Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

"Bir adam üçin garaşsyzlyk". Gazagystanyň Konstitusiýasy nähili gaýtadan ýazyldy


Gazagystanyň prezidentiwezipesine gaýtadan saýlanan N. Nazarbaýew elini ýurduň Konstitusiýasyna goýup kasam içýär. 1999-njy ýylyň 20-nji ýanwary.

1995-nji ýylyň ählihalk referendumynda kabul edilen Gazagystanyň Konstitusiýasynda 95 madda bardy. Şondan soňra parlament bäş gezek 64 maddany üýtgetdi ýa-da goşmaça girizdi. Üýtgetmeleriň köp bölegi Gazagystanyň öňki prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň häkimiýetini berkitmäge degişli boldy. Ynsan hukuklary hem graždan erkinligi baradaky maddalar üýtgewsiz galdyryldy. Azatlyk Radiosynyň habarçysy geçen 25 ýylyň dowamynda Gazagystanyň baş kanunyna girizilen düzedişler hem üýtgetmeler barada syn taýýarlady.

«HALKYŇ GELJEGI ÖZ ELINE GEÇDI»

1995-nji ýylyň 30-njy awgustynda geçen ählihalk referendumynda Gazagystanyň täze Konstitusiýasy kabul edildi. Ony kabul etmäge Nursoltan Nazarbaýew tarapyndan amala aşyrylan birnäçe syýasy çäreler sebäp boldy. Ol şol döwürden tä 2019-njy ýyla çenli prezidentlik wezipesini eýeläp geldi.

1993-nji ýylda şol döwürdäki Gazagystanyň Ýokary Sowetiniň 12-nji çagyrylyşy ilkinji Konstitusiýany kabul edip, şondan soň öz-özüni dargadypdy. Ýokary Sowetiň başlygy Serikbolsyn Abdildin (ol 2019-njy ýylyň dekabrynda ýogaldy) bu çäräniň «öňünden oýlanyşykly ädimdigini»aýtdy.1994-nji ýylyň 7-nji martynda bolsa Ýokary Sowet täzeden saýlandy. Bir ýyl geçenden soň ol hem Konstitusiýa kazyýetiniň karary bilen dargadyldy. Bilermenler munuň sebäbini «Ýokary Sowetiniň agzalarynyň köp böleginiň oppozisiýada bolandygy»bilen düşündirýärler.

Ýokary Sowet dargadylandan soň, Nursoltan Nazarbaýew öz häkimiýetini berkitmäge girişdi. Ol 1995-nji ýylyň 1-nji martynda täze gurluşy – Gazagystan halklarynyň assambleýasyny (häzir Gazagystan halk assambleýasy – Red.) döretdi. Onuň maksady «milletler arasyndaky gatnaşygy geljekde-de berkitmek»diýlip düşündirildi. Ýöne käbir bilermenleriň aýtmagyna görä, bu täze institut Nazarbaýewiň «prezidentlik wezipesiniň uzaldylmagyny legitimleşdirmek» üçin gerek bolupdy.

1995-nji ýylyň 1-nji iýulynda Assambleýanyň 2-nji maslahatynda Nazarbaýew täze Konstitusiýanyň proýektini teklip etdi.

Şonda ol: “Siziň eliňizde täze hilli Konstitusiýanyň proýekti bar, soňky ýarym ýylda men onuň üstünde berk işledim” diýdi. Mundan daşary-da ol täze Konstitusiýada prezidentlik häkimiýeti bilen awtoritar düzgüni aýdyňlaşdyrýan deňagramlylygyň göz öňünde tutulandygyny mälim etdi.

Baş kanunyň täze proýekti 1995-nji ýylyň 4-nji iýulynda halka hödürlendi. Ol ýerde Gazak Respublikasy diýlen at Gazagystan Respublikasy diýlip üýtgedildi.

Şol ýylyň 1-nji awgustynda ýene bir proýekt teklip edildi. Onda iki öýli, ýagny senatdan hem mejlisden durýan parlament göz öňünde tutulýardy. Prezidentiň 7 senatory bellemäge hukugy bardy. Täze Konstitusiýada Gazagystanyň prezidenti her 5 ýyldan saýlanmalydy hem-de ýurduň 35 ýaşa ýeten we 65 ýaşdan geçmedik isledik graždanini saýlanmaga hakly diýilýärdi. Ol dokumente laýyklykda prezidentlik möhleti diňe iki gezek diýlip kesgitlendi. Şeýle hem ýurduň prezidenti wezipesindäki resmi syýasy partiýalaryň işinden çekilmelidi. Bu kanunyň ählisine soňlugy bilen düzediş girizildi.

Kanun proýektinde wise-prezident öz saýlanan möhletiň dowamynda wezipesini saklaýar diýilse-de, Konstitusiýa kabul edilenden 5 aý soň, Nazarbaýew bilen birlikde wise-prezidentlige saýlanan Erik Asanbaýew Germaniýa ilçi edilip iberildi.

Täze proýektde bolan 95 madda (häzir Konstitusiýada 98 madda bar – Red.) oppozisiýa wekilleri tarapyndan tankyt edilse-de, hökümetdäkiler onuň öwgä mynasypdygyny aýtdylar. 1995-nji ýylyň 31-nji awgustynda Nazarbaýew Konstitusiýany kabul eden ähliumumy referendumyň jemleri barada metbugat-konferensiýasyny geçirende: «Gazagystanda ilkinji gezek halkyň geljegi öz eline geçdi» diýdi.

“Täze Konstitusiýa sowet sud sistemasynyň hem prokuratura düzgüniniň taryhyny tamamlaýar. Biziň kazylarymyz, aklawçylar hem prokurorlar Ýewropa biçüwindäki mantiýa geýerler hem bazar ideologiýasyna we demokratiýa laýyk gelýän täze kazyýet düzgünleri esasynda işlärler” diýip, Nazarbaýew öz sözünde belledi.

Ekspertiň pikiri

Zaureş Battalowa, senatyň öňki deputaty, “Gazagystanda parlamentarizmi ösdürmek” Fondunyň prezidenti:

Zaureş Battalowa.
Zaureş Battalowa.

– 1995-nji ýylyň Konstitusiýasy ýurtdaky hökümet gurluşyny düýpgöter üýtgetdi.Geçen ýyllaryň görkezişi ýaly, şol täze Konstitusiýa awtoritar dolandyryşa alyp barýan ýol eken. Täze Konstitusiýa laýyklykda, prezident hökümetiň ähli ugurlarynda ýolbaşçylyk roly eline aldy. Parlament kanun çykaryjy ugur bolansoň, deputatlar kanuny öz inisiatiwasy boýunça kabul etseler-de, kanuny gerek ugrunda ulanmak üçin, owaly hökümetden razylyk almalydy. Eger hökümet ylalaşmasa, kanuny çykarmagyň manysy ýok. Prezidentiň sud sistemasyny özgertmek baradaky wadasy hem ýerine ýetmedi. Sudýalary prezidentiň özi belledi, göräýmäge olarda özbaşdak karar çykarmaga ygtyýar bar ýaly, ýöne hakykat ýüzünde kazylara ýokardaky sudýalar täsir etdiler. 1995-nji ýylyň Konstitusiýasy diňe bir adama garaşsyzlyk berdi – prezident näme islese, şony hem etmäge hakly boldy – diýip, ekspert aýdýar.

1995-nji ýylda Konstitusiýanyň proýekti maslahatlaşylýan döwürde döwlet gazeti bolan«Егемен Казахстан»: «Nazarbaýewden diktatoryň alamatlaryny gözleýänler goh-galmagal döredýärler»diýip ýazdy.Nazarbaýew bolsa basym Gazagystanyň halk assambleýasynyň«teklibi»bilen öz prezidentlik möhletini 2000-nji ýylyň 1-nji dekabryna çenli uzaltdy.

DÜZEDIŞIŇ BÄŞ ETAPY

Parlament Konstitusiýanyň64 maddasyna degişli bäş gezek üýtgetme girizdi. 1998-nji ýylda baş kanuna 19 düzediş girizildi. 2007-nji ýylda – 41 düzediş, 2011-nji ýylda 1 düzediş, 2017-nji ýylda – 31, 2019-njy ýylda hem 1, jemi 93 düzediş girizilip, olaryň aglaba köprägi prezidentlik häkimiýetine degişli boldy. Adam hukuklaryna degişli maddalar özgermän galdy.

1998-nji ýylda prezidenti bäş ýyldan däl-de, eýsem ýedi ýyldan saýlamak baradaky düzediş girizildi. Prezidentlige kandidatlaryň ýaşy 35 bolmaly diýlen düzgün 40 ýaşa çykaryldy we «65 ýaşdan geçmeli däl» diýlen düzgün asla aýryldy. Bu Nazarbaýewe 65 ýaşdan soňra-da prezidentlige saýlanmaga ýol açdy.

Şeýle hem «saýlawçylaryň ses bermäge gatnaşygy 50%-den geçse saýlaw kanuny hasaplanýar»diýlen düzgün ýatyryldy. Şondan soň ses bermäge gatnaşanlaryň sanyna garamazdan, saýlaw kanuny hasap edildi, ýagny saýlawy boýkot etmäge mümkinçilik galmady.

2003-nji ýyldaky Konstitusiýa gününde Nursoltan Nazarbaýew indi Gazagystanyň Konstitusiýasyna hiç hili düzedişiň girizilmejekdigini aýtdy.

Gazagystanyň Konstitusiýasynyň istallýasiýasynyň ýanynda duran hormat garawuly. Astana. 2014-nji ýylyň awgusty.
Gazagystanyň Konstitusiýasynyň istallýasiýasynyň ýanynda duran hormat garawuly. Astana. 2014-nji ýylyň awgusty.

Başky döwürde Gazagystanyň parlamentinde oppozisiýa deputaty bolan Serikbolsyn Abdildin öz pikirini mälim edip: “Konstitusiýa bir adamyň bähbitlerini goramak üçin ýazylan, ol adamyň ady Nursoltan Nazarbaýew. Häkimiýeti deňeçer alyp barmak, şeýle-de ykdysadyýeti we halky dolandyrmak üçin, Konstitusiýany üýtgetmek gerek” diýip talap etdi.

2005-nji ýylyň prezidentlik saýlawlarynyň öň ýanynda,«Adalatly Gazagystan üçin» diýen jemgyýetçilik hereketi täze Konstitusiýanyň proýektini teklip etdi. Ol kanun proýektine laýyklykda bir adamyň diňe bir gezek prezident bolup bilmegi hem-de prezidentiň garyndaşlarynyň ýokary wezipeleri eýelemäge hakynyň ýokdugy öňe sürüldi. Ýöne proýekt entek çaphanadan çykmanka gadagan edildi.

«BIRINJI PREZIDENTE DEGIŞLI DÄL»

2007-nji ýylyň maý aýynda parlamentiň bilelikdäki maslahatynda 17 minutyň dowamynda Konstitusiýa täze düzediş girizildi. Şol düzedişe laýyklykda, prezident öňki ýedi ýyla derek, bäş ýyldan saýlanmaly edildi. Mundan daşary-da, prezidentlige Gazagystanda azyndan «on bäş ýyl ýaşan» diýen söz «soňky on bäş ýylda» diýlip üýtgedildi. Bilermenler muny soňky ýyllarda daşary ýurtlara gitmäge mejbur bolan oppozisiýadaky syýasatçylaryň prezidentlige dalaş etmezligi üçin edilendigini bellediler.

Konstitusiýadaky bir adamyň yzly-yzyna iki möhletden artyk saýlanmaga haky bolmaly däl diýlen çäklendirmä hem kadadan çykma girizilip: «Ol Gazagystan Respublikasynyň Birinji Prezidentine degişli däl» edildi.

Mejlisiň deputatlarynyň sany 107 adama çenli artdyrylyp, olardan 9 deputat Gazagystanyň halk assambleýasynda saýlanmaly edildi.

Ýene üç ýyl geçenden soň parlament agzalary Konstitusiýa nobatdaky düzedişi girizmegi teklip etdiler. Bu gezekde olar Nursoltan Nazarbaýewe «milletiň lideri»diýen dereje berdiler hem soňlugy bilen Konstitusiýa«Gazagystan Respublikasynyň Birinji prezidenti – Elbasy»diýen kanuny girizdiler. Şol kanuna laýyklykda Nazarbaýewiň prezidentligi möhletinde ony hem maşgala agzalaryny sud jogapkärçiligine çekilmeli däl edildi.

2017-nji ýylyň ýanwarynda Nursoltan Nazarbaýewdöwlet häkimiýetindäki wezipeleri bölüşmek baradaky inisiatiwa bilen çykyş etdi. Parlament oňa iki günüň dowamynda garap, täze düzgün kabul etdi. Konstitusiýada hökümet döwlet ýolbaşçysyna we käbir ýagdaýda parlamentiň mejlisine jogap berýär diýlip ýazylan bolsa, soňa ol «Hökümet (...) ähli öz işinde Respublikanyň Prezidentiniň hem Parlamentiň öňünde jogapkärlidir» diýlip özgerdildi. Şeýlelikde, Konstitusiýanyň 91-nji maddasy özgerdilip, «elbasa» ýüzlenmek hem onuň derejesini berkitmek nazarda tutuldy, şeýle hem onuň derejesi üýtgewsiz bolmaly edildi.

2019-njy ýylyň martynda Nursoltan Nazarbaýew prezidentlik wezipesinden çekilip, ony özüniň ynamdar egindeşi Kasym-Žomart Tokaýewe tabşyrdy.Munuň yz ýany Tokaýew paýtagt Astanany Nur-Sultan atlandyrmaly diýdi. Bu jemgyýetde uly tolgunma döretdi. Parlamentde ol teklibe täze prezidentiň aýdany däl-de, hamana hökümetiň inisiatiwasy hökmünde garaldy, sebäbi Gazagystan Respublikasynyň prezidenti wezipesini ýerine ýetirýän adamyň Konstitusiýa üýtgeşme girizmäge haky bolmaly däl. Nähili-de bolsa, halkyň närazylygyna garamazdan, Astana Nur-Sultan diýilip atlandyryldy.

Material AÝ/AR-nyň Gazak gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

XS
SM
MD
LG