Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen banklary studentleriň okuw töleglerini öz wagtynda geçirmeýär


"Daýhanbank" döwlet täjirçilik bankynyň Aşgabatdaky edarasy. Arhiwden alnan surat
"Daýhanbank" döwlet täjirçilik bankynyň Aşgabatdaky edarasy. Arhiwden alnan surat

Türkmenistanyň banklary daşary ýurtlarda okaýan türkmen studentleriniň okuw töleglerini ýokary okuw jaýlarynyň (ÝOJ) bank hasaplaryna öz wagtynda geçirip bermeýärler. Bu barada ene-atalaryň ençemesi Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysyna gürrüň berdi.

"Awgustyň 20-si töweregi türkmen banklary, şol sanda "Daýhanbankyň" Daşoguzdaky şahamçasy daşary ýurtlarda okaýan türkmen studentleriniň okuw töleglerini kabul edip başlady. Biz şonda Russiýada okaýan çagalarymyzyň okuw we umumy ýaşaýyş jaý töleglerini türkmen bankyna töledik. Ýöne aradan üç hepde gowrak wagtyň geçendigine garamazdan, şol maliýe serişdesi daşary ýurtlaryň ÝOJ-laryna geçirilmeýär. Mundan öň bu bank amaly birnäçe iş gününiň dowamynda berjaý edilýärdi" diýip, 14-nji sentýabrda daşoguzly ene-atalaryň biri gizlinlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyz azyndan 12 sany daşoguzly ene-atanyň bu ýagdaýy başdan geçirýändigini aýdyp, "Daýhanbankyň" hiç hili düşündiriş bermeýändigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Şuňa meňzeş ýagdaýy aşgabatly ene-atalaryň ençemesi hem başdan geçirýär. Daşoguzdaky ýagdaýdan tapawutlylykda, "Daýhanbankyň" Aşgabatdaky edarasynyň işgärleri ene-atalaryň tabşyran maliýe serişdesiniň heniz daşary ýurtlaryň ÝOJ-larynyň bank hasaplaryna geçirilmändigini tassyklapdyrlar.

"Bank işgärleri "Häzirlikçe pul ýok, puluň haçan boljagy hem belli däl. Haçan pul bolsa, şonda tabşyran okuw tölegleriňizi daşary döwletleriň ÝOJ-laryna ibereris" diýdiler" diýip, aşgabatly ene-atalaryň biri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Ene-atalar okuw tölegleri öz wagtynda daşary ýurtlaryň ÝOJ-laryna geçirilmese, çagalaryna okuwdan çykarylmak howpunyň abanýandygyny aýdyp, häzirki wagtda çykgynsyz ýagdaýdadyklaryny belleýärler.

Azatlyk Radiosynyň bu barada "Daýhanbank" döwlet täjirçilik bankyndan we ýurduň Merkezi bankyndan goşmaça maglumat almak boýunça eden synanyşyklary netije bermedi.

2016-njy ýylyň ýanwarynda Türkmenistanda walýutanyň resmi söwdasy ýatyrylandan soň, ýurtda dollaryň iki - resmi we "gara bazar" - nyrhy emele geldi. Merkezi bank dollaryň resmi kursyny 3,5 manat möçberinde saklap gelýän wagty, onuň "gara bazardaky" bahasy 25 manada çenli gymmatlady.

Ýurtda dollaryň resmi söwdasy gadagan edileni bäri türkmen banklary çagalary daşary ýurtlarda okaýan raýatlara käbir konwertasiýa ýeňilliklerini hödürleýärler. Muňa laýyklykda, ene-atalar çagalarynyň daşary ýurt ÝOJ-laryndaky okuw töleglerini milli manatda türkmen banklaryna tabşyrýarlar. Türkmen banklary bolsa, bu pul serişdesini resmi kurs esasynda dollara çalşyp, ony daşary ýurt ÝOJ-laryna iberip berýärler.

Türkmenistanda indi üç ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, türkmen häkimiýetleri ilatyň pul ibermek düzgünlerini yzygiderli çäklendirip gelýärler.

Azatlyk Radiosy geçen aýyň başyndan türkmen banklarynyň daşary döwletlerde okaýan çagalaryna pul iberjek ene-atalardan beýleki resminamalar bilen bir hatarda, daşary ýurt ÝOJ-larynyň beren resminamasyna Türkmenistanyň degişli ilçihanasynyň resmi möhürini basdyrmagy talap edýändigini habar berdi.

Ýöne Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy bilen habarlaşan Russiýadaky we Belarusdaky türkmen studentleri Moskwadaky hem-de Minskdäki türkmen ilçihanalarynyň resminamalaryna möhür goýdurmak üçin baran ýurt raýatlaryny kabul etmeýändigini habar berdiler.

Olaryň Türkmenistandaky ene-atalary bolsa, bu mesele boýunça özlerini ne türkmen DIM-niň, ne-de Merkezi bankyň kabul edýändigini aýtdylar.

Şondan üç hepde çemesi soň, has takygy 20-nji awgustda Azatlygyň habarçysy bilen Daşoguz welaýatyndan habarlaşan ene-atalaryň birnäçesi Merkezi bankyň ýerli bölüminiň studentleriň okuw töleglerini ilçihananyň möhüri bolmazdan ibermäge rugsat berip başlandygyny habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG