam hukuklaryny goraýjylar ýakynda Gazagystanyň häkimiýetleri tarapyndan tussag edilen dokuz adamyň syýasy tussaglar bolup durýandygyny, olaryň arasynda Almatyda ýerleşýän hukuk toparynyň başlygynyň hem bardygyny aýtdylar.

Gazagystanyň hasaba alynmadyk Demokratik partiýasyna žurnalist Žanbolat Mamaý ýolbaşçylyk edýär.

Teswirleri gör (3)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG