Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze çäklendirmeden soň, studentlere pul iberjek ene-atalary ne türkmen DIM-i, ne-de Merkezi bank kabul edýär


 Türkmenistan. Mekdebiň öňünde çagalaryna garaşýan ene-atalar. Aşgabat. 2013-nji ýylyň 4-nji Sentýabry
Türkmenistan. Mekdebiň öňünde çagalaryna garaşýan ene-atalar. Aşgabat. 2013-nji ýylyň 4-nji Sentýabry

Türkmenistanyň banklary daşary ýurtlarda okaýan türkmen studentleriniň okuw töleglerini ibermek düzgünlerine täze çäklendirme girizenden soň, ene-atalaryň çagalaryna pul ibermek bilen bagly kynçylyklary saklanyp galýar.

Bu barada daşary ýurtlarda okaýan studentleriň we olaryň Türkmenistanda ýaşaýan ene-atalarynyň ençemesi Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň birine gürrüň berdi.

"Çagalarynyň okuw we umumy ýaşaýyş jaý tölegleri üçin pul iberip bilmeýän aşgabatly ene-atalary ne ýurduň Daşary işler ministrligi, ne-de Merkezi banky kabul edýär. Geçen hepdeden bäri ene-atalaryň onlarçasy käte toparlanyşyp, käte ýekebara bu edaralara gatnaýar. Ýöne olary içeri salmaýarlar, arzlaryny diňlemeýärler" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 21-nji awgustda gürrüň berdi.

Ýatlatsak, 14-nji awgustda Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň banklarynyň daşary ýurtlarda okaýan çagalaryna pul iberjek ene-atalardan degişli ýokary okuw jaýynyň (ÝOJ) beren resminamasyna türkmen ilçihanasynyň resmi möhürini basdyrmagy hem talap edýändigini habar berdi.

Ýöne Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy bilen habarlaşan Russiýadaky we Belarusdaky studentler Moskwadaky hem-de Minskdäki türkmen ilçihanalarynyň resminamalaryna möhür goýdurmak üçin baran ýurt raýatlaryny kabul etmeýändigini habar berdiler.

Şol bir wagtda, manady resmi kurs boýunça dollara çalşyp, walýutany daşary ýurt ÝOJ-laryna iberip berýän "Senagat", "Türkmenbaşy" we "Türkmen-türk" ýaly banklar bolsa, ene-atalara türkmen ilçihanasynyň möhüri bolmasa, çagalarynyň täze okuw ýyly üçin tölegleriniň geçirilmejekdigini tekrarlaýarlar.

"Ene-atalar banklaryň möhür talap edýändigini, ýöne ilçihanalaryň möhüri basmakdan ýüz öwürýändigini aýdyp Merkezi banka baranda, olaryň esasy gapydan girmegine-de rugsat berilmeýär. Bu ýerdäki işgärler "başlyk M.O. Annadurdiýewe" hat ýazmagy teklip edýärler, käte-de sentýabr aýyna çenli garaşyň diýýärler" diýip, habarçy ene-atalara salgylanyp aýtdy.

Ene-atalar daşary ýurtlardaky ÝOJ-laryň köpüsinde täze okuw ýyly üçin soňky töleg möhletiniň 1-nji sentýabr diýlip kesgitlenendigine ünsi çekip, çagalarynyň okuwdan çykarylmagyndan alada edýändiklerini aýdýarlar.

Bu aralykda, Azatlygyň habarçysy bilen Daşoguz welaýatyndan habarlaşan ene-atalaryň birnäçesiniň aýtmagyna görä, Merkezi bankyň ýerli bölümi studentleriň okuw töleglerini ilçihananyň möhüri bolmazdan ibermek barada rugsatnama berlendigini mälim edipdir.

"20-nji awgustda irden 20-den gowrak adam Merkezi bankyň ýerli bölümine bardy. Olara bu meseläniň Merkezi bankyň baş edarasynda entek düzgünleşdirilmändigini aýtdylar. Soňra ene-atalar şäher prokuraturasyna bardy. Bu ýerde olara "bu meseläni Merkezi bank bilen Daşary işler ministrligi özarasynda çözüp bilmeýär" diýdiler. Şol güni giçlik ene-atalar Merkezi bankyň ýerli bölümine gaýtadan bardylar. Şonda olara ilçihananyň möhüri bolmazdan studentlere pul geçirmek üçin Merkezi Bankyň Aşgabatdaky baş edarasyndan rugsat alandyklaryny aýtdylar" diýip, habarçy daşoguzly ene-atalara salgylanyp aýtdy.

Şol bir wagtda-da, ol 21-nji awgustda öýläne çenli ýerli banklar arkaly daşary ýurtlardaky çagalarynyň okuw töleglerini iberip bilen ene-atalaryň häzirlikçe ýokdugyny hem sözüniň üstüne goşdy.

"Ene-atalar günüň ikinji ýarymynda ýa-da öňümizdäki hepde pul iberip bolar diýip umyt edýärler" diýip, habarçy belledi.

Azatlyk Radiosynyň ýokarda aýdylanlar barada ýurduň Daşary işler ministrliginden, Merkezi bankyndan we onuň Daşoguzdaky bölüminden kommentariý almak boýunça eden yzygiderli synanyşyklary häzirlikçe netije bermeýar.

2016-njy ýylyň ýanwarynda Türkmenistanda walýutanyň resmi söwdasy ýatyrylandan soň, ýurtda dollaryň iki - resmi we "gara bazar" - nyrhy emele geldi. Merkezi bank dollaryň resmi kursyny 3,5 manat möçberinde saklap gelýän wagty, onuň "gara bazardaky" bahasy 25 manada ýetdi.

Ýurtda dollaryň resmi söwdasy gadagan edileni bäri ene-atalar daşary ýurtlarda okaýan çagalaryna dollaryň resmi kursynda diňe türkmen banklary ýa-da Western Union pul ibermek hyzmatlary arkaly çäkli möçberde pul iberip, olaryň okuw töleglerini töläp bilýärler.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, türkmen häkimiýetleri ilatyň pul ibermek düzgünlerini yzygiderli çäklendirip gelýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG